Uzukjemal
19.05.2023 00:46
🪰🪰🪰Cybynlar iki ganatlylar otryadyna degisli bolup, adaty otag cybynynyn tizligi 6,4 km/sag. Internedin beryan maglumatyna gora cybynlar adamyn olum wagtyny kesgitleyarler. Olar belli bir oyjugi donduryp belli birini oyaryp bilyarler. Bularyn iymit serisdesi bolup adamlan taslandy onumleri hyzmat edyarler. Ahlimiz cybynlan oz ellerini arasalayanyny gorendiris. Olar oz ellerini ayna yaly typyan tekizliklerde durup bilmek ucin arassa saklayarlar. Olan yasayys sikli barada aydanmyzda adaty otag temperaturasynda ( 23-25) omurleri 8-20 gun aralygyndadyr. Olar admayn teninde nm isleya diyen sorag yuze cykyandyr? Olar bedenin suwuklygyny dadyp goryarler eger halasalar onda oz trubkasynyn komegi bn bedene suwuklyk goyberyar. Ol suwuklyk bedenin belli bir bolegini eredyar. Eranden son ony sormak bn bolyarlar. Cybynlar uksus (sirke) kerosin yaly yslary halamayarlar. Eger seyle maddalar gosulan suw bn aynalary yuwsan cybynlar sol oyun dasyndan aylanarlar. Hayran galdyryjy cybynlan uky wagty hem adamlarynky yaly olar hem adatca 7-8 sagat uklayarlar. 🪰🪰🪰
7
42
Uzukjemal
10.05.2023 15:35

😅Oňde biri dermanhana baryp towuk sorayamyş... -agam towuk bamy? -yok... birki sagatdan yene gelip -towuk bamy agam? -yok... ay garaz yaňky her sagatda gelip towuk sorap yaňky dermanhanaçyň yuregine duşipdirda... onsoň dermanhanaçy ahyrym çydaman eline tayak alyp -inim bu yerde towuk satlanok diyip yanki oglany kowalap goyberipdir... jan howly bilen gacyp baryan oglan towuk yok diyip yazmalida biryerik diyyamish... yaňky oglan birki sagatdan yene dermanhana gelse gapyn agzynda ullakan plakatda towuk yok!! diyip yazylly dur diyya... onda yaňky dermanhana girip: - agam towuk haçan gelyaka ?)))



😅Ekzamende student bir bilet cekip goni yzyna goyupdyr. Professor gen galyp:-Nama biledi yzyna goyyan?-O 13-nji bilet eken, men gaty yrymcyl. 13 bagtsyzlyk getiryar mollum.-O zatlaryn barysy yalanow- diyyar-de 13-nji biledi gozlap bashlayar.Student biledini 5-lige jogap berip cykyp gaydipdir. Koridora cikyar weli kursdashlary:-Ey, sen name bar zady okadynmay?-Ay, yoklohow, dine 13-nji biledi okadym.

Owrenaymeli zat



😅Doktor daliden sorayar:

-senin gulagyny kessem name bolar?

-gaty agyrar,

-birden iki gulagyny birden kessem name

bolar?

-gorip bilmerin!

-o nahili gorip bilmersin, gulagyn bilen

goryanmi sen?

-doktor sen gulagymy kessen aynegi nira

dakayyn men


😅Doktor menin halym juda agyr! Sonky gunler gözum görenok, kellamde'de zat duranok! Yalnyşyp goñşyn gapysyny acjak bolyan, yatmaga aşhana girip gidyan! Mana nameler bolyaka?!

- Hawa agam size bejergi hökman gerek, siz hazir Bankda otyrsynyz

26
498
Uzukjemal
08.05.2023 17:03
😅Kämil'iñ paketlary bilen goñşymyñ dükanynyñ öńünden geçip baryarkam ikilik eden yaly duyyan özümi.

😅Öy telefona jañ edip "Nirede sen" diyyän oglan bilen uklap yatyrkañ "Yatyñmy" diyip sorayan gyzy öylendirdik. Owadanja çagalary boldy beter gowja. Indi olam ulaldy, öye geleñde "Geldiñmi?" diyip sorayar

😅Betnyşan gyz yokdur! Bar bolsada oñararys" diyip gürlediler;
- Avon
- Snapchat
- Mary Key
- Retrica
- B612
- Photoshop...

😅Düyn agşam banyada arkalygna yatan tarakan gördüm. Ayaklaryny şeyle bir oynadyardy welin gülyändir öydüp menem gülüp başladym. Daña çenli gülüp oturdyk, soñra o gülmekden öldi :(

😅Gyzlar 3 zada "Yok" diymez; Köwüş, sumka, eşik, şokolad, gül, makiyaž esbaplary, pul, duhi... Yok 3 däl eken!

