SIÑEK WE GARYNJA
-Ogry, ogry, näme ogurlyk edýäñ? - diýip, çal siñek garynjanyñ üstüne gygyryp bashlady. -O nähili men ogrumyshym. Men diñe ýere gaçan kiçijek bölejikleri alýaryn ahyry - diýip, garynja ellerini salgap düshündirmäge durdy. -Shol onda ogurlyk däl-de näme? Men muny çörek eýesine aýdaryn. Ol saña nähili bölekleri almalydygyny görkezer. Ol sheý diýdi-de, gelip adamyñ gulagyna gygyryp bashlady. Adam eshitmedi. Ýene gygyrdy. Netijesiz. Asyl adam oña ünsem berenok. Shol gaýmalap ýörshünede birden bir zat bilen çaknyshyp çaýly käsä gaçdy. Adam siñekli çaýy serpip goýberdi. Çalajan haldaky çal siñek hälki garynjanyñ ýanyna gütüläp düshdi. Garynja: -Bolgusyz zatlar üçin adamlary biynjalyk etseñ, boljagyñ shudur - diýip, geçip gitdi.