ahgg
16.08.2024 22:39
Duşmak bagtymyzda yok eken biziň
Başga bir näzenin ýar boldy maňa 
Belki, sen häzirem ýeke ýalňyzsyň 
Goşa görünmäge utanýan saňa

Ýyllar ýüzde goýdy ýakymsyz yzyn 
Gözlerim üýtgemän galypdyr diňe 
Belki, sen henizem owadan gyzsyň
Goja gorünmäge utanýan saňa

Italmaz Akmyradow
13
19
ahgg
08.06.2024 10:40
Dünýede her kimiň öz gylygy bar,

Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.

Edep-sypaýçylyk adamy bezär,

Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.


Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm

Gödekligem meni kowlap ýörmedi.

Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,

Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.


Sypaýy diýlenler bolýar her hili

Juda sypaýylar daşym aldylar.

Duýman durka, kastlary bar ýaly,

Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.


Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.

Sypaýçylyk bilen adym tutdular.

Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.

Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.


Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,

Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.

Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —

Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.


Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi

Göriplik hem juda-juda küteklik

Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni

Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?


Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,

Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.

Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,

Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.


Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan

Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.

Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,

Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!


G.Ezizow.
12
37
ahgg
26.05.2024 17:47
Gözlerimden duýmadyňmy söýgümi,
Ýa-da bilmediňmi harplaryn sepläp?!
Günä mende, ýeri, neçün öňüňde
Ýalbarmadym şo gün owadan gepläp.

Sözlerim sünnäläp «Söýäý» diýmedim,
Gorkdum, birden seni aldaryn öýdüp.
Söýgi çuň bolanda beýan etmek kyn,
Ýöntem duýgulary bolýandyr aýdyp.

Owadan sözlere ýesir düşeňde
Duýup galdym bagtsyz bolup doglanym.
Gel, gör, yşkdan terkidünýä bolanny,
Seni söýýän diýmän, söýen oglanyň.
27
65
ahgg
20.01.2024 22:50
İlkinji poeman ak dany atyp.
Yazdym kan oturyp kate-de yatyp.
Bulary yatlamak belki sogapdyr.
Yazgyly poemama soygi sebapdir

Bir gun gabat geldi colde bir oglan
92-nji yylyn yaz ayy doglan
Cay basynda bile gurrundes bolduk
Az wagtlyk yurek syryny bildim

Keypi yok şatlyk gacan yuzunden
Bir horluk cekenin anyp sozunden
Diydim name etmisin name aladan
Keypin yok gaygyly salykla yuzun

Diydi men aytsam batarsyn gayga
Durmusda dus geldim wepaly soyga
Diydi sonun ucin batyaryn gayga
Durmusda cyn soygi beyiklen beyiga

Syrymyn sebabin gizlap nadeyin
Dinlesen baryny basdan aydayyn
Diydi oz obamda bir sada gyzyn
Oluncam cekmane kayyldym nazin

Yone ol gyz soyman oda yakardy
Gorse gahar bilen yere bakardy
Kateler it yaly yuzume darap
Sowse acylyp edebini halap

Gorap ursupdym namysyn-aryn
Seydip eyelendim yureginin torun
Ahyry bir gun yekerak yerde
Elinden tutamda dusupdim derde

Şeytdi-de aram duzeldi gitdi
Eden arzuwlar maksada yetdi
Soñ-soñlar olam meni seyle bir soydi
Senden ayra dushsem olerin diydi

Basardym bagryma ayly gijeler
Dususyk giyjeler soygi guyc alar
Bir gun dususanymyzy gorup kakasy
Maslahat edipdir öýüñ bikesi


Ejesi diyipdir aytman gyzyma
Bamysyn gowy yer
Yekeje ogly bar gelni olupdir
Ozem okuwly baslyk bolupdyr

Gyzymyz bilse diyenimiz etmez
Dayzasy alsa gatnawam yitmez
Ertir telefonda habar edeyin
Aytman akidin diyip aydayyn

Bir gije Balkandan dayzasy gelip
Komek bahanalap alyp gidipdir
Yetmakaler kurte atyp basyna
Yuklap men soygumi gelin masyna

Balkanyn gumuna baryp yetipdir
Seydip bagt gusum durmus toyun tutupdyr
Satypdyr gyzyny menzedip dula
Bagtyny calysyp mal bilen pula

Ylayyk 45 gun diyilende oyume bardym
Oyumizde soygulimin jorasyn gordum
Aglap iki eli bilen yuzuni tutdy
Su haty elime berdide gitdi


