aky__
24.11.2022 06:46
Men uçmak islämok, guş dek asmana,
Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär.
Isleg ýok özümi Gökden asmaga,
Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär.

Meni ýaratdylar, ýalkadylar hem,
Garyn dok, hiç kimden iýdirmedi kem,
Alma! Ömür görsün atamdyr-enem,
Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär.

Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse,
Barmaly menzilin, ýalñyşman ýetse.
Duşmanlara güýjüm ejizlik etse,
Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär.

Gözüm dikilmesin özgäñ malyna,
Itler uwlasa-da garyp halyma...
Hallalykdan haýrym ýetip ilime,
Rysgalymy çeýnäp ýaşasym gelýär.

Togtamazdan barýar ömür kerweni,
Söýgi, duýgy bilen aýlap serleri.
Alladan dilegim bize berleni,
Yşk odunda gaýnap ýaşasym gelýär.

Durmuş oýun edýär adamzat bilen,
Kä-te aýagyñdan çiler bat bilen.
Bu islegim başa barmanam biler,
Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär
14
56
Aýdymçyoglan
2 Dekabr 2022
Aky söwen bolma sen kime gerek
Olka
24 Noýabr 2022
Gaty gowy gosgy ml😊
lalahan
24 Noýabr 2022
Gaty gowy berekella
Aýgül🥰
24 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.