😅Bir oglan gyza sms yazyar:
- Şalam
- Näm üçin Şalam diyip yazyañ?
- Agzymda nas bar.

😅-Ine , toý etdik. Maşgala bolduk. Indi,sen maňa näçe sany söýgüliň bolanyny aýdyp berseneňem bolar.
-Gaty gormersiňmi?
-Ýok,waý,arkaýyn bol, gaty görmerin,
-Bolýa-da 7 sany.
-Opbaaaaa...Men yedinjimi?
-ýokla, arkaýyn bolsana. Sen 4-nji

😅Mamalarymyz bize akyl öwretyär; Şu yaşda söyüşmek bolarmy, entäk wagt köp öñüñizde" diyip...
Bellik: 13-14 yaş aralygynda durmuşa çykanlar...

😅Gyzlar öyde asgyranda:
- Haaapşuuu...
Daşarda:
- Ptsi...

😅Biz Türkmenler gapy kakylanda "Kim?" diyip sorag berenimizde standart "Men" jogabyny alyp, ses analizi esasynda kimdigni tanap bilyäris. Tehnologiyadan öñde biz!

😅Bir gün pylesos("tozan süpüriji satyan yigit bir öyün gapysyny kakyar. Gapyny yaş bir gelin açyar:
"Gelneje, elimdaki gapda sygyryn tezegi bar" - diyip elindaki gaby halyn üstüne yayradyp sepyar. Sonam:
"Gelneje, şul elimdaki pylesos bilen 10 minudyn içinde halyny arassalap bilmesem tezegi iyjek" diyyar.
Gelin bir sellem satuwça seredip durup:
"Yanyna ketçup bilen mayonezam getireyinmi?" diyyar.
Oglan düşünman:
"O name üçin?"
"Tok kesildi, şonun üçin."
21
235
Uzukjemal
06.05.2023 17:19
☯⁠✿Dunyadaki in gymmat kitap " Kodeks Lestera" bolup ol 30,8 mln $-a satyldy. Ol kitaby Bill Geyts satyn aldy.

☯⁠✿Taryhda in bay adam hokmunde Jon Rokfeller tanalyar. Ol ilkinji dollor billyoneri bolmak bilen onun maliya yagdayy hazirki wagtda 340mln $ hasaplanyar

☯⁠✿Amerikanyn prezidenti yylda 400000$ gazanyar

☯⁠✿Robert Perşing Uodlou-resmi taydan dunyede in uzyn adam hasaplanyar onun boyy 272 sm barabar bolupdyr. Ol bary yogy 22 yyl yasap butin omrunin dowmynda osmegini bes etmandir, yone ginnesler kitabyna "in boyy uzyn adam" hokmunde turk fermeri Sultan Kesen girizilendir. Onun boyy bolsa 251 sm
2
11
Uzukjemal
04.05.2023 02:24

Ag­şam­lyk na­ha­ry

Bir og­lan ag­şam­lyk na­ha­ry­ny edin­mek üçin gar­ta­şan ka­ka­sy bi­len gar­ba­nyş­ha­na gir­ýär. Olar na­har edi­nip otyr­ka­lar, ka­ka­sy atan­lyk­da üst-ba­şy­na na­har dök­ýär. Og­ly der­rew ýe­rin­den tu­rup, des­mal bi­len gar­ry ka­ka­sy­nyň üst-ba­şy­ny aras­sa­la­ma­ga dur­ýar, soň­ra el-ýüz ýu­wul­ýan ota­ga el­tip, eşi­gi­ne de­gen na­ha­ryň teg­mil­le­ri­ni ýuw­ýar. Olar ýe­ne öň­kü­le­ri ýa­ly sto­luň ba­şy­na ge­çip, ag­şam­lyk na­ha­ry­ny edin­ýär­ler, soň­ra çaý ba­şyn­da söh­bet ed­ýär­ler. Og­la­nyň he­re­ket­le­ri­ne bu ýer­de otu­ran­la­ryň sy­ny otur­ýar.

Garbanyş­ha­na­dan çy­kan­soň­lar ka­ka­sy:

– Og­lum, içer­de hiç zat go­ýup gaýt­ma­dyň­my? – di­ýip so­ra­ýar. Og­lan bi­raz oý­lan­ýar-da:

– Aý, ýok-la, ka­ka, hiç za­dym-a gal­ma­dy – di­ýip jo­gap ber­ýär. Şon­da ka­ka­sy:

– Ýok, og­lum, sen içer­de og­lan­la­ra gö­rel­de, ka­ka­la­ry­na bol­sa sen ýa­ly asyl­ly og­ly ke­ma­la ge­tir­mek ha­kyn­da ar­zuw go­ýup gaýt­dyň – di­ýip, buý­sanç bi­len jo­gap ber­ýär.


