ag2026
05.05.2024 10:43
Internetde köp ulanyjylar doňduryjyda saklanan çöregiň has peýdalydygyny tassyklaýarlar. Alymlar doňdurylan çöregiň onuň iýmitlik häsiýetine nähili täsir edýändigini anyklamak üçin gözleg geçirdiler diýip, The Conversation neşiri ýazýar.
Doňduryjyda saklanan çörek ganda şekeriň we insuliniň köpelmeginiň öňüni alyp biler we uzak wagtyň dowamynda dürli metabolik bozulmalaryň, ýürek-damar keselleriniň, semizligiň we beýleki köp sanly keselleriň ötüşmek ähtimallygyny azaldyp biler.
Çörek bişirilende krahmal giňelýär we ýarym gaty gele öwrülýär, şondan soň ol bedende has aňsat siňýär we krahmaldaky glýukoza öýjüklere has elýeterli bolýar. Beýleki bir tarapdan, çörek sowadylanda, gele öwrülen krahmallar ýene-de gaty ýagdaýa geçýär. T.N. durnukly krahmallary iýmit siňdiriş fermentleri bilen eretmek kyn, öýjüklere bolsa onuň düzümindäki glýukozany almak kyn bolýar.
Geçirilen synaglar doňdurylan çöregiň glýukozanyň derejesini azyndan 25% azaldýandygyny görkezdi. Iň ýokary täsir (39% -e çenli) doňdurmak, eretmek we soňra çöregi gyzdyryp gyzartmak arkaly gazanyldy.
Çöregiň käbir görnüşleriniň, temperaturanyň üýtgemegine garamazdan, iýmitlik häsiýetlerini üýtgetmeýär diýen ýaly - gözlegçiler indi bu täsiri öwrenmegi meýilleşdirýärler.


çeşmesi tmcars
20
50
alma___
5 May 2024
Men doñdyryjyda goýýan zyýanlymyka diýip gorkyp ýordùm
awgust
5 May 2024
Diymek peydaly eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.