alma___
06.08.2024 09:42
Bagyşla Eje

Arassa geýdirip, saçymy darap,
Ýola cyksam, galdyń yzymdan garap,
Aladalam bilen señ halyň harap,
Agaran saçlaryň sebäbi boldum.

" Näme iýjek " diýip sözüme uýan,
Özüniñ paýyny tabagma guýan,
Gaty nana bokurdagyny gyýan,
Dökülen dişleriñ sebäbi boldym

Ýùksiz bolsun diyip balalañ egni,
Özün üçin ýaşamanyña dogry.
Aslynda men senin ömrüñe ogry,
Sowulan ýaşlygyñ sebäbi boldum.

Çagalary doýurmagy alada,
Çykarmagyñ, öýermegin alada,
Bagyşla ejemjan meni ýene-de,
Tükenmez işlerin sebäbi boldum,

Sanazar Hydyrow
12
24
alma___
05.08.2024 18:53
Men bilmedim kime gùlùp bakmaly.
Kalbyñfaky derdiñ kime dökmeli.
Kim başarar, dymyp hasrat çekmegi.
Jan diýeniñ-janyñ ýaksa nädersiñ.
12
21
alma___
04.08.2024 08:31
Ömür uzap, ölüm ýolyn baglasa.
Adam bir biriniñ göwnin awlasa.
Has-da görklenerdi owadan dünýä.
Ynsan diñe begenjinden aglasa.
13
28
alma___
03.08.2024 23:05
Ene ata ùçùn iñ uly sowgat
adraýyny dökmejek ogly we ene atasynyñ ýüzüni ýere salmajak gyzynyñ bolmagydyr.
13
36
alma___
02.08.2024 23:23
Atany ynjytma,il içinde hor bolarsyñ .
Ejeñi ynjytma bir bölek nana zar bolarsyñ.
14
26
alma___
31.07.2024 15:10
Ýygna,üýşür,gazan isle
gez sowup,
Gymmadyndan al
geý,ýokmasyn sowuk.
Köşkde ýaşasaňam beg
ogly bolup,
Ýedi depim ýere siňip
gidersiň.

Soňkysyndan al sür,adam
ogly mes,
Gulagňada ilmez ownuk-
uşak ses.
Munda süreňde-de
soňky mersedes,
Agaç at tabyda münüp
gidersiň.

Gazananyň galar,geýeniň
galar,
Bezeneniň galar,iýeniň
galar.
Soňky pursat senden
algysyn alar,
Munda ýönekeý san
bolup gidersiň.

Göwher Şyhberdiýewa
12
24
alma___
30.07.2024 21:17
Kimler aglap ýaşaýar.
Kimler dynman işleýär.
Kimler ,,Eje" isleýär.
Kimler ony harlaýar.
Kimlerdir nana zar.
Kimler ony syzmaýar.
Kimler şuny okaýar.
Kimler biperwaý bolýar.
Durmuş şeýle dostlarym.
Hiç kim õlmän galmaýar
13
37
alma___
09.07.2024 21:19
Hekaýa 1

