ag2026
11.05.2024 02:13
Peýdaly maslahatlary.


Mälim bolşy ýaly, sagdyn iýmitlenmek gysga wagtda öz miwesini berýär. Elbetde, adaty iýmitlenmegi derrew üýtgetmek aňsat düşmeýär. Şonuň üçin, ilkibaşda, birnäçe peýdaly endikleri ele almaga çalşyň. Öwrenişilen iýmitlenmäni birden üýtgetmek hiç kime-de ýaramaýar, şol sebäpden hem oňa ýuwaş-ýuwaşdan geçilse, has täsirli hem peýdaly bolar.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine geçmegiň peýdasy hem uly. Ine, görersiňiz, biraz wagt geçensoň, özüňizi duýşuňyz ep-esli gowulaşar, keýpiňiz ýokarlanar we töweregiňizdäki durmuş açyk reňkler bilen parlar.

Siz immun ulgamyňyzy güýçlendirmek we saglygyňyzy gowulandyrmak isleýärsiňizmi?! Biz siziň dykgatyňyza gündelik durmuşda ugur edinmeli peýdaly maslahatlary hödürleýäris.

1. Şekeri ulanmagy azaldyň
Şekeri sagdyn iýmit diýip hasaplamak bolmaz. Elbetde, şekerden doly ýüz öwürmelem däl. Emma beden üçin zerur hem dogry önümlere artykmaçlyk berilmeli. Bular, mysal üçin, süýji miwelerdir, olarda diňe şeker däl, bedene gerekli dürli witaminler hem köp.

Baýramçylykda hödürlenen bir bölek tort, elbetde, size zyýan etmez. Emma süýjüleri, şirin nanlary we beýleki aşa süýji zatlary unutmak has gowusydyr. Bu siziň çaýyňyza ýa-da kofäňize goşýan şekerdir gandyňyza hem degişlidir. Ony bal bilen çalyşsaňyz has ýaramly bolar.


2. Naharlanan mahalyňyz haýal iýmäge çalşyň
Azyndan 20 minutda ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharyny edinmegi düzgüne saljak boluň. Hut şu döwürde siziň bedeniňiz iýmiti özleşdirmäge ýetişýändigini unutmaň, şol wagtda-da aşgazan doýandygyny duýýar. Mundan başga-da, nahary haýal iýmek agramy durnuklaşdyrmaga we goşmaça kilogramlardan dynmaga kömek eder!


3. Gerek däl iýmitlerden ýüz öwrüň
Fast-fud, gazly suw, şokolad batonjyklary we beýleki önümler size hiç hili peýda getirmeýär. Şonuň üçin olardan, kyn hem bolsa, hemişelik ýüz öwürmeli.


4. Duzly iýmitlerden gaça duruň
Gynansak-da, häzirki zaman adamynyň iýmitinde saglyga ýaramaz täsir edýän duz artykmaç ulanylýar, bu bolsa gan basyşynyň ýokarlanmasynyň, şeýle-de dürli çişleriň döreme töwekgelçiliginiň sebäbidir. Alymlar iýmitdäki duzuň mukdaryny iň az derejä çenli azaltmagy maslahat berýärler.


5. Mümkin boldugyça köpräk pyýada ýöräň
Arassa howada gezelenç etmek horlanmaga we sagdyn bolmaga kömek eder. Ýaltanmaň we mümkinçilik boldugy, pyýada gezjek boluň.


6. Ukyny ýeterlik alyň
Günde 6 sagat ýa-da ondanam az uklaýan adamlaryň işde ünsi jemlemekde kynçylyk çekýändikleri şübhesizdir, olarda pikiriň dagynyklygy ýüze çykýar, üstesine-de, uka äsgermezlik edilmegi, köplenç, ýürek agyrylaryna we insultlara sebäp bolýar. Saglygy we gözelligi saklamak üçin adam azyndan 7 sagat uklamalydyr.


