Salam! Gije gündiz owazlar bilen,
Okuw dünýäsine boýlanan gözel,
Indi ençe gündir düşlerime girip,
Şanyna hat bilen ýazaryn gazal.
Agdykdyr işleriň, ýetikdir ýüküň
Bizem ylym äleminde göýä bir möhür,
Ýöne şu gün ähli işleriň goýup,
Hatym okagyn gyz, şu örän möhüm.
Söýýän, söýýän diýip, seslenýäň ilki,
Yogsam yşgyň meniň ýüregim dildi,
Meger, senem seslenerime garaşyp,
Hatym ýüzleriňe sylansyn belki.
Belki-de, şeýleräk bolmagy mümkin,
Belki-de, iç çekip, tutandyr gülkiň,
Belki-de, ýyrtmagy-da göwnüňe düwüp,
Son yene el cekip durandyr erkin.
Oka gyz, göwnüňi giň tutup oka,
Ine ýetiberdik hatyň soňuna,
Menä gije-gündiz ýalbarýan Haka,
Şu synagym bolsun, diýip şowuna.
Indi rahat tapmaz ýüregim böküp,
Jogap hatyn küýsäp kalbym ynjalar.
Belki sähralaryň yollaryn söküp,
SÖÝÝÄN sözleriňi getir bukjalar