Bagt

Bir gün Sok­rat şä­girt­le­ri­ne şeý­le so­wal bi­len ýüz­len­ýär:

– Eý­sem, dur­muş­da iň esa­sy zat nä­me?

Onuň şä­girt­le­ri bu ba­ra­da öz pi­kir­le­ri­ni aý­dyp ug­ra­ýar­lar. Ola­ryň bi­rin­ji­si şeý­le diý­ýär:

– Dur­muş­da iň mö­hüm zat jan-sag­lyk.

Ikin­ji­si köp oý­lan­man şeý­le di­ýýär:

– Me­niň pi­ki­rim­çe dur­muş­da iň esa­sy zat, oňat be­den gur­lu­şy­na, sy­rat­ly ka­ma­ta eýe bo­lup, adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ňe çek­mek.

Üçün­ji­si:

– Me­niň pi­ki­rim­çe iň esa­sy zat gurp­ly bo­lup, jem­gy­ýet­de öz or­nu­ňy tap­mak.

Şä­girt­le­ri öz pi­kir­le­ri­ni aý­dan­soň, olar Sok­rat­dan:

– Ýog­sa-da ha­ly­pa, eý­sem, si­ziň özü­ňiz bu ba­ra­da nä­hi­li pi­kir ed­ýär­si­ňiz? – di­ýip, so­ran­la­ryn­da Sok­rat şeý­le jo­gap be­rip­dir:

– Dog­ry, si­ziň pi­kir­le­ri­ňiz hem bi­çem däl. Ýö­ne men dur­muş­da iň esa­sy zat bagt ha­sap­la­ýa­ryn. Eý­sem, siz sag­dyn adam dur­muş­da hök­man bagt­ly bo­lup bi­ler di­ýip pi­kir ed­ýär­si­ňiz­mi?

Ony diň­le­ýän şä­girt­le­ri şeý­le di­ýip­dir­ler:

– Ýok, ha­ly­pa! Bol­man hem bi­ler.

– Oňat be­den gur­lu­şy­na, sy­rat­ly ka­ma­ta eýe bo­lan adam dur­muş­da bagt­ly bo­lup bi­ler öýd­ýär­si­ňiz­mi?

– Ýok, ha­ly­pa! Bol­man hem bi­ler – di­ýip, şä­girt­le­ri jo­gap be­rip­dir­ler.

– On­da siz ma­ňa aý­dyň, gurp­ly we jem­gy­ýet­de or­ny bo­lan adam he­mi­şe bagt­ly­my?

– Ýok, ha­ly­pa! Gaý­tam ter­si­ne şeý­le adam­lar köp­lenç ýal­ňyz bol­ýar­lar – di­ýip, şä­girt­le­ri jo­gap be­rip­dir­ler.

– Bu ýer­de sa­na­lan yn­san mer­te­be­si­niň haý­sy bi­ri­ni has ile­ri tut­ýar­sy­ňyz? My­sal üçin, si­ze kimdir biriniň mas­la­ha­ty ge­rek bol­dy di­ýe­liň. Şon­da siz haýsy adama ýüz tu­tar­sy­ňyz. Jem­gy­ýet­de öz or­ny bo­lan gurp­lu­sy­na­my, oňat be­den gur­luş­ly sy­rat­ly­sy­na­my ýa-da dur­muş­da iň bagt­ly adama­my? – di­ýip, Sok­rat şä­girt­le­ri­niň ýü­zü­ne so­rag­ly na­za­ry­ny aý­lap­dyr. Şä­girt­le­ri­niň üçü­si hem bagt­ly ynsany has my­na­sy­by hök­mün­de yk­rar edip, bagt­ly adamdan mas­la­hat al­jak­dyk­la­ry­ny bi­ra­gyz­dan tas­syk­lap­dyr­lar.

– Şeý­le­lik­de, bi­ziň hem­mä­miz bag­tyň iň ýo­ka­ry eş­ret­di­gi­ni, bu dur­muş­da iň mö­hüm zat hök­mün­de oňa ym­tyl­ma­ly­dy­gy­my­zy bi­ra­gyz­dan yk­rar et­dik – di­ýip, Sok­rat ýyl­gy­ryp­dyr.