Türkmenabat
Aşgabat ýolagçy
otlusynyn ugramagyna az salym galdy.
Gülälek otla zordan diýen ýaly ýetişdi.
OI ýolbelede petegini görkezip, otla
gireninden son, arkaýyn oturmak üçin,
goşlaryny ýerleşdirdi. Küpedeşlerinin
ikisi onun özi ýaly ýaşlardy. Diňe dördünjileri ýaşy durguşan aýaldy. Onuń
gözleri ýylgyryp durandy, mylaýymdy.
Gyzlara ilkinji bolup, onuñ özi tanyşlyk berdi:
Adym Ajap.
Salam, daýza, men
Gülälek diýip, öz gezeginde Gülälek hem dillendi.
Salam, gyzym diýip, Ajap
eje Baýramaly şypahanasyna bejergi
almaga barýanlygyny gürrün bermäge
başlady. Ol şypahanada Günüň şöhlesi bilen bejerýämişler diýip eşitdim.
Menem saglygyma seretdireyin diýdim.
Özümem Balkandan gelýärin.
Soňra gürrüñe
gyzlar goşuldylar.
Olar Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynda okaýan ekenler.
Tanyslykdan son, küpänin içine dymyşlyk aralaşdy. Bu ümsümligi duýdansyz
gapyny kakan ýolbelet bozdy: -Salawmaleykim, gelýärsinizmi sag-aman, gerek zadynyz barmy? Eger- gerek zadyħyz bolsa, duýduraýyň! diyip, ol gapyny ýuwaşlyk bilen ýene
ýapyp gitdi. Ýöne onuň özi gitse-de,
- gyzlaryn birinde nazary galdy. Ol gyzyň ady Bägüldi.
Bägül yokary okuw mekdebinin talybydy. Ol okuwda özüniň edep-ekramy,
asyllylygy, ýiti zehini bilen köpleriň
içinden saýlanmagy başardy. Bu gün
hem ol tomusky synaglaryndan oňat
bahalar bilen geçip. öylerine gaýdypdy.
Ol ýolbelet ýigidin özüni synlanyny
duýdy. Ýolbelet gapyny ýapyp gideninden soň, içini gepletdi: «Bu ýigit
meni kimdir birine meňzedäýdimikä?
Näme üçin beýle seretdikä?» diýip, öz
ýanyndan oýa çümdi.
Ajap eje gyzlar bilen henek aýdysyp,
küpänin içini ala-ýaz edip barýardy.
Birden Ajap ejänin el telefonyna jań
geldi. Jan eden onuň ogly Myratdy:
- Salawmaleýkim eje, gowumy
ýagdaylarynyz, sag-aman barýańyzmy?
Agtyklaram, gelnem gowy, ganymat oturandyrys.
-Myrat jan, gurgunçylykmydyr?
Gelne, agtyklara salam aýt, «Ýagdaylary gowy, sag-aman barýar» diý,
oglum!
Ýolbelet ýigidiň gapyny kakmagy onuň sözüni böldi.
Daýza, gelyärsiňizmi sag-aman?
Çaýyňyz barmy, gerek zadyňyz bolsa aýdaýyň!
Bor, oglum, arkaýyn boluber.,
gerek zadymyz bolsa, hökman habar ederis.
Ýolbelet ýigidin bar ünsi Bägüldedi.
Ol oturyp-turup, karar tapmady.
Aýnadan daşaryny synlap durka-da,
Bägülün keşbi onun göz önünde janlandy. Ol süýji hyýallara gitdi. Hyyalynda
Bägül bilen duşuşmagy, bagtly durmuş
gurmagy arzuw etdi. Birdenem ol çala
Cvbsvlda başyny öwürdi. Pikirleriniň
hersi bir ýere pytrady. Oña tarap ýöräp
gelyän Bägüldi. Ýolbelet aljyrap, näme
etjegini bilmän sakawlady:
Neme, neme, ol hawa, şol neme-dä. Wiý, «Gerek zadyňyz barmy?>»
diýjekdim.
Bägül başyny galdyrman, onun deninden ýöräp geçip gitdi.
- Neme, a gyz, biraz aýak çekäýiň-dä!
Gyz saklandy.
A gyz, men size bir zat aýdaýjakdym, eger mümkin bolsa.
Aydyberin.
-A gyz, neme, nädip aýtjagymam
bilemok-da. Men sizi gowy gördüm.
Eger mümkin bolsa, telefon belgiñizi beräyin.
Gyz utandy. Ýanaklary alma ýaly gyzardy, sesini çykarmady. Ýene öz
küpesine girip gitdi. Şondan soń Bägülün gözüne uky gelmedi. Kellesinde
ýolbelet ýigidiň diýen sözleri aýlandy durdy.
Ýolbelet yigit oturyp-turup, karar tapanokdy. Otly her duralgada duranda,
birden şol gyz düşüp gidäý jek ýaly bolup durdy. Zol-zol olaryň gapylaryna seredyärdi.
Otly Mara geldi. Ýolbelet olaryň gapysyny kakdy.
Daýza, Mary şäherine ýetendiris, ýene-de az salymdan Baýramaly
şäherine ýetýäris. Şony habar bereyin
, diýdim. Goşlaryňyzy özüm göterip bererin. Siz azara galmaň diýip,
Bägüle seretdi. Bagyşlaň, siziňem
goşlaryňyzy göterişerin.
Bägül ýüzüni yerden galdyrman:
-Azar edinmäň, goşlarym agyr däl - diýdi. Ýolbelet gapyny ýapyp
çykyp gitdi. Otly yöräp barşyna,
Baýramaly şäherine golaýlaberende,
ýolbelet yigit Ajap ejänin goşlaryny
göterişmek üçin geldi.

