aaoo
03.03.2024 19:18
Beýnim kötekledi ýalňyşan çagym
Ýüregim dymdyda ynjady diře.
Men baryny bir ýan goýup ýene-de,
Gözüm ýumuk halda ymtyldym öře.

Ýaz bu duralgady başagaý ömrüň
Menzili näbelli awtobuslarna
YIham idäp bakdym ýördüm intizar
Bu topragyň ir sowulýan gyşlarna

Setirlermi ömrüň lebzi hasaplap
Yaşlygma ukusyz gijeler satdym
Kalby örtän soraglaryň jogabyn
Oba agșamlarnyň tümünden tapdym

Aýmakowa Annabeg
23
41
aaoo
02.03.2024 17:13
Ynam ýok
Özüňe bakýan dideleň
Ýekesinde tapyp bilmedim ony.
Söýgi ýok
Ynanman söýüp bolarmy
Ömrümden kem-kemden azalýar many
Sylaşyk ýok
Bir-birege gürlände
Ada derek eý aý sözün ulanýas
Asman depesinden basmasa pany
Onda belli bolmaz
Niçik bor haly
Tozap-tozup sowrulardy ýokluga
Hiç bolup galardy ynsanlar ýaly
Ah asman
El ýeterden uzakdygňa begenýän
Tämizligiň agraslygyň müdimi
Ýogsa
Bu barlygy bulaýşy ýaly
Nebisi eýeläp bütin hyýaly
Sanada göz diker adamzat ogly
Meger şahyr aýdanlaryň jany bar
Adam ogly sen ne elhenç jandar

Aýmakowa Annabeg
21
31
aaoo
27.02.2024 14:52
Yrym
Ýüpek saçlarymy ýuwar, darar-da,
Alnymy açardy ejem mydama.
Bezärdi boýumy gurjak mysaly,
Söýgülär “jan” sözün goşup adyma.

Maňlaýym öperdi her saba örüp,
“Alnyňa bagtlylyk bitilsin” diýip.
Alajama han teňňesin dakardy,
“Işiňe şowlulyk getirsin” diýip.

Boýuma guwanyp şam-u-säherde,
Meni mähir, söýgi bilen orardy.
Ykbalyň alnymdan çykjak alyndan,
Eziz käbäm dileginde gorardy.

Annabeg Aýmakowa
16
14
aaoo
26.02.2024 14:27
Ynjalýaryn mährem enem bagrynda,
Ene süýdi bilen geldim kemala.
Ýakymly heň-käbäm enem hüwdüsi,
Gulagymda ýaňlanyp dur hamala.

Bular bilen deňlär ýaly zeminde,
Heý,mukaddes,gudratly zat barmyka?!
Bular bilen diňe Watan deň geler,
Watan bular bilen aýry bormuka?!

Watan goýny ene bagry deý ýyly,
Watan duzy ene süýdi deý halal.
Ýalňyz galyp çyksaň sähralyklara,
Şemal hüwdi aýdyp bagryna alar.

Annabeg Aýmakowa
21
18
aaoo
25.02.2024 11:56

Ýok,men indi söýgi hakda ýazjak däl.

Duýgularmyň baryn ýuwdup içime,

Bu yşkyň kalbyma çekdiren ejrin

Külpetlerin rowa görmen hiç kime.


Gijeleň tümlügin sapyp ömrüňe,

Göwnüňde şem ýakyp ýekelik bilen,

Derdinişmek,

                        şypa islän göwnüňe-

Hassalyk dermansyz,ömürlik gelen.


Süýjüligi bilen zäherlär kalbyň

Ýene kalba özi bolar tenekar.

Seniň ugruň gündogara gönükse

Durmuş günbatara tersiňe akar.


Şygyrlarym teselli edip kalbyna

Belkide söýjek kän,

                              ähdin bozjak kän

A men bolsa nokat goýýan baryna

Ýok men indi söýgi hakda ýazjak däl.


Annabeg Aýmakowa

23
32
aaoo
24.02.2024 22:57

Ýok men seni unutmadym hiç haçan


Diňeje adyňy tutman hiç ýerde

Kalbym ýesir berip bu eýmenç derde

Dilimi, bedenmi halas eýledim.

Çäresiz kalbymam şygyrlar ýazýa

Dagy neýlesin

Kagyza eçilýä gussalaň baryn

Indi meniň hemişelik endigim

Gijeler ukusyz çekişýän zaryň

Käte gündizlerem berip iňňildä

Kalbym ejizleýä

Çekerden çökder

Hesretinden duýgulara eýlenýä

Soň maňa zeýrenýä

"Bar zadyň çözüwin tapan boluplar

Ylgaýaň illeriň derdine bakan

Ýeri sen şoň ýaly bolaňda ökde

Hany görkez nirde meniň çykalgam"

Gözler şo pursatda ýetişer dada

Aglaryn.

Başy daşdan gaty ekeni adam

Gündizlerne gülenime bakma sen

Senli ýatlamalar şärik her gije

Bir çümmük mähire tamakin bolup

Şol söýgüli gyzyň

Dertlije gyzyň

Sensiz dünýäň baky sepili eje.

21
50