Göwnüme degerdiñ pursatyn tapsañ
Men bolsa gynanar ýörerdim onsoñ
Özümden gözlärdim müñ dürli kemi
Ýöne seni ýazgarmany bilmezdim.
Ogryn-ogryn synlap gözleriñ gypyp
Bilýäñmi özüñe aşyk edeniñi
Soñam başga gyzlañ elinden tutup
Geçen bolduñ aýnamyzyñ öñünden.
Oýun etdiñ dämi duýgulam bilen
Görkezerin asyl oýnuñ oýnalyşyn
Saýraber gyzlara gülümjan diýip
Görersiñ bir meñ gelniñ bolşumy.
Ejeñ sorap geldi señ üçin meni
Sen bolsa bihabar aýlanyp ýörsüñ
Razy diýdim inni göreli hany
Gözüñde ot ýakyp gelniñ bolşumy.
Toý sähedin alyp başagaý hemme
Senem inni ylgap ýörsüñ yzymdan
Öñki söýenleñem toýumuz güni
Görsünler bir maña gelnim diýşiñi.
Awtory: Лунамир