çeşmesi:salam news.
13
34
ag2026
10.05.2024 10:14
Birisi güýçlidi.
Birisi ejiz
Adamlar meňzeş bolup dogulmady heniz
Bir bar erbetdir, köpdür günäsi
Bir bar jennetdir içgi dünýäsi

Galmagaly söýýär ýene-de bir
Başga birine-de dymyşlyk gerek
Garaz adam adam bolaly bäri
Biri hemä gerek
Biri biderek
12
41
ag2026
09.05.2024 18:33
Her bir adamyň barmak yzlarynyň meňzeş bolmaýşy ýaly dil yzlary hem meňzeş däldir.
Kagyz pul – pikir edilişi ýaly kagyzdan däl-de pagtadan ýasalýar.
Ilkinji ýerasty geçelge (tunel) 1km uzynlygynda bolupdyr we mundan 4 müň ýyl öň Yrakda Fyrat deňziniň aşagyndan geçipdir.
Dünýäde 2000-e ýakyn millet we 3000-e ýakyn dil bar.
Angliýaly Tomas Korne 207 ýyl ýaşapdyr.
Üzüm mikrotolkun peçde atylýar.
Adamlar ýylda azyndan 1460 düýş görýärler.
Arybal hiç-haçan zaýalanmaýar
Bir kilogram limonda bir kilogram ýertudanasyndakydan köp şeker bar.
12
53
ag2026
08.05.2024 00:01
35 ýyl bäri dowam edip gelýän «Maýmynlar üçin» ýörite festiwal!

Taýlandyň Lopburi şäherinde takmynan 4 müňden gowrak maýmyn özleri üçin ýörite taýýarlanan bufetden lezzet aldy.

Taýlandly bir telekeçiniň ýolbaşçylygynda 2 tonna miwe we gök önümlerden ybarat iýmit syýahatçylaryň we ýerli ilatyň kömegi bilen maýmynlar üçin ýörite taýýarlandy. Iýmitlere hüjüm eden maýmynlar birnäçe wagtyň içinde ýörite taýýarlanan 2 tonna miwäni we gök önümleri iýdiler.

«Maýmynlaryň açyk bufet festiwaly» diýlip atlandyrylýan we 35 ýyldan bäri dowam edip gelýän bu däp syýahatçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Beýleki tarapdan, festiwal maýmynlaryň şäheriň syýahatçylygyna goşan goşandyna hormat hökmünde guraldy.

Belläp geçsek, bu festiwal 1989-njy ýyldan bäri noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Taýlandyň Lopburi şäherindäki gadymy ybadathananyň töwereginde 35 ýyl bäri geçirilip gelinýär.
10
94
ag2026
07.05.2024 01:10

Ýatkeşlik – psihikanyň iň möhüm wezipeleriniň biri. Ol tejribe toplamaga, geçmişe we şu güne geçmäge mümkinçilik berýär. Newrofiziologlaryň hasaplamalaryna görä, adam beýnisi 5-den 20 petabaýta çenli maglumaty ýatda saklamaga ukyplydyr. Bu göwrümi tutuş global tora deňeşdirip bolýar. Şeýle-de bolsa, köplenç telefony nirede goýandygymyzy ýa-da öýden çykanymyzda ütügi öçürendigimizi ýatdan çykaryp bilýäris. “Synergy” uniwersiteti, beýnimiziň işlemeginiň käbir syrlaryna düşünmäge kömek etjek bu ugurdaky ajaýyp ylmy gözlegleriň sanawyny taýýarladylar:


Ýat ätiýaçlygyny köpeldip bolar. Adamyň ýatkeşligi 25 ýaşa çenli ösmegini dowam edýär. Orta hasap bilen, mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesi 19–20 ýaş aralygynda ýüze çykýar we beýni 50 ýaşdan soň gowşap başlaýar.


