BAR BOLAN ZAT
Bardy-geldi aýra düşse ykballar,
Şo zaman kyýamat gopar öýderdim. Sen-ä atsyz-sowsuz asmana uçup, Meni-de gara ýer hopar öýderdim.
Emma seretsene, hiç zat bolmady,
Günler dogdy-ýaşdy öňkisi ýäly.
Hemişeki ýaly ýagyşlar ýagyp,
Guşlar hem saýraşdy öňküsi ýaly.
Öňküsi dek akyp ýatyr derýalar,
Daglar dymyp otyr – seri hyýally.
Bar zat öňki: hiç zat bolmadyk deýin,
Sen-ä – ärli boldyň,
Menem – aýally.
Durmuş dowam edýär öňküsi ýaly,
Pasyllaň yzyndan çalşyp dur pasyl.
Sen söýüş, durmuş gur ýa-da aýra düş,
Ol öňa äwjegem bolanok asyl.
Bar zat öňki: kem zadym ýok durmuşda,
Elbetde, seniňem kem zadyň ýokdur.
Sebäp bize gundagdaky çagajyk
Biri-birimizden eziziräkdir.
Bar zat öňki,
Bir bolan zat
o günler
Herimize goýupdyr öz tagmasyn
Dökülipdir seň sypalan saçlaryň,
Meň öpen ýerlerme düşüpdir gasyn
T.Sаdykow