Wepaguly
05.05.2020 19:22
Sen geldiñde Garyp gownum bay etdin Yone name ucindir ynjalygym yok Sen mana bagt berdin oran ullakan Ony nadip gorajagmy bilemok
16
1 102
37
Wepaguly
05.05.2020 00:21
Dine soygilimin seyle gozleri bar
Sol gozlere mena intizar
6
654
20
Wepaguly
04.05.2020 20:03
Düshündim
Habar geldi - basym toýuñ tutuljak,
Shonda umyt galmandygna düshündim
Söýgä kepen - saña kürte atyljak,
Maña bagtyñ gülmändigne düshündim
Çyg ýaýrady gamdan dolan gözüme,
Nälet etdim, soñam aldym yzyna,
(Wah, dözemok! Sen arzylan gyzym-a!)
Täleýmiñ oñ bolmandygna düshündim.
Ýatdym. Turdum. Ýazdym. Ýandym ot bolup,
Sözler dile geldi perýat-dat bolup,
Senli bagtdan galyberdim ät bolup,
Munuñ baky armandygna düshündim.
Kalpda söýgim. Ýogsa, gahar dilimde,
Sandyraýar ýüregim-de, elim-de!
Ine-de, toý çakylygyñ elimde...
Ah, zarymyñ barmandygna düshündim.
Agdar-düñder boldy sho wagt giñ dünýäm,
Durmushym buz. Ýöne ýüregim ýanýar.
Dashdan diýdim: '' Nädip söýgiñi gömýäñ??! ''
Sözümiñ ýer almandygna düshündim.
Indi ömrüm ýat edermi bahary?
Ýadadym tümlükden küýsäp säheri,
Sen täleýmiñ bagtdan gurlan shäheri,
Derdime señ dermandygña düshündim.
Söýgimizi dowam etjek dowamat,
Senem sag gez! Ýasha gurgun-salamat!
Meger, shu söz aýralyga alamat...
Hakdan bolan permandygna düshündim
6
282
3
Wepaguly
04.05.2020 20:01
Sen şeýle mähriban
Sen şeýle mähriban,sen şeýle eziz
Päk ýüregiň ak gardan hem arassa
Bu dünýä mundanam owadan bordy
Hudaý ähli gyzy sen dek ýaratsa
Gözleriň gülüp dur ýüzüň nurana
Owazyň mylaýym sözüň dürdäne
Ýerliksiz söz eşitmedim men senden
Sen şeýle paýhasly misli bir dana
Wagt geler bir gün bagtyň açylar
Toýuňda şatlanyp guş dek uçarsyň
Göterler badalar,şerap içiler
Şonda bir ýigidiň bagtyn açarsyň
Guwanaryn men hem tutýan toýuňa
Begenjimden gözlerimde ýaş aýlap
Bagty çüwen şol ýigide diýerin
“Inim gelinligi bilipsiň saýlap”
Toý gününde toý saçagnyň başynda
Ýürekdäki arzuwlarym aýdaryn
Arakdan sämedip bu çal kelläni
Şatlanyp tans edip öýe gaýdaryn
6
198
2
Wepaguly
02.05.2020 22:23
Salam! Gije gündiz owazlar bilen,
Okuw dünýäsine boýlanan gözel,
Indi ençe gündir düşlerime girip,
Şanyna hat bilen ýazaryn gazal.
Agdykdyr işleriň, ýetikdir ýüküň
Bizem ylym äleminde göýä bir möhür,
Ýöne şu gün ähli işleriň goýup,
Hatym okagyn gyz, şu örän möhüm.
Söýýän, söýýän diýip, seslenýäň ilki,
Yogsam yşgyň meniň ýüregim dildi,
Meger, senem seslenerime garaşyp,
Hatym ýüzleriňe sylansyn belki.
