Bu gün şeýle agyr geçdi meñ üçin
Täsin goşgy meni oýa batyrdy
Ýogsa öñler hiç göwnüme almazdym
Seniñ ýoklugyñy boýnuma alyp.
Bu gün goşgy okalanda sen hakda
Bokurdagym dolup gözüm ýaşardy
Goşgynyñ her sözi ok ýaly bolup
Çümdi gursagyma ýürek ýaryldy.
Aglamadym duýulmasyn duýgulam
Içimde gopsada harasat tupan
Bilinmesin meniñ ilki gözýaşyma
Sebäp bolanyna bu günki goşgyñ.
Goşgyny okaýan buýsanyp şonda
Her setirin ýañlandyrdy otogda
Deñ-duşlarym gaýşaryldy barlygyna
Egnim gysdym mende onuñ ýoklugyna.
"Arkaýyn bol her haçanam sen ogul
Törüñde dag ýaly kakañ otyrka"
Şu goşgudy kemsindiren ömrümde
Kakamyñ törümde bolmanlygyna.
Awtory: Лунамир.