Wepa Gurbangeldiyew
27.01.2020 13:06
Gynanyaň))))
käte oýa batyaň durmuşyň hakda, ýeňişleriň hakda, ýeňlişleň hakda, ýatlamak nähili agyram bolsa düzedip bolmajak ýalňyşlaň hakda.
gynanmana sansyz sebäp bolsa-da, begenýäň dostlaryň barlygy üçin. ýöne käte ýeke galaýan wagtyň, gynanýaň hataly ýaşlygyň üçin.
gynanýaň artykmaç gepläniň üçin, märekeli ýerde, ýa başga ýerde. gynanýaň howlukmaç kararyň üçin, garaşmaly ýerde, ýa başga ýerde.
gynanýaň duşmedik azabyň üçin, okabam gowy ýer almanyň üçin,
ýa ugrunda arman-ýadaman işlap işiňde in gowy bolmanyň üçin.
gynanýaň söýgiňde ýenleniň üçin,
mert bolup ýaryny söýmaniň üçin, ýaryň başga birine söz berenini eşitmezden burun, ölmäniň üçin.
gynanýaň, gynanýaň yene gynanýaň, herbir şowsuzlyga erksiz gynanýaň. şonda-da dikelip ýöräniň üçin dostlaň arasynda çäksiz sylanýaň!
ajysyz ýaşaýyş bolsady eger, hemmeler bagtly bolardy meger, ýöne baky dunýä göz ýumýan wagtyň bir şatlanyp bilseň barsyna deger!
11
1 071
Wepa Gurbangeldiyew
25.01.2020 12:19
Gojanyñ Pendi
Bir gurply adamyñ ýalñyz perzendi - ýeke ogly bar eken. Ol ölmeziniñ öñýany ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: "men saña üç sany pent bereýin, sen ömür boýy oña berk eýermelisiñ: 1. hiç haçan birinji bolup salam bermegin, 2. her gün agşamlyk süýji tagamlar iýginiñ, 3. günde irden öýden çykanyñda, täze köwüş geýip çykgynyñ" şondan soñ uzak gitmän, kakasy amanadyny tabşyrypdyr. Ogly bolsa atasyny wesýetini berjaý edip ugrapdyr. Ýöne geñ galmaly zat, oba adamlary onuñ bilen salam-helikden ýüz öwrüp başlapdyrlar, ähli puly hem süýji tagamlary we aýakgap satyn almaga gidýärmişin. Günleriñ birinde ol ejesiniñ ýanyna barypdyr-da, şeýle diýipdir: " eje, men kakama näme ýamanlyk etdimkäm, näme üçin ol maña duşmanymyñ etmejegini edip, beýle öwüt-nesihat berdikä? " diýip ejesinden sorapdyr. şonda ejesi şeýle jogap beripdir: " kakañ tä özüñ soraýançañ, seniñ işleriñe goşulmagy maña gadagan edipdi. Onuñ hiç haçan birinji bolup salam bermegin diýen pendi - hemmelerden ir tur-da, meýdana işe çyk, gabadyñdan geçip barýan adamlar, goý, saña birinji bolup salam bersinler diýen manydady. Ikinji - her gün agşamlyk süýji tagamlar iý diýen pendi. Uzynly gün meýdanda der döküp işläp, aryp öýe gelseñ, agşamlyk naharyñ juda tagamly boljaklygyny añladýardy. her gün irden täze köwüş geý diýmegi bolsa üst-başyñy, aýakgabyñy tämiz saklagyn, her gije ýatmazdan öñürti hökman egin-eşigiñi, köwşüñi arassalagyn diýdigidi. şeýle etseñ, her gün irden öýden çykanyñda, aýakgabyñ täze ýaly ýalpyldar durar, diýip tabşyrdygydy. şol günden başlap, ol ýigit ähli zady ejesiniñ aýdyşy ýaly berjaý edipdir. Biraz wagtdan soñ ol gurplanypdyr, görmegeý bir gyza öýlenip maşgala bolupdyr, atasynyñ pendini bolsa çagalaryna hem öwredipdir.
6
654
Wepa Gurbangeldiyew
24.01.2020 12:42
hytaý ýazyjysy
Adamy söýmek üçin uzak wagt gerek, emma ony ýigrenmek üçin, belki, wagt hem gerek däldir. Şol sebäpli söýginiň ýigrenje ýazan ýagdaýyna tersleşik diýilýär, ol bolsa sähelçe, göz açyp-ýumasy salymda bolup geçýär.