dowamy bar.
13
96
alma___
08.07.2024 12:39

HEKAÝAT


Nowşirwan Adyl weziri Buzurgmährden: «Adam üçin iň gymmatly

zat näme?» diýip sorapdyr. Ol: «Akyl ""diyip, jogap beripdir. Yene: <«Ol bolmasa, näme?» diýip sorapdyr. Ol: «Edep

hem ahlak» diýipdir. «Ol hem bolmasa,

näme?» diýip, ýene sorapdyr. Çünki baýlyk bilen ýagşylyk edip, her dürli taýpalaryň arasynda-da asuda ýa-

samak mümkin» diýipdir. Şonda: «gyny gaýtalapdyr. Bzurgmähr: «Dymyp

oturmagy adat edinmek. Haçan-da adam

dymyp oturan wagty, onuň aýyplary açylmaýar hem-de özgeleriň teýeneli

sözlerini we töhmetlerini eșitmeýär>

diýipdir. Ahyrda:

  1. ýyldyrym urup, ýanyp, ölüp, pytrap gideni gowy. Sebäbi aýdylan gowulyklaryň hiç biri-de onda bolmasa, onda ol adamyň ýaşanyndan ýaşamadygy ýagsy»
    diýip, sözüni jemläpdir.
7
48
alma___
07.07.2024 18:37
HEKAÝAT

Nowşirwan Adyl zamanynda bir adam gonşusynyň howlusyny satyn alypdyr. Günlerde bir gün satyn alan
ýerini bejerip yörkä, şol ýerde gögerip
oturan daragtyň ýanyndan bir hum hazyna tapypdyr. Ol adam howlyny satan
adamyn ýanyna baryp, humy onuń
öñünde goýupdyr-da:
-Satan howlyndaky bir daragtyn ýanyndan, ine, şu hazynaly humy tapdym. Ony men şol ýere eltip goý-
madym. Ony sen goýan bolsaň gerek.
Şonun üçin ol seniňki bolmaly, ine, al! diýipdir.
Howly satan adam:
- Ýok, alyp bil jek däl. Sebäbi howlydaky ýeri, hemme baglary, umuman,
şol yerdäki ähli zatlary saña satdym.
Şonuň üçin indi hazyna hem seniňki bolýar diýip, jogap beripdir.
Olar uzak wagtlap jedelleşip, ahyry
Nowşirwan Adylyn ýanyna barypdyrlar. Ol bolan wakany soraşdyryp, anygyna ýetenden soň, jedelleşip gelen
iki adama ýüzlenip, şeýle diýipdir:
Siziñ perzentleriňiz barmy?
Olar:
Bar - diýip, jogap beripdirler.
Aydyşlaryna görä, olaryň biriniň ogly, ikinjisinin bolsa gyzy bar ekeni.
Nowşirwan Adyl:
- Olar ýaly bolsa, onda siz guda-garyndaş bolun! Hazynany bolsa giýew bilen
gelne sowgat edip berin! - diýipdir.
10
55