alma___
07.07.2024 18:37
HEKAÝAT

Nowşirwan Adyl zamanynda bir adam gonşusynyň howlusyny satyn alypdyr. Günlerde bir gün satyn alan
ýerini bejerip yörkä, şol ýerde gögerip
oturan daragtyň ýanyndan bir hum hazyna tapypdyr. Ol adam howlyny satan
adamyn ýanyna baryp, humy onuń
öñünde goýupdyr-da:
-Satan howlyndaky bir daragtyn ýanyndan, ine, şu hazynaly humy tapdym. Ony men şol ýere eltip goý-
madym. Ony sen goýan bolsaň gerek.
Şonun üçin ol seniňki bolmaly, ine, al! diýipdir.
Howly satan adam:
- Ýok, alyp bil jek däl. Sebäbi howlydaky ýeri, hemme baglary, umuman,
şol yerdäki ähli zatlary saña satdym.
Şonuň üçin indi hazyna hem seniňki bolýar diýip, jogap beripdir.
Olar uzak wagtlap jedelleşip, ahyry
Nowşirwan Adylyn ýanyna barypdyrlar. Ol bolan wakany soraşdyryp, anygyna ýetenden soň, jedelleşip gelen
iki adama ýüzlenip, şeýle diýipdir:
Siziñ perzentleriňiz barmy?
Olar:
Bar - diýip, jogap beripdirler.
Aydyşlaryna görä, olaryň biriniň ogly, ikinjisinin bolsa gyzy bar ekeni.
Nowşirwan Adyl:
- Olar ýaly bolsa, onda siz guda-garyndaş bolun! Hazynany bolsa giýew bilen
gelne sowgat edip berin! - diýipdir.
10
52
ulun
7 Iýul 2024
Dowamy barmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.