Adamy gowy görmek ýeňil-ýelpaý iş däl, emma şol söýginiň synmagyna birje pursat ýeterlik, adamy ýigrenmek aňsat, emma şol ýigrençden saplanmak üçin juda köp wagt gerek.
Söýgi ruhdan düşürip, erkiňi elden giderip bilýär, ýigrenjem şeýle.
Söýgi täze güýç berip, gujruňy artdyrýar, ýigrenjem şeýle.
Söýgi akyl-huşuňdan azaşdyryp bilýär, ýigrenjem şeýle.
Söýgi ýüzüňi gyzardyp, sussuňy basyp bilýär, ýigrenjem şeýle.
Söýgi bilen ýigrenjiň häsiýeti meňzeş dälem bolsa, olaryň özeni birdir, gyzgyn söýgä eýe bolan adamyň, köplenç, ýigrenjem bijaý gazaplydyr.
Ýigrenç tikenleri, aglaba, söýgi çölünde bitýär, ynsanyýete bolan söýgi bolsa, lotos güli ýaly, ýigrenjiň laýyny böwsüp çykmalydyr.
Adamlaryň zandyndan söýgüdir ýigrenji bütinleý aýyrmak asla mümkin däldir. Söýgini yhlas bilen, edil säherler gözüň düşen kölüň tekizden dury ýüzi ýaly, ýigrenji bolsa edil öýlän öwüsýän pessaýja şemal ýaly, özüň üçin aýyl-saýyl etmek gerek.
Hytaý dilinden terjime eden
10
823
Wepa Gurbangeldiyew
23.01.2020 10:25
Birnäçe ýyl mundan öň Sietl paralimpiadasynda şeýle waka bolup geçýär: käsi beden taýdan, käsi akyl taýdan maýyp 9 sany türgen 100 metrlik ylgaw ýaryşyna başlamak üçin pellehana düzülýär. Başlamak üçin yşarat berlenden, hemmesi öňe okdurylýar. Dogry, hemmesiniň başlaýyş depgini deň bolmaýar, ýöne ählisiniň içinde ýeňiji bolmak höwesi lowlaýar.
Ýaryşyň başlanam şol welin, türgenleriň biri agsaklap ugraýar, birdenem ýykylyp, aglamaga durýar. Öňe saýlanan beýleki sekiz türgenem munuň agysyny eşidýärler-de, ilk-ä ylgawlaryny haýalladýarlar, gaňrylyp-gaňrylyp oňa seredişýärler, soňam bary durup, yzlaryna dolanýarlar. Hemmesi bile ýykylanyň daşyna üýşýärler. Daunyň sindromy bilen kesellän bir türgen gelägede ýykylan türgeni garsa gujaklaýar. Ol beýle etmek bilen onuň derdini ýeňletmek isleýär.
Tomaşaçylaryň arasynda bolsa şeýle bir sessizlik höküm sürýär welin, siňek uçsa-da sesi eşidiljek. Her kim bolýan zatlara haýran galmak bilen seredişip otyr. Birdenem türgenleriň dokuzysy hem bir-biriniň gollaryndan tutuşyp, bir hatar bolup pellehana tarap ýöräp başlaýarlar. Şol bada-da tomaşaçylaryň şowhuny artýar, hemmesi ýerinden turup, olara el çarpýarlar. Tomaşaçylaryň käsiniň bolsa tolgunmakdan ýaňa bogazy dolup, gözi ýaşarýar. Şol ýaryşy gören adamlar häzir-häzirem maý tapsalar, bolan wakany gürrüň berýärler.
Bolan waka-ha şeýle. Indi, şeýle bir sorag: siz, heý, başga zat üçin däl-de, diňe kimdir birine ýagşylyk etmek üçin ýoluňyzy üýtgedip gördüňizmi ýa-da depginiňizi haýalladyp, biriniň goltugyndan göterdiňizmi?
Durmuşda öz bähbidimizden has derwaýys zatlar hem bar. Mysal üçin, käte başgalaryňam bähbidini aramaly, haýallamaly hem bolsa, yza dolanmaly hem bolsa, beýleki adamlara-da ýeňiş gazanmaklary üçin kömek etmeli…
9
846