ag2026
11.05.2024 02:13
Peýdaly maslahatlary.


Mälim bolşy ýaly, sagdyn iýmitlenmek gysga wagtda öz miwesini berýär. Elbetde, adaty iýmitlenmegi derrew üýtgetmek aňsat düşmeýär. Şonuň üçin, ilkibaşda, birnäçe peýdaly endikleri ele almaga çalşyň. Öwrenişilen iýmitlenmäni birden üýtgetmek hiç kime-de ýaramaýar, şol sebäpden hem oňa ýuwaş-ýuwaşdan geçilse, has täsirli hem peýdaly bolar.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine geçmegiň peýdasy hem uly. Ine, görersiňiz, biraz wagt geçensoň, özüňizi duýşuňyz ep-esli gowulaşar, keýpiňiz ýokarlanar we töweregiňizdäki durmuş açyk reňkler bilen parlar.

Siz immun ulgamyňyzy güýçlendirmek we saglygyňyzy gowulandyrmak isleýärsiňizmi?! Biz siziň dykgatyňyza gündelik durmuşda ugur edinmeli peýdaly maslahatlary hödürleýäris.

1. Şekeri ulanmagy azaldyň
Şekeri sagdyn iýmit diýip hasaplamak bolmaz. Elbetde, şekerden doly ýüz öwürmelem däl. Emma beden üçin zerur hem dogry önümlere artykmaçlyk berilmeli. Bular, mysal üçin, süýji miwelerdir, olarda diňe şeker däl, bedene gerekli dürli witaminler hem köp.

Baýramçylykda hödürlenen bir bölek tort, elbetde, size zyýan etmez. Emma süýjüleri, şirin nanlary we beýleki aşa süýji zatlary unutmak has gowusydyr. Bu siziň çaýyňyza ýa-da kofäňize goşýan şekerdir gandyňyza hem degişlidir. Ony bal bilen çalyşsaňyz has ýaramly bolar.


2. Naharlanan mahalyňyz haýal iýmäge çalşyň
Azyndan 20 minutda ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharyny edinmegi düzgüne saljak boluň. Hut şu döwürde siziň bedeniňiz iýmiti özleşdirmäge ýetişýändigini unutmaň, şol wagtda-da aşgazan doýandygyny duýýar. Mundan başga-da, nahary haýal iýmek agramy durnuklaşdyrmaga we goşmaça kilogramlardan dynmaga kömek eder!


3. Gerek däl iýmitlerden ýüz öwrüň
Fast-fud, gazly suw, şokolad batonjyklary we beýleki önümler size hiç hili peýda getirmeýär. Şonuň üçin olardan, kyn hem bolsa, hemişelik ýüz öwürmeli.


4. Duzly iýmitlerden gaça duruň
Gynansak-da, häzirki zaman adamynyň iýmitinde saglyga ýaramaz täsir edýän duz artykmaç ulanylýar, bu bolsa gan basyşynyň ýokarlanmasynyň, şeýle-de dürli çişleriň döreme töwekgelçiliginiň sebäbidir. Alymlar iýmitdäki duzuň mukdaryny iň az derejä çenli azaltmagy maslahat berýärler.


5. Mümkin boldugyça köpräk pyýada ýöräň
Arassa howada gezelenç etmek horlanmaga we sagdyn bolmaga kömek eder. Ýaltanmaň we mümkinçilik boldugy, pyýada gezjek boluň.


6. Ukyny ýeterlik alyň
Günde 6 sagat ýa-da ondanam az uklaýan adamlaryň işde ünsi jemlemekde kynçylyk çekýändikleri şübhesizdir, olarda pikiriň dagynyklygy ýüze çykýar, üstesine-de, uka äsgermezlik edilmegi, köplenç, ýürek agyrylaryna we insultlara sebäp bolýar. Saglygy we gözelligi saklamak üçin adam azyndan 7 sagat uklamalydyr.


çeşmesi:salam news.
13
34
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.