Wepaguly
04.05.2020 20:01
Sen şeýle mähriban

Sen şeýle mähriban,sen şeýle eziz
Päk ýüregiň ak gardan hem arassa
Bu dünýä mundanam owadan bordy
Hudaý ähli gyzy sen dek ýaratsa

Gözleriň gülüp dur ýüzüň nurana
Owazyň mylaýym sözüň dürdäne
Ýerliksiz söz eşitmedim men senden
Sen şeýle paýhasly misli bir dana

Wagt geler bir gün bagtyň açylar
Toýuňda şatlanyp guş dek uçarsyň
Göterler badalar,şerap içiler
Şonda bir ýigidiň bagtyn açarsyň

Guwanaryn men hem tutýan toýuňa
Begenjimden gözlerimde ýaş aýlap
Bagty çüwen şol ýigide diýerin
“Inim gelinligi bilipsiň saýlap”

Toý gününde toý saçagnyň başynda
Ýürekdäki arzuwlarym aýdaryn
Arakdan sämedip bu çal kelläni
Şatlanyp tans edip öýe gaýdaryn
6
198
gulshatayewa97
4 May 2020
Овадан гошгы шу ? парадисе ылайык?
Myhman Myhman
4 May 2020
Iki gosgynam manysy menseş toyy barmy yada yone goydynmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.