alma___
28.03.2024 17:57
Bir dananyñ ýanyna adamlar gelip, odynçynyñ we ýùkçiniñ arasyndakt dawany çòzip bermegi haýyş edipdirler.Ýùkçi uzyn deşli adam bolyp,adamlaryñ ýùkini nirà diýse çekip berip, iýjek çòregini gazanypdyr.Ol odynçynyñ berk dañylan bir arka odyny gòterip ýadanlygyny gòrip.
-Eger isleseñ odynyñy gòterip bereýin diýip -teklip edipdir.
-Wah şeýtsene- diýip odynçy derini syryp durşyna jogap beripdir.
- Onyñ ùçin maña name berersiñ.- diýip yùkçi bir dañy odyny arkasyna alypdyr.
- Hiç zat - diýip odynçy odynyny yzyna almaga hàzirlenipdir.
- Bolýa -diýip ýùkçi baş atyp ,odynçynyñ odynyny òýùne eltip beripdir. Şol ýerde-de.
- Aýdan bahañy ber - diýipdir.
- Saña başda aýtdyma, mende tòlàre zadym ýok diýip.
- O nàhili , tòlàre zadym ýok.Hiç zat diýip pañladyña. Getir şony bàri- diýip ýùkçi içyakgyçlygyny edipdir.
- Ine şeýdip bular dawalaşýarlar.- diýip adamlar dana bolan wakany dùşùndiripdirler..
-Biri ,,Hiç zat ber diýip talap edýàr ,birem aglaýjak aglaýjak bolýar.

- Şondan ýeñil zat ýok- diýip dana jogap beripdir.-Ýòriñ odynçynyñ òýune gideliñ..
Geldiler dana içeri girdi soñra ýùkçini ,odynçyny we àhli şaýatlar içeri çagyrdy.Soñra halynyñ ùstùndàki ýassygy gòterip, ýùkçiden sorady,
- Seret ýassygyñ aşagynda nàme bar.
- Hiç zat -diýip ýùkçi aljyrap jogap beripdir.
- Hà, ine ol nirede eken. Bol al ony al seniñ hakyñ şol - diýip dawany adalatly çòzipdir.
25
61
ATOMIC
28 Mart 2024
👍❤️
Arslan_Alaýew
28 Mart 2024
😀😀😀
ideallider
28 Mart 2024
Haý oňarmandyr Ýükçi. Ondana bir "Köşekli-düýe" alan bolsa gowy bolardy👍
mokono
28 Mart 2024
Haý maşennik dana )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.