Meşhur adamlaryň iş dünýäsi
Tomas Edison 84 ýaşynda öleninde, açyşlarynyň sany 1090-a ýetipdi. Eýnşteýn
otnositellik teoriýasyny orta çykaryp makaladaky sany üçin tanaýarys, emma ol
soňam 148 makala çykardy. Rembrantyň tablissasy 650-de ybaratdy. Pikasso yzynda
ululy-kiçili 20000-den gowrak eser miras galdyrdy. Bize özüni seçgi teoriýasy bilen
tanadan Çarlz Darwin, mundan başga-da 119 ylmy açyşyň aşagyna öz goluny çekdi.
Şekspir başdaky üstünligi bilen oňmady, ömri boýunça 150 eser ýazdy. Mozart 35
ýyllyk ömründe 600-den gowrak albomy işläp düzdi. Elwis Presleý 112 albom
çykardy. Aristotel 400, Muhyeddin 500-den köp kitap ýazdy. Tolstoý 300-e golaý
kitaby çapa taýýarlady. Balzak 90-dan gowrak roman ýazdy.
Tanalmagyň müň görnüşi bar. Tanalmak, meşhur bolmak üçin hökman kitap
ýazmak, surat çekmek, bina gurmak gerek däl. Dünýä belli futbol oýunçysy Peläniň
560 oýunda 541 goly hem bir beýik meşhurlykdyr.
Beýik adamlar diňe beýik netijeleri görkezendikleri bilen däl, olaryň beýikligi
beýik işlere baş goşandyklary bilen häsiýetlendirilýär.
Leonardo da Winçiniň gündeligi 7000 sahypadan ybaratdy. Üstesine-de
başgalar okamasyn diýip, aýna bakdyrylyp okalýan şekilde ýazylgydy. Tolstoýyň
eserleriniň 13-si hakyky öz durmuşyndan jemlenen maglumatlardan ybaratdy.
Başarmak – bu bir päsgelçiligi ýeňip geçmekdir!