Belki-de, şeýleräk bolmagy mümkin,
Belki-de, iç çekip, tutandyr gülkiň,
Belki-de, ýyrtmagy-da göwnüňe düwüp,
Son yene el cekip durandyr erkin.
Oka gyz, göwnüňi giň tutup oka,
Ine ýetiberdik hatyň soňuna,
Menä gije-gündiz ýalbarýan Haka,
Şu synagym bolsun, diýip şowuna.
Indi rahat tapmaz ýüregim böküp,
Jogap hatyn küýsäp kalbym ynjalar.
Belki sähralaryň yollaryn söküp,
SÖÝÝÄN sözleriňi getir bukjalar
8
927
41
Wepaguly
01.05.2020 20:57
Ynanmadyñmy bu söýgä
Ynanmadyñmy bu duýga
Ýalan diýip terk etdiñmi
Meniñ bu söýgimi....
Ynan söýýänime
Ynan bu gözlerime
Yalan diyme yar
Ynan söýgime
Yuregimi diñledim men
Diñe gülüm sen diýip urýar.
Mundan artyk synamaý,
Söýýän seni ynanaý.
Ynan söýýänime
Ynan bu gözlerime
Yalan diyme yar
Ynan söýgime janym ...
Ynanaý indi
5
180
1
Wepaguly
01.05.2020 20:53
Göwnume degip yuregine dusen bolsam bagysla yone yekeje gezek oturyp pikirlenip gorayda yalbaryan
4
195
0
Wepaguly
01.05.2020 20:49
Bir ömrüm bar
Bir ýarym bolsyn.
Bir ýüregim bar.
Bir söýgim bolsyn.
Kimseler söýgä zar
Kimseler bizar
Kimseler söýginiñ
Nämedigini bilmeýär..
Bagt barmy mundan başga,
Wepaly ýaryñ bolsa.
Oýumda, pikirimde,
Diñe maşgalam bolsa.
Söýülmeýäne göwün berip,
Söýýäni ynjytmalyñ.
Söýginiñ gadyryny bilip,
Bagtymyzy goralyñ.
Söýmeýäne göwün berip,
Söýýäni ynjytmalyñ.
Her ýeteniñ gujagyna dolup,
Maşgalany dagatmalyñ.
4
228
3
Wepaguly
28.04.2020 01:36
Dostlar aşyk boldym ýara
Keşbi göz öñümde dura
Aşyk ýürek intizara
Goşgy goşýan bu saza
Aşyk bolmak ne hoşdur
Bolmadyklar diñ sal bäre
Eger uçraýsañ bu käre
Borsuñ dali diwana
Yok beýle däl asyl beyle dal
Doslaryn asygym men
Meni yazgarmañ
Sol ýar meniñki
Sola meniñki
A men bolsa dostlar
Diñe sonuñky
Soýerin söýerin
Alaryn şol ýary
Zaryn aglasa gitara
Duşurarmy ýary ýara
Aşyk ýürek intizara
Goşgy goşyan bu saza......
9
429
11
Wepaguly
27.04.2020 21:58
Ýol tapyp bilemok ýüregne onuň,
Söýgim üçin çeksem-de men niçe jan.
Wah, yşka sataşdy gussaly ogluň,
Saňa meňzeş bir gyz tapdym, eje jan!
Meňzeş saňa ýylgyryşy, gülüşi,
Häsýeti hem edil özüň-dä, eje!
Ol gözel meň üçin bagtyň güneşi,
Beýle gül görmändim ömrümde, eje!
Halys erkim aldyraýdym elimden,
Yşk özgerdýän eken adamy, eje.
Senem aňýaň, şol düşenok dilimden,
Gije samrap çykýan adyny, eje!
Gözellerem beýle jadymy, eje,
Arzuwym şol, taparmyka wysaly?!
Söýgi sözün diýsem gözlerne baka,
Sen kakamyň ömrün bezeýşiň ýaly,
Ol gözelem ömrüm bezemezmikä?
10
312
2
Yene yükle