aicha
09.11.2023 19:16

Çagalyk eşretiniñ bilmän gadyryn

Ulalmagy arzuw ederdim mydam

Çagalygym bolup galdy geçmişim

Meni çagalygyma alyp git eje.


Her gün artýar gaýgy alada ýüküm

Götererden agyr gelýär gerdenme

Ýalanlañ içinde men ýitip barýan

Meni çagalygyma alyp git eje.


Bagyşlardyñ eden her bir ýalñyşym

Ýöne durmuş maña ýowuz darady

Kiçijik ýalñyşmyñ çekýän jezasyn

Meni çagalygyma alyp git eje.


Gorkamok gaçamok kyn günlerimden

Gaçýan gorkýan seniñ ýok günleriñden

Takdyry bilsedim eje üýtgedip

Meni çagalygyma alyp git eje.


Sadadan mylaýym süýji sözlüdiñ

Özgelerem siz deý biri saýypdym

Ýalñyzlyga terk etdiler kyn günde

Meni çagalygyma alyp git eje.


Joram bardy ejem şeýle bir kändi

Inni ýeke galdym eje suratyñ bilen

Unuduldym ýa:t birine öwrüldim

Meni çagalygyma alyp git eje.


Kyblamdan-da has ýakynym käbäm sen

Öt günämi ber gözýaşlañ jezasyn

Ömrümiñ manysy akýar sil bolup

Meni çagalygyma alyp git eje.


Söýgi diýýän duýga aldanan göwnüm

Gözüm ondan başga hiç zat görmedi

Söýgim ýalanlara gark etdi meni

Meni çagalygyma alyp git eje.


Dünýäde ýalansyz söýýän sen eken

Aýdyp bilmen dertlem ynjydyp sizi

Soñkyja dilegim bilsedi hasyl

Meni çagalygyma alyp git eje.


Içime salýaryn ýas tutup kalpda

Hiç kime syrymy bilemok açyp

Geçmişde gelmejek geljegim galdy

Meni çagalygyma alyp git eje.


Wagt geçýär sabyrlaram tükenýär

Özümi ýok ýaly duýýan dünýede

Öz halyma aglap düzemok bu gün

Meni çagalygyma alyp git eje...

19
50
gurbanowa
9 Noýabr 2023
Her gün artýar gaýgy alada ýüküm😞
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.