ahgg
26.05.2024 17:47
Gözlerimden duýmadyňmy söýgümi,
Ýa-da bilmediňmi harplaryn sepläp?!
Günä mende, ýeri, neçün öňüňde
Ýalbarmadym şo gün owadan gepläp.

Sözlerim sünnäläp «Söýäý» diýmedim,
Gorkdum, birden seni aldaryn öýdüp.
Söýgi çuň bolanda beýan etmek kyn,
Ýöntem duýgulary bolýandyr aýdyp.

Owadan sözlere ýesir düşeňde
Duýup galdym bagtsyz bolup doglanym.
Gel, gör, yşkdan terkidünýä bolanny,
Seni söýýän diýmän, söýen oglanyň.
27
65
okyyjy
14 Oktýabr 2024
@manolya, dýdip bilmese nädip bildirmeli onda?
manolya
26 May 2024
Söýýän oglanyň söýgüsi çyn bolsa bolman diýibem bilmezemmikä diýýän ))
ahgg
26 May 2024
Tirkişmyrat Nurýagdyýew awtory ýazmak ýatdan çykypdyr.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.