Hatyn basynda seyle diyipdir
Salam bagt gusum nokat goyupdyr
İn sonky salam hatym ezizim
Ayra dusenimizi bilman henizem

Belki gezip yoren bolsan sadyyan
Bagysla gam laya batan bolsan nadeyin
Hatda yazypdyr wakan baryny
Ah cekip aglapdyr cekip zaryny

Ejem kakam sebap yatyrdy bagtym
Yykyldy gul acan soygi daragtym
Men senden hic wagt cekemok arman
Yrza bol hoslashsak yuzuni gorman

Sen mana bagt gusum men seni soyyan
İn sonky demimde sana jan diyyan
Saylap secip algyn almakcy bolsan
Sebabi men bagtym sen bagtyn bolsun

Adyny uytgedip men adym goygun
Mydama dine adyny tutup jan diygin
İne men su sozlem kabul eylegin
Basarsan bir yyldan toyun toylagyn


Su giden zatlary wesyet edisdirip
Hos gal bagt gusum diyip baky yitipdir....

awtoryny bilemok bilseňiz ýazaýyň
26
37
ahgg
23.11.2023 03:31
Haçanda bagyşlap bolmajak ýadaýynda näçe gezek sizi bagyşlanlaryny ýatla.

terjime öz bilşime görä kemçilikleri bardyr terjimä ökde däl.
29
85
ahgg
13.09.2023 18:59

Ýaşaýan ýerimizde jenneti döretmesek gaçan her ýerimiz jähennemdir.




terjime sözme söz edip bilemok öz bilenjämden etdim

28
90
ahgg
10.09.2023 10:13

BAR BOLAN ZAT


Bardy-geldi aýra düşse ykballar,

Şo zaman kyýamat gopar öýderdim. Sen-ä atsyz-sowsuz asmana uçup, Meni-de gara ýer hopar öýderdim.


Emma seretsene, hiç zat bolmady,

Günler dogdy-ýaşdy öňkisi ýäly.

Hemişeki ýaly ýagyşlar ýagyp,

Guşlar hem saýraşdy öňküsi ýaly.


Öňküsi dek akyp ýatyr derýalar,

Daglar dymyp otyr – seri hyýally.

Bar zat öňki: hiç zat bolmadyk deýin,

Sen-ä – ärli boldyň,

Menem – aýally.


Durmuş dowam edýär öňküsi ýaly,

Pasyllaň yzyndan çalşyp dur pasyl.

Sen söýüş, durmuş gur ýa-da aýra düş,

Ol öňa äwjegem bolanok asyl.


Bar zat öňki: kem zadym ýok durmuşda,

Elbetde, seniňem kem zadyň ýokdur.

Sebäp bize gundagdaky çagajyk

Biri-birimizden eziziräkdir.


Bar zat öňki,

Bir bolan zat

o günler

Herimize goýupdyr öz tagmasyn

Dökülipdir seň sypalan saçlaryň,

Meň öpen ýerlerme düşüpdir gasyn



T.Sаdykow

20
220
ahgg
25.06.2023 00:18

GÜNLER GEÇIP BARÝAR


Şu gün saňa telwas etdim ýene men,

Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi.

Azary ýetikdir gaýyn eneňem,

Belli däl, pahyryň haçan öljegi.


Öňden belli zadyň gyzygam bolmaz,

Söýmezdim-le beýle boljagyn bilsem.

Ýöne, hasaplabam söýüp bolanok

Ýa-da söýgüde-de barmyka tilsim?


Akyl satýan akylsyzlar köpelip,

Ýaşyň on sekize ýeten mahaly.

Söýgi aýp zatdyr obada diýip,

Guratdylar göze ilen nahaly.


Indi-indi şo günleri ýatlasam,

Özümi ýazgarýan ilki bilen men.

Men batyr ekenim beýnisi ýuka —

Durmuşyň al salýan tilkilerinden.


Käte seni sorap, barasym gelýär,

Ýöne, uýat bolar, saňa gep geler.

Arzuwlary ýuwaş-ýuwaş könelip,

Günler geçip barýar, geçýär hepdeler.


Gowy bolsun çagalaryň görjegi,

Ýetişýär gyzlarmyz, ogullarymyz.

Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,

Söýgiň ýok ýerinde doglumagymyz.


Çary Ýegenmyradow.

30
49