Suratlar ýatdan has çalt çykýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary surata düşürilen zatlaryň ýatdan has çalt çykýandygyny subut etdiler. Hakykatdan hem, belli bir zady surata düşürenimizde beýnimiz surata düşýän zadymyza däl-de, surata düşürmek bilen bagly hereketlerde jemlenýär.


Ýaramaz ýatlamalar has çalt ýitýär. Ýatdan çykarmak – ýadyň esasy wezipeleriniň biridir. Gereksiz maglumatlary pozmaga we nerw ulgamyna çakdanaşa agram düşmeginden goramaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, beýni iň ýakymly we islenilýän pursatlary ýatda saklap, ýaramaz täsirleri has çalt ýatdan çykarýar.


Dürli iýmitlerdäki B, C, E witaminleri we ýag turşylyklary ýatkeşligi gowulandyrmaga ýardam berýär. Beýnide ýat tutmak prosesine jogapkär neýronlar bar. Sagdyn minerallara baý iýmit beýniniň gowy işlemegine we onuň ýatda saklamak ukybyna kömek edýär.


Günüň dowamynda gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmak täze maglumatlary ýatda saklamaga kömek edýär. Uzak wagtlap synaglara taýynlanýan bolsaňyz we köp mukdarda maglumatlary ýatda saklamak isleseňiz, hünärmenler gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmaga maslahat berýärler.


Ýatkeşlik arassa howada has gowy işleýär. Açyk meýdanda geçirilen bir sagat hatda ýady we ünsi 20 göterim ýokarlandyrýar.


Çepbekeýleriň ýady has gowy. Dünýä ilatynyň diňe 10 göterimi çepbekeýdir we alymlar adamlaryň bu az böleginiň maglumatlary saglakaýlar bilen deňeşdirilende has gowy ýatlaýandygyny subut etdiler.

21
144
ag2026
06.05.2024 09:17
Italiýanyň Parma şäheriniň uniwersitetiniň neýrobiologlary kelle beýnisinde daş – töwerekdäki adamlaryň emosional ýagdaýyny duýmaga kömek edýän aýna neýronlaryň bardygyna üns berdiler. Görlüp oturylsa, aýna neýronlar diňe bir başga adamlaryň şatlygyny ýa – da gaýgysyny açyk – aýdyň görmäne mümkinçilik bermän, eýsem özüň hem şeýle duýgulary başdan geçirmegiňe itergi berýän eken. Şoňa görä, adam kimdir biriniň ýylgyranyny görende özi hem ýylgyranyny duýman galýar. Munuň hut şeýledigine şwed alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesi hem güwä geçýär.

• Görlüp oturylsa ýylgyrmak gaşyňy çytmakdan aňsat eken. Adam ýüzüni gamaşdyryp, gaşyny çytanda bedende has köp güýç sarp edilýär.

• Adam ýylgyranda ýüz myşsalarynyň 5 – den 53 – e çenlisi şol bir wagtda herekete gelýär.

• El gysyşmak, gujaklaşmak, tagzym etmek, el çarpmak dürli ýurtlaryň däp – dessurlarynda birnäçe manyny eýe bolup durýar. Çyn ýürekden çykýan ýylgyryş bolsa bütin dünýäde ýekeje manyny – adamyň bagtlydygyny aňladýar.

• Aýallar erkeklere seredeniňde, gyzjagazlar oglanjyklara garanyňda köp ýylgyrýarlar.

• 19 hili ýylgyryş bar. Olar 2 sany uly topara bölünýär. Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş peýda bolanda ýüzüň iki tarapynda hem myşsalaryň köp sanlysy herekete gelýär. Adam ýöne sypaýyçylykly ýa – da ýalandan ýylgyranda hereketlenýän myşsalaryň sany azalýar.

• Ýylgyryş adamyň ömrüni uzaldýar. Amerikaly alymlaryň 10 ýyldan gowrak dowam eden barlagynyň netijesi muňa güwä geçýär. Olar ýylgyryp ýa – da çytylyp surata düşen türgenleriň ömrüniň dowamlylygyny öwrendiler. Görlüp oturylsa, ýylgyryp surata düşen oýunçylar 80 – den hem köp ýaşapdyr. Beýleki oýunçylaryň ömri olaryňka seredeniňde 10 ýyl töweregi gysga bolupdyr.

