Wepaguly
27.04.2020 21:58
Ýol tapyp bilemok ýüregne onuň,
Söýgim üçin çeksem-de men niçe jan.
Wah, yşka sataşdy gussaly ogluň,
Saňa meňzeş bir gyz tapdym, eje jan!

Meňzeş saňa ýylgyryşy, gülüşi,
Häsýeti hem edil özüň-dä, eje!
Ol gözel meň üçin bagtyň güneşi,
Beýle gül görmändim ömrümde, eje!

Halys erkim aldyraýdym elimden,
Yşk özgerdýän eken adamy, eje.
Senem aňýaň, şol düşenok dilimden,
Gije samrap çykýan adyny, eje!

Gözellerem beýle jadymy, eje,
Arzuwym şol, taparmyka wysaly?!
Söýgi sözün diýsem gözlerne baka,
Sen kakamyň ömrün bezeýşiň ýaly,
Ol gözelem ömrüm bezemezmikä?
10
312
Suraý
28 Aprel 2020
Adam islemese zorlap soydurip bolmaya
Myhman Myhman
27 Aprel 2020
Ol gözelem ömrüm bezemezmikä Jennet alayda sozuni bagt bir gezek gelyar onam elin tersi bilen itmaýda

Ajaýyypppp??????????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.