Wepa Gurbangeldiyew
25.01.2020 12:19
Gojanyñ Pendi
Bir gurply adamyñ ýalñyz perzendi - ýeke ogly bar eken. Ol ölmeziniñ öñýany ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: "men saña üç sany pent bereýin, sen ömür boýy oña berk eýermelisiñ: 1. hiç haçan birinji bolup salam bermegin, 2. her gün agşamlyk süýji tagamlar iýginiñ, 3. günde irden öýden çykanyñda, täze köwüş geýip çykgynyñ" şondan soñ uzak gitmän, kakasy amanadyny tabşyrypdyr. Ogly bolsa atasyny wesýetini berjaý edip ugrapdyr. Ýöne geñ galmaly zat, oba adamlary onuñ bilen salam-helikden ýüz öwrüp başlapdyrlar, ähli puly hem süýji tagamlary we aýakgap satyn almaga gidýärmişin. Günleriñ birinde ol ejesiniñ ýanyna barypdyr-da, şeýle diýipdir: " eje, men kakama näme ýamanlyk etdimkäm, näme üçin ol maña duşmanymyñ etmejegini edip, beýle öwüt-nesihat berdikä? " diýip ejesinden sorapdyr. şonda ejesi şeýle jogap beripdir: " kakañ tä özüñ soraýançañ, seniñ işleriñe goşulmagy maña gadagan edipdi. Onuñ hiç haçan birinji bolup salam bermegin diýen pendi - hemmelerden ir tur-da, meýdana işe çyk, gabadyñdan geçip barýan adamlar, goý, saña birinji bolup salam bersinler diýen manydady. Ikinji - her gün agşamlyk süýji tagamlar iý diýen pendi. Uzynly gün meýdanda der döküp işläp, aryp öýe gelseñ, agşamlyk naharyñ juda tagamly boljaklygyny añladýardy. her gün irden täze köwüş geý diýmegi bolsa üst-başyñy, aýakgabyñy tämiz saklagyn, her gije ýatmazdan öñürti hökman egin-eşigiñi, köwşüñi arassalagyn diýdigidi. şeýle etseñ, her gün irden öýden çykanyñda, aýakgabyñ täze ýaly ýalpyldar durar, diýip tabşyrdygydy. şol günden başlap, ol ýigit ähli zady ejesiniñ aýdyşy ýaly berjaý edipdir. Biraz wagtdan soñ ol gurplanypdyr, görmegeý bir gyza öýlenip maşgala bolupdyr, atasynyñ pendini bolsa çagalaryna hem öwredipdir.
6
654
Myhman Myhman
27 Yanwar 2020
Dogry???
Myhman Myhman
26 Yanwar 2020
gonilap aýtsan manysyna akyl ýetirmeýa aýlawly aýdyp ozi dusuner ýaly edýärler
Wepa Gurbangeldiyew
25 Yanwar 2020
Durmuş bu Gülşat
gulshatayewa97
25 Yanwar 2020
Aý ana şoda Wepa gaty akyldar köp okan bolmasaň düşünmek kyn aýlaw sözlere
Häzirki döwürda käbir adamlara göniläp diýeňde-de gep düşindirip bolanok
Wepa Gurbangeldiyew
25 Yanwar 2020
Ol şeýle

Yone Keýmir kör atly gidip baryakalar ogly ikisi oglynyñ akylny barlap gormek uc hany oglum ýol kes dise atyndan düşup ýoly gylyçlaýa diyya keymir kor bolsa gurrun ber yoly gysgalt diyya

Gulşat Ataýewa
gulshatayewa97
25 Yanwar 2020
Görýäňä düşünýän ba düşünmeýän ba
Menem düşünmeýänleň biri, şoň üçin bir zat diýlende gep köpeltmän göni diýmeli sözüni diýseler gowy görýän?
Wepa Gurbangeldiyew
25 Yanwar 2020
Nam uc

Tapmaça dal ol oñki turkmenler şeýlerek akyl barlapdyrlar
gulshatayewa97
25 Yanwar 2020
Şunýaly aýlaw tapmaça ýaly sözleri hiç halamokda?
babamyrat
25 Yanwar 2020
браво??
Serfar
25 Yanwar 2020
Gowy?????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.