Hemmämize tanyş ol ynsan dokuz ýaşynda wagty kakasy bilen ýolda gidip barýarka, öňünden çykan
adamlar iýmit hödür edýärler. Toparbaşy bolan kakasy olara ynanýar we
hödür edilen iýmitden iýýär. Kakasy zäherlenip ölýär. Ogly aman sypýar.
Oglanjygyň ady Timuçindi.
Çagalykdan obasynyň başyna geçýär. Erbet ýagdaýlary başyndan
geçirýär. Bir gün awda aw edip ýörkä obasyny ýakyp gidýärler. Obany ýakan
duşmanlar täze gelnini we sag galanlary ýesir alyp äkidýärler. Hadysa wagtynda ýoklugy
sebäpli Timuçiniň elinden hiç zat gelmeýär. Ýanynda hiç kim ýokdy, çäresizdi...
Soňra Burhan daglaryndaky gowaklaryň birinde ýaşamaga başlaýar. Özi bilen
ýüzleşdi: ýa gorkaklar ýaly hinde ýaşamaly ýa-da çykyp duşmanlary ýer bilen ýegsan
etmeli.
Tizden-tiz adam toplap söweşe taýýarlanmaga başlaýar we netijede, şol döwrüň
tanklary derejesinde görülýän atly goşun taýýarlaýar.
Beýik Isgenderiň basyp alan ýerleriniň sekiz essesine barabar ýerleri basyp alýar.
Guran ýurdy Rim imperatorlygynyň iki essesinden uludy. Eden işleri ahlak taýdan erbetdi.
Emma, taryhçylar ýazga geçirmekden saklanmadylar. Çingiz hanyň ady taryhda: taryhyň
bolup geçen iň beýik gara imperatorlygynyň gurujysy hökmünde geçýär. Ähli şalar ýurduň
çägini giňeltmäge çalyşdy, emma iň uly giňeldip bilen Çingiz handy.
Netije: Gowy ýa-da erbet, ähli zat bir ynsan bilen başlar!
Burhan daglarynda diňe bir kişidi. Şol wagt aýagynyň aşagy ýaly ýeri bardy, emma
öleninde Aziýanyň ähli ýeri diýen ýaly özüniňkidi. Ýaşaýan wagtynda:“her ýyl ähli zat
meniň bilen başlar” diýýän gowagyna zyýarat edipdi.
Indi, pikir ediň:
Bir ynsanyň güýji nirä ýeter?