Bagyşla Eje
Arassa geýdirip, saçymy darap,
Ýola cyksam, galdyń yzymdan garap,
Aladalam bilen señ halyň harap,
Agaran saçlaryň sebäbi boldum.
" Näme iýjek " diýip sözüme uýan,
Özüniñ paýyny tabagma guýan,
Gaty nana bokurdagyny gyýan,
Dökülen dişleriñ sebäbi boldym
Ýùksiz bolsun diyip balalañ egni,
Özün üçin ýaşamanyña dogry.
Aslynda men senin ömrüñe ogry,
Sowulan ýaşlygyñ sebäbi boldum.
Çagalary doýurmagy alada,
Çykarmagyñ, öýermegin alada,
Bagyşla ejemjan meni ýene-de,
Tükenmez işlerin sebäbi boldum,
Sanazar Hydyrow