Ýalta, emma akylly bir talybyň hekaýasyny belki eşidensiňiz. Matematikany
halamaýan talybymyz ders wagtynda ukydady. Jaň kakyldy we ol oýandy. Tagtada gören
meselesini öýe berlen ýumuşdyr diýip pikir edip, depderine göçürýär.
Öýüne geleninden soňra, meseläni uzak wagtlap çözmäge çalyşýar. Başarmaýar,
gaýtadan synanyşýar we birnäçe synanyşykdan soňra meseläni çözýär. Derse gelende öýe
berlen ýumuşyny mugallymyna görkezip, ony barlamagyny isleýär. Mugallym haýran
galýar, çünki tagta ýazylan mesele matematikanyň taryhynda çözüwi tapylmaýan
meselelere mysal hökmünde ýazylypdy.
Dersde ýatan talyp ol meseläniň häzire çenli çözülmedigini bilmeýänligi üçin
birnäçe gezek ýadawsyz synanyşýar we soňunda çözmegi başarýar. Talybymyz uly işbaşardy, çünki ol işiň “Başarylmajagyny” bilmeýärdi. Galan talyplar meseläniň
çözülmeýändigini bilendikleri üçin asla synanyşmadylaram.
Üstünligiň syry bu sözlem bilen beýan edilip bilner:
“Başardylar, çünki başarmajaklaryny bilmeýärdiler