alma___
09.07.2024 21:19
Hekaýa 1

Türkmenabat
Aşgabat ýolagçy
otlusynyn ugramagyna az salym galdy.
Gülälek otla zordan diýen ýaly ýetişdi.
OI ýolbelede petegini görkezip, otla
gireninden son, arkaýyn oturmak üçin,
goşlaryny ýerleşdirdi. Küpedeşlerinin
ikisi onun özi ýaly ýaşlardy. Diňe dördünjileri ýaşy durguşan aýaldy. Onuń
gözleri ýylgyryp durandy, mylaýymdy.
Gyzlara ilkinji bolup, onuñ özi tanyşlyk berdi:
Adym Ajap.
Salam, daýza, men
Gülälek diýip, öz gezeginde Gülälek hem dillendi.
Salam, gyzym diýip, Ajap
eje Baýramaly şypahanasyna bejergi
almaga barýanlygyny gürrün bermäge
başlady. Ol şypahanada Günüň şöhlesi bilen bejerýämişler diýip eşitdim.
Menem saglygyma seretdireyin diýdim.
Özümem Balkandan gelýärin.
Soňra gürrüñe
gyzlar goşuldylar.
Olar Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynda okaýan ekenler.
Tanyslykdan son, küpänin içine dymyşlyk aralaşdy. Bu ümsümligi duýdansyz
gapyny kakan ýolbelet bozdy: -Salawmaleykim, gelýärsinizmi sag-aman, gerek zadynyz barmy? Eger- gerek zadyħyz bolsa, duýduraýyň! diyip, ol gapyny ýuwaşlyk bilen ýene
ýapyp gitdi. Ýöne onuň özi gitse-de,
- gyzlaryn birinde nazary galdy. Ol gyzyň ady Bägüldi.
Bägül yokary okuw mekdebinin talybydy. Ol okuwda özüniň edep-ekramy,
asyllylygy, ýiti zehini bilen köpleriň
içinden saýlanmagy başardy. Bu gün
hem ol tomusky synaglaryndan oňat
bahalar bilen geçip. öylerine gaýdypdy.
Ol ýolbelet ýigidin özüni synlanyny
duýdy. Ýolbelet gapyny ýapyp gideninden soň, içini gepletdi: «Bu ýigit
meni kimdir birine meňzedäýdimikä?
Näme üçin beýle seretdikä?» diýip, öz
ýanyndan oýa çümdi.
Ajap eje gyzlar bilen henek aýdysyp,
küpänin içini ala-ýaz edip barýardy.
Birden Ajap ejänin el telefonyna jań
geldi. Jan eden onuň ogly Myratdy:
- Salawmaleýkim eje, gowumy
ýagdaylarynyz, sag-aman barýańyzmy?
Agtyklaram, gelnem gowy, ganymat oturandyrys.
-Myrat jan, gurgunçylykmydyr?
Gelne, agtyklara salam aýt, «Ýagdaylary gowy, sag-aman barýar» diý,
oglum!
Ýolbelet ýigidiň gapyny kakmagy onuň sözüni böldi.
Daýza, gelyärsiňizmi sag-aman?
Çaýyňyz barmy, gerek zadyňyz bolsa aýdaýyň!
Bor, oglum, arkaýyn boluber.,
gerek zadymyz bolsa, hökman habar ederis.
Ýolbelet ýigidin bar ünsi Bägüldedi.
Ol oturyp-turup, karar tapmady.
Aýnadan daşaryny synlap durka-da,
Bägülün keşbi onun göz önünde janlandy. Ol süýji hyýallara gitdi. Hyyalynda
Bägül bilen duşuşmagy, bagtly durmuş
gurmagy arzuw etdi. Birdenem ol çala
Cvbsvlda başyny öwürdi. Pikirleriniň
hersi bir ýere pytrady. Oña tarap ýöräp
gelyän Bägüldi. Ýolbelet aljyrap, näme
etjegini bilmän sakawlady:
Neme, neme, ol hawa, şol neme-dä. Wiý, «Gerek zadyňyz barmy?>»
diýjekdim.
Bägül başyny galdyrman, onun deninden ýöräp geçip gitdi.
- Neme, a gyz, biraz aýak çekäýiň-dä!
Gyz saklandy.
A gyz, men size bir zat aýdaýjakdym, eger mümkin bolsa.
Aydyberin.
-A gyz, neme, nädip aýtjagymam
bilemok-da. Men sizi gowy gördüm.
Eger mümkin bolsa, telefon belgiñizi beräyin.
Gyz utandy. Ýanaklary alma ýaly gyzardy, sesini çykarmady. Ýene öz
küpesine girip gitdi. Şondan soń Bägülün gözüne uky gelmedi. Kellesinde
ýolbelet ýigidiň diýen sözleri aýlandy durdy.
Ýolbelet yigit oturyp-turup, karar tapanokdy. Otly her duralgada duranda,
birden şol gyz düşüp gidäý jek ýaly bolup durdy. Zol-zol olaryň gapylaryna seredyärdi.
Otly Mara geldi. Ýolbelet olaryň gapysyny kakdy.
Daýza, Mary şäherine ýetendiris, ýene-de az salymdan Baýramaly
şäherine ýetýäris. Şony habar bereyin
, diýdim. Goşlaryňyzy özüm göterip bererin. Siz azara galmaň diýip,
Bägüle seretdi. Bagyşlaň, siziňem
goşlaryňyzy göterişerin.
Bägül ýüzüni yerden galdyrman:
-Azar edinmäň, goşlarym agyr däl - diýdi. Ýolbelet gapyny ýapyp
çykyp gitdi. Otly yöräp barşyna,
Baýramaly şäherine golaýlaberende,
ýolbelet yigit Ajap ejänin goşlaryny
göterişmek üçin geldi.

dowamy bar.
13
91
ggaa
9 Iýul 2024
Yzy xacxan goyulya
ulun
9 Iýul 2024
Gyzykly hekaya ekeni
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.