ahgg
08.06.2024 10:40
Dünýede her kimiň öz gylygy bar,

Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.

Edep-sypaýçylyk adamy bezär,

Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.


Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm

Gödekligem meni kowlap ýörmedi.

Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,

Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.


Sypaýy diýlenler bolýar her hili

Juda sypaýylar daşym aldylar.

Duýman durka, kastlary bar ýaly,

Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.


Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.

Sypaýçylyk bilen adym tutdular.

Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.

Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.


Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,

Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.

Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —

Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.


Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi

Göriplik hem juda-juda küteklik

Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni

Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?


Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,

Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.

Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,

Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.


Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan

Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.

Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,

Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!


G.Ezizow.
12
37
flowers_
9 Iýun 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.