aky__
18.11.2022 07:42
ÇALYŞMAN

Keç ykbaly aýdym bilen bezedim,
Güller bilen arzuwlarmyň mazaryn.
Ulus-ile ýuwaş sesde aýtdym,
Nesibede ýok zatlaryň azaryn.

Söýdüm öz jepakeş, ýuwaş halkymy,
Halkyň söýgüsinem küýsedim örän.
/Bu gowgaly hem mähriban dünýede,
Biziň hemmämizem söýgüden dörän/.

Söýdüm diňe ezýetine gyýylyp,
Boldum, mydam jepasynyň şärigi.
Şeýle yhlas bilen akylly heleý
Söýýändir öz infarktly ärini.

Düşünmedi garny ýogyn nadanlar
Uly söýgä ykbalymy gatanma.
Barybir, men öz-özüme aýtdym,
Ştatlara çalyşmaryn Watanmy
12
46
Gu₩anc💡
5 Dekabr 2022
Aky nadip surat goyyan posta
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.