Ra­hat­lyk zo­la­gy

Bir guş­ja­gaz ym­gyr çöl-be­ýe­wa­nyň için­de gu­rap ga­lan aga­jyň şa­ha­la­ryn­da ýa­şa­ýan eken. Gün­le­riň bir gü­ni güýç­li tu­pan tu­rup, aga­jy kö­ki-da­ma­ry bi­len go­pa­ryp, hon­da taş­la­ýar. Bet­bagt guş­ja­gaz pe­na­la­ma­ga ýer göz­läp uzak men­zil­le­ri kül­ter­le­me­li bol­ýar. Ol ahyr­so­ňy bul­du­rap du­ran çeş­me­li, mi­we­le­ri­niň ysy bark ur­ýan sal­kyn sa­ýa­ly ba­gyň üs­tün­den bar­ýar.

Ha­wa, eger-de gu­ry agaç abat ga­lan bol­sa­dy, on­da özü­niň öw­re­ni­şen ýe­ri­ni taş­lap gaýt­ma­ga guş­ja­ga­zy hiç bir güýç mej­bur et­mez­di.

27
242
Uzukjemal
01.05.2023 22:31

"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy). Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,

(Munça içmekligiñ ýokdy geregi)

Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,

çenden aşa köp içende aragy.

çüýşleriñ sany bolupdyr elli,

Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,

Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,

çenden aşa köp içende aragy.

Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,

Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,

Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,

çenden aşa köp içende aragy.

Jülgedir,Awaza hem-de ak bugdaý,

Garyşdyryp içdiñ ine-de ýagdaý,

şo gün dogmaly gün,üç gün soñ dogdaý,

çenden aşa köp içende aragy.

şol araklar aksa derýa bordy giñ,

Ikinji orunda galsa gerek Nil,

özüñe gelensoñ gözlediñ pahmil,

çenden aşa köp içende aragy.

Eşikleriñ trýapka-da ýaramaz,

Arak ýörär damarda gan ýöremez,

Iki üç hepdeläp heleý garamaz,

çenden aşa köp içende aragy.

Dostlaryñam hezil edip güldüler,

şo gün seniñ kimdigiñi bildiler,

(hormat edip) kamerada Aldylar,

çenden aşa köp içende aragy.

ýakynda bolupdyñ edara başlyk,

Nebisiñ baýnady köp etdiñ hoşluk,

şeýdip iş ornuñda döredi boşluk,

çenden aşa köp içende aragy.

Bir günlük keýp üçin işiñem gitdi,

(şo gün urupdyrlar) dişiñem gitdi,

Bu goşgy sen hakda,

Al!

Oka!

Bitdi...

"ÇENDENAŞA KÖP IÇENDE ARAGY"

28
363
Uzukjemal
30.04.2023 18:10

Talyplyk döwri ynsan durmuşynda iň bir ýatdan çykmajak döwür hasaplanylýar. Bu döwür özüniň ajaýyplylygy bilen her bir talybyň hakydasynda baky ýer edýär. Talyplyk ýyllaryndaky gaýtalanmajak, iň bir gyzykly, şeýle hem tolgundyryjy pursatlaryň biri hem synag döwri diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi islendik ýokary okuw jaýynda okap, bilim alýan talyp ähli synaglary üstünlikli tabşyrmagyň hem-de gowy bahalar almagyň arzuwynda bolýar. Olaryň arasynda üstünlikli baha almak üçin dürli-dürli alamatlara, ynançlara ynanýanlaram-a az däl)))) Aslyna seretsek, bu ýagdaý gadymdan gelýän bir däp. Hat-da döwür üýtgese-de, bu ynançlar talyplaryň arasynda ütgemän galypdyr. Bu ynançlara ynanýanlar ähli ýollar bilen özlerine üstünligi çekmäge çalyşýarlar. Bu ýagdaýa talyplaryň ýarysyndan gowragy ynansa-da, känbir ýüze çykaranoklar. Ýene bir täsin tarapy bolsa, olaryň arasynda öz tapan alamatlaryna uýýanlar hem bar. Geliň, bu täsin alamatlaryň käbirileri bilen tanyş bolalyň:

1 Talyplaryň käbiri gije ýatanlarynda kitaby ýa-da dersiň leksiýa ýazgylaryny ýassygyň aşagynda goýup ýatýarlar. Şeýle etmek bilen olar dury, aýdyň kelle bilen oýanmaga, şeýle hem ähli ýazgylary ýatda saklanmagyna ynam edýärler.

