aky__
24.11.2022 06:46
Men uçmak islämok, guş dek asmana,
Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär.
Isleg ýok özümi Gökden asmaga,
Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär.

Meni ýaratdylar, ýalkadylar hem,
Garyn dok, hiç kimden iýdirmedi kem,
Alma! Ömür görsün atamdyr-enem,
Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär.

Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse,
Barmaly menzilin, ýalñyşman ýetse.
Duşmanlara güýjüm ejizlik etse,
Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär.

Gözüm dikilmesin özgäñ malyna,
Itler uwlasa-da garyp halyma...
Hallalykdan haýrym ýetip ilime,
Rysgalymy çeýnäp ýaşasym gelýär.

Togtamazdan barýar ömür kerweni,
Söýgi, duýgy bilen aýlap serleri.
Alladan dilegim bize berleni,
Yşk odunda gaýnap ýaşasym gelýär.

Durmuş oýun edýär adamzat bilen,
Kä-te aýagyñdan çiler bat bilen.
Bu islegim başa barmanam biler,
Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär
14
56
aky__
22.11.2022 07:46
Perwaz uruşarlar perzent daşynda,
Ak arzuwlar, oýlar gezer başynda.
Jigerbendi ynjap gaşyn çytanda,
Beden agyrsy deý syzar eneler.

Ogul öýlendirer, çykarar gyzy,
Hyzmatlardan aryp epilmez dyza.
Deňi-duşlaryndan hatarlap yzy,
Toýlardan toýlara gezer eneler,
Gollary saçakly gezer eneler.

Gyzyna guwanar, ogluny söýer,
Agtygyny götär, ýatyrar, ýuwar.
Kä halat gelini göwnüne deger,
Ogul raýy üçin dözer eneler.

Ýigrenerler namartlygy, zorlugy,
Wesýet eder öz hakyňa jürlügi,
«Söýüp saklaň!» diýip, agzybirligi,
Mydam nusga bolup gezer eneler
12
38
aky__
aky__
18.11.2022 07:42
ÇALYŞMAN Keç ykbaly aýdym bilen bezedim, Güller bilen arzuwlarmyň mazaryn. Ulus-ile ýuwaş sesde aýtdym, Nesibede ýok zatlaryň azaryn. Söýdüm öz jepakeş, ýuwaş halkymy, Halkyň söýgüsinem küýsedim