aky__
22.11.2022 07:46
Perwaz uruşarlar perzent daşynda,
Ak arzuwlar, oýlar gezer başynda.
Jigerbendi ynjap gaşyn çytanda,
Beden agyrsy deý syzar eneler.

Ogul öýlendirer, çykarar gyzy,
Hyzmatlardan aryp epilmez dyza.
Deňi-duşlaryndan hatarlap yzy,
Toýlardan toýlara gezer eneler,
Gollary saçakly gezer eneler.

Gyzyna guwanar, ogluny söýer,
Agtygyny götär, ýatyrar, ýuwar.
Kä halat gelini göwnüne deger,
Ogul raýy üçin dözer eneler.

Ýigrenerler namartlygy, zorlugy,
Wesýet eder öz hakyňa jürlügi,
«Söýüp saklaň!» diýip, agzybirligi,
Mydam nusga bolup gezer eneler
12
38
Aýdymçyoglan
2 Dekabr 2022
🎄👍👍👍👍⭐👍👍⭐👍👍👍👍🎄
BaLaJyK02
23 Noýabr 2022
esiden gorene habar berer
atakulyyewa_humay
22 Noýabr 2022
👍👏👍👏👍👏🐨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.