2 Talyplar synagda düşjek sowalnamanyň belgisini öňünden bilmek makady bilen, ýa göwreli aýala ýa-da garry enäniň ýanyna baryp, ondan haýsam bolsa bir belgini aýtmagyny isleýärler. Bu aslynda mekdep ýyllaryndan bäri ynanylyp gelinýän ynanç. Şeýle bolsa-da, talyplaryň arasynda häzirki güne çenli meşhurlygyny ýitirmän gelýär.

3 Käbir talyplar synagda täze eşik geýmezlige berk ynanýarlar. Olar öň geýilen eşik bilen üstünlikli synag tabşyran bolsalar, indiki synaglarda hem hökman şolary geýmelidigine ynanýarlar. Sebäbi olaryň egnindäki eşik olaryň üstünlikli synagy tabşyrmagyna hem-de hasap-synaglarynda islenen bahany almagyna kömek edýändigine ynanýarlar.

4 Ýene täsin ynançlaryň biri çep aýak düzgüni. Bu ynanja görä, siz ir säher bilen çep aýakdan turmaly, auditoriýa çep aýak bilen girmeli, hat-da bilet çekeniňizde hem çep aýagyň üstünde durmalydyr. Bulardan başga-da, käbir talyplar “Has ýokary derejeli” düzgün bolan ynanjy berjaý edýärler. Olar mugallym baha kesgitleýän pursady sag eliniň barmaklaryny çaknyşdyrmalydygyna ynanýarlar.

5 Ata-babalardan galan “Mis şaý” (Медный пятак) däbini bilmeýän ýokmuk-a diýýän. Bu usul ýyllaryň geçmegi bilen şaýlyk teňňä öwrülse-de, ynanjyň maksady üýtgänok. Talyplaryň ynanjyna görä, köwşüňiziň çep tarapyna goýulan elli teňňe şaýlyk, siziň hasap-synaglaryňyzdaky üstünlik hemraňyz bolar.

6 Köpler synag biletleri siňe synlap, “keramatly biledi” tapmagyň gözleginde bolýarlar. Emma ynançlara görä, gözüňe birinji düşen (ilişen) biledi çekmelidigi aýdylýar. Şol biletde size üstünlik getirjek soraglaryň barlygyna ynanýarlar.

7 Synagdan öň saçyňy ýuwmaklyk hem ýagşa ýorulmaýar. Ynançlarda arassa kelläniň boşlugyna ynanylýar. Ýuwmak bilen sen ähli bilýän maglumatlaryňy dökjekligiňe ynanýarlar.

Görşüňiz ýaly, ynançlar gaty köp, ýöne olaryň synaglarda size üstünlik getirjekdigi hiç kim güwä geçip bilenok. Şeýle-de bolsa, bu ynançlar talyplaryň ynamyny artdyryp, olary ruhlandyrýar. Bu jadyly ynançlar bolmasa talyplar näme ederdik-ä? Kim bilýär…? Belki-de, bu ynançlar bolmasa hasap-synaglarda oňat bahalar bilen auditoriýadan çykan şadyýan ýüzli talyplar bolmazdy..

24
389
Uzukjemal
28.04.2023 23:31

Asmanda patrak deýin ýyldyzlar şöhlesini saçyp, rahat ses- üýnsüz tomus gijeleriniň biridi. Gündiz oba ýerinde zähmetiň gaýnap, gijelerine zähmetkeş adamlaryň jana melhem gök çaýdan teşneligini gandyryp, gündizki ýadawlyklaryny sowýan wagtlarydy. Şol wagt Maksat asmana seredip, ýyldyzlary synlap göýä öz aşyk bolan gyzynyň keşbini şolarda görýän ýaly çuňňur oý-pikire batyp ýatyrdy.


Maksat ýokary okuw jaýynda okaýardy. Ol orta boýly, tegelek ýüzli, alçak, sypaýy oglandy. Onuň iň halaýan zady özbaşdak gyzykly kitaplary okamakdy. Ol oba tomusky okuw rugsadyna baranda Jennet atly bir gözel gyza aşyk boldy. Maksat Jennede aşyk bolmazyndan öň hem ony gören mahalynda ýüreginiň urgusy çaltlaşyp, mälim bolmadyk ajaýyp duýgular gurşap alýardy. Jennet Maksadyň daýzasynyň gyzydy, şonuň üçinem ol ýüreginde dörän bu ajap duýgyny gyza aýtmakdan çekindi. Biraz wagt geçse bu duýgular wagtlaýyndyr unudylyp gider diýip pikir etdi, emma ýüregindäki söýgi uçgunjyklary edil gury oduna düşen köz deýin ýakyp ýandