Birnäçe ýyl mundan öň Sietl paralimpiadasynda şeýle waka bolup geçýär: käsi beden taýdan, käsi akyl taýdan maýyp 9 sany türgen 100 metrlik ylgaw ýaryşyna başlamak üçin pellehana düzülýär. Başlamak üçin yşarat berlenden, hemmesi öňe okdurylýar. Dogry, hemmesiniň başlaýyş depgini deň bolmaýar, ýöne ählisiniň içinde ýeňiji bolmak höwesi lowlaýar.
Ýaryşyň başlanam şol welin, türgenleriň biri agsaklap ugraýar, birdenem ýykylyp, aglamaga durýar. Öňe saýlanan beýleki sekiz türgenem munuň agysyny eşidýärler-de, ilk-ä ylgawlaryny haýalladýarlar, gaňrylyp-gaňrylyp oňa seredişýärler, soňam bary durup, yzlaryna dolanýarlar. Hemmesi bile ýykylanyň daşyna üýşýärler. Daunyň sindromy bilen kesellän bir türgen gelägede ýykylan türgeni garsa gujaklaýar. Ol beýle etmek bilen onuň derdini ýeňletmek isleýär.
Tomaşaçylaryň arasynda bolsa şeýle bir sessizlik höküm sürýär welin, siňek uçsa-da sesi eşidiljek. Her kim bolýan zatlara haýran galmak bilen seredişip otyr. Birdenem türgenleriň dokuzysy hem bir-biriniň gollaryndan tutuşyp, bir hatar bolup pellehana tarap ýöräp başlaýarlar. Şol bada-da tomaşaçylaryň şowhuny artýar, hemmesi ýerinden turup, olara el çarpýarlar. Tomaşaçylaryň käsiniň bolsa tolgunmakdan ýaňa bogazy dolup, gözi ýaşarýar. Şol ýaryşy gören adamlar häzir-häzirem maý tapsalar, bolan wakany gürrüň berýärler.
Bolan waka-ha şeýle. Indi, şeýle bir sorag: siz, heý, başga zat üçin däl-de, diňe kimdir birine ýagşylyk etmek üçin ýoluňyzy üýtgedip gördüňizmi ýa-da depginiňizi haýalladyp, biriniň goltugyndan göterdiňizmi?
Durmuşda öz bähbidimizden has derwaýys zatlar hem bar. Mysal üçin, käte başgalaryňam bähbidini aramaly, haýallamaly hem bolsa, yza dolanmaly hem bolsa, beýleki adamlara-da ýeňiş gazanmaklary üçin kömek etmeli…