• Gaty gaharyňyz gelende hiç kime bildirmän, birnäçe gezek ýylgyryň. 1 minutlap dowam edýän ýylgyryş maşky, adamyň emosional ýagdaýyny gowulandyrýar.

• Kimdir biri bilen telefonda gürleşmek isleýärsiňizmi? Onda telefony eliňize alan dessiňize ýylgyryň. Gürrüňdeşiňiz bilen ýylgyryp gepleşiň. Munuň özi sesiňiz mylaýym, pessaý, ýakymly çykmagyna itergi berip, söhbetdeşiňizde hoşmeýillikli jogap täsirini döreder.

• Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş daş – töwerekdäki adamlarda dostlukly garaýyşlary döredýär. Kimdir birine ýaranmak üçin ýalandan ýylgyrýan adamlara hiç kim ynanmaýar.


intrnetde sahypalardan göçirlen
24
198
ag2026
05.05.2024 10:43
Internetde köp ulanyjylar doňduryjyda saklanan çöregiň has peýdalydygyny tassyklaýarlar. Alymlar doňdurylan çöregiň onuň iýmitlik häsiýetine nähili täsir edýändigini anyklamak üçin gözleg geçirdiler diýip, The Conversation neşiri ýazýar.
Doňduryjyda saklanan çörek ganda şekeriň we insuliniň köpelmeginiň öňüni alyp biler we uzak wagtyň dowamynda dürli metabolik bozulmalaryň, ýürek-damar keselleriniň, semizligiň we beýleki köp sanly keselleriň ötüşmek ähtimallygyny azaldyp biler.
Çörek bişirilende krahmal giňelýär we ýarym gaty gele öwrülýär, şondan soň ol bedende has aňsat siňýär we krahmaldaky glýukoza öýjüklere has elýeterli bolýar. Beýleki bir tarapdan, çörek sowadylanda, gele öwrülen krahmallar ýene-de gaty ýagdaýa geçýär. T.N. durnukly krahmallary iýmit siňdiriş fermentleri bilen eretmek kyn, öýjüklere bolsa onuň düzümindäki glýukozany almak kyn bolýar.
Geçirilen synaglar doňdurylan çöregiň glýukozanyň derejesini azyndan 25% azaldýandygyny görkezdi. Iň ýokary täsir (39% -e çenli) doňdurmak, eretmek we soňra çöregi gyzdyryp gyzartmak arkaly gazanyldy.
Çöregiň käbir görnüşleriniň, temperaturanyň üýtgemegine garamazdan, iýmitlik häsiýetlerini üýtgetmeýär diýen ýaly - gözlegçiler indi bu täsiri öwrenmegi meýilleşdirýärler.


çeşmesi tmcars
20
50
ag2026
04.05.2024 10:39
Üstünlige barýan kiçirak ýolar.
Işle 💻beýlekiler ýatan wagty💤
Oka📚beýlekiler gezen wagty 🍾🎉
Üşür 💵💰beýlekiler sowýan wagty 🏷🪙
Ýaşa 🕶🏖🌇beýlekileriň arzuw edişi ýaly
16
48
ag2026
26.04.2024 09:29
Öýlenen bir adam Allaha ýüzlenýär:,,Eý Allam näme üçin ähli gyzlar owadan hem näzik bolýarlar, emma aýalar beýle däl ,,.

Alladan jogap gelýär :,,Gyz maşgalany men ýaratdym ony saňa nesip etýänçä men seretýärin söýýärin we nurlandyrýaryn.
emma gelin edip alandan soň ony nähili boljagy seniň öziňe bagly.,,
25
103
ag2026
25.04.2024 21:25
Gülmek ömrüniň uzaltýar
30
371