aicha
08.01.2024 11:30
Göwnüme degerdiñ pursatyn tapsañ
Men bolsa gynanar ýörerdim onsoñ
Özümden gözlärdim müñ dürli kemi
Ýöne seni ýazgarmany bilmezdim.

Ogryn-ogryn synlap gözleriñ gypyp
Bilýäñmi özüñe aşyk edeniñi
Soñam başga gyzlañ elinden tutup
Geçen bolduñ aýnamyzyñ öñünden.

Oýun etdiñ dämi duýgulam bilen
Görkezerin asyl oýnuñ oýnalyşyn
Saýraber gyzlara gülümjan diýip
Görersiñ bir meñ gelniñ bolşumy.

Ejeñ sorap geldi señ üçin meni
Sen bolsa bihabar aýlanyp ýörsüñ
Razy diýdim inni göreli hany
Gözüñde ot ýakyp gelniñ bolşumy.

Toý sähedin alyp başagaý hemme
Senem inni ylgap ýörsüñ yzymdan
Öñki söýenleñem toýumuz güni
Görsünler bir maña gelnim diýşiñi.

Awtory: Лунамир
12
72
aicha
09.11.2023 19:16

Çagalyk eşretiniñ bilmän gadyryn

Ulalmagy arzuw ederdim mydam

Çagalygym bolup galdy geçmişim

Meni çagalygyma alyp git eje.


Her gün artýar gaýgy alada ýüküm

Götererden agyr gelýär gerdenme

Ýalanlañ içinde men ýitip barýan

Meni çagalygyma alyp git eje.


Bagyşlardyñ eden her bir ýalñyşym

Ýöne durmuş maña ýowuz darady

Kiçijik ýalñyşmyñ çekýän jezasyn

Meni çagalygyma alyp git eje.


Gorkamok gaçamok kyn günlerimden

Gaçýan gorkýan seniñ ýok günleriñden

Takdyry bilsedim eje üýtgedip

Meni çagalygyma alyp git eje.


Sadadan mylaýym süýji sözlüdiñ

Özgelerem siz deý biri saýypdym

Ýalñyzlyga terk etdiler kyn günde

Meni çagalygyma alyp git eje.


Joram bardy ejem şeýle bir kändi

Inni ýeke galdym eje suratyñ bilen

Unuduldym ýa:t birine öwrüldim

Meni çagalygyma alyp git eje.


Kyblamdan-da has ýakynym käbäm sen

Öt günämi ber gözýaşlañ jezasyn

Ömrümiñ manysy akýar sil bolup

Meni çagalygyma alyp git eje.


Söýgi diýýän duýga aldanan göwnüm

Gözüm ondan başga hiç zat görmedi

Söýgim ýalanlara gark etdi meni

Meni çagalygyma alyp git eje.


Dünýäde ýalansyz söýýän sen eken

Aýdyp bilmen dertlem ynjydyp sizi

Soñkyja dilegim bilsedi hasyl

Meni çagalygyma alyp git eje.


Içime salýaryn ýas tutup kalpda

Hiç kime syrymy bilemok açyp

Geçmişde gelmejek geljegim galdy

Meni çagalygyma alyp git eje.


Wagt geçýär sabyrlaram tükenýär

Özümi ýok ýaly duýýan dünýede

Öz halyma aglap düzemok bu gün

Meni çagalygyma alyp git eje...

19
50
aicha
04.11.2023 08:40

Bu gün şeýle agyr geçdi meñ üçin

Täsin goşgy meni oýa batyrdy

Ýogsa öñler hiç göwnüme almazdym

Seniñ ýoklugyñy boýnuma alyp.


Bu gün goşgy okalanda sen hakda

Bokurdagym dolup gözüm ýaşardy

Goşgynyñ her sözi ok ýaly bolup

Çümdi gursagyma ýürek ýaryldy.


Aglamadym duýulmasyn duýgulam

Içimde gopsada harasat tupan

Bilinmesin meniñ ilki gözýaşyma

Sebäp bolanyna bu günki goşgyñ.


Goşgyny okaýan buýsanyp şonda

Her setirin ýañlandyrdy otogda

Deñ-duşlarym gaýşaryldy barlygyna

Egnim gysdym mende onuñ ýoklugyna.


"Arkaýyn bol her haçanam sen ogul

Törüñde dag ýaly kakañ otyrka"

Şu goşgudy kemsindiren ömrümde

Kakamyñ törümde bolmanlygyna.



Awtory: Лунамир.

25
39
aicha
03.11.2023 07:39

Dogrusy garaşdym men şeýle güne

Seniñ maña söýgi bilen bakaryña

Ýöne gijä galdy söýgi duýgulañ

Ne üçin bakdyñ bu gün maña ýylgyryp?


Wagtynda ýetdirmän alysda gezdiñ

Indi söýjek bolup azara galma

Bilemok sebäbin maksadyñ nedir

Ne üçin bakdyñ bu gün maña ýylgyryp?


Menden özgelere paýlanan söýgiñ

Tapylgysyz boldy bir meniñ üçin

Saña bagt diläp unudan günlem

Ne üçin bakdyñ bu gün maña ýylgyryp?


Agdar-düñder edip duýgulam gozgap

Öñki ýeriñ gözlediñmi kalbymdan

Bileñden soñ durmuş toýun gurjagym

Ne üçin bakdyñ bu gün maña ýylgyryp?



Awtory: Лунамир.

21
34
aicha
02.11.2023 08:02

Tötändenem bolsa ýadyña düşsem

Salam ýollamagyn ýagdaýmy sorap

Az salymlyk meni ýada salanyñy

Ýatlamaly etme her gün ýylgyryp.


Ýolda gabat gelseñ saklama meni

Geç-de git säginme bakma-da maña

Seniñ bir pursatlyk sözlejek sözleñ

Eglemesin unudyp barýan duýgulam.


Ýat inni sen biz indi däl bil tanyş

Dilegim duşmaly hiç bir menzilde

Men sensiz sen mensiz bagtly bolaly

Hoş gal indi ýatda galan nätanyş...


Awtory: Лунамир.

16
43
aicha
02.10.2023 18:01

Ýüzüm gülýär göräýmäge bagtdan

Ýürek bolsa bagtsyzlykdan aglaýar

Göräýmäge ýönekeýräk arzuwlar

Elýetmejek bulutlar deý belentde...



Awtory: Лунамир

16
45