abat
04.05.2023 10:38

Bir gün barmaly ýerime biraz howlugýardym . Bu howlukmaçlykda maňa menzilime ýetmek üçin taksi duş gelenokdy...Ahyry bir taksi durdy we barmaly ýerimi ylalaşyp bolansoň ýola düşdik.Ulagyň öňünde bir ýaş ýigit otyrdy.Howlugyp duranym üçin ilki oňa kän üns bermedim. gaty görmegeý gelşikli oglanlygyna soň üns berdim.Şeýle görmegeýdi welin "göräýmäge göz gerekdi" diýenleri ýalydy.ilkinji gezek özümçe bir ýigide "görmegeýje eken"diýip oýlanymy duýdum.Aýp bolmazlygy üçin oňa köpem seredip durmadym.Tä sürüji gürleýänçä ol oglany düşünjeleri ,özüni alyp barşy daşky görnüşi ýalydyr diýip oýladym.Ýok beýle däl eken.Men ýene-de öňünden beren bahamyň nädogrulygyna düşündim.Ulagyň sürüjisi bir manysyz gürrüň aýdanam şoldy welin ol oglan pyňkyryp gülüp goýberdi.Bu gürrüňe ulagyň içindäki ýene ýekeje adam gülsede,"sözüň manysyna düşünen däldirinle"diýip günäni özümde goýardym,ýöne ol oglandan başga gülen adam bolmady.Ol gülenden soň bar pikirlerim özgerdi duryberdi.Içimden Kerim Gurbannepesowyň:

"Her başy telpeklä goýmagyn gadyr,Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git"diýen sözleri geçdi.

Belki oňa gülkili bolan zat meniň üçin gülküli däldir ýöne oglanlar ýeri gelende agras bolmany başarmaly.Olary bezeýän zadam şol dälmi näme?

22
164
abat
4 May 2023
Myrataly,näme diýjek bolýanyňyza düşünmedim🤔
Şaperi❄️04
4 May 2023
abat,ağy ???
Myrataly
4 May 2023
Alcak ash iyer diyallermi🤔
olia
4 May 2023
abat,bellisi yok:)
abat
4 May 2023
olia,Etraplaň arasynda uruş başlar diýýäňizmi?😅
Şaperi❄️04
4 May 2023
abat, gowyla kız 😅
abat
4 May 2023
Şaperi❄️04,okuwlar nähili
olia
4 May 2023
abat,hakyky. Teswirimi ayyrdym ato biri yarymy gelip ursharmy namemi😬
Şaperi❄️04
4 May 2023
abat,aýyrdymla gyz teswirimi 🤦🏻‍♀️😅
abat
4 May 2023
olia,hawa tapylýar bärde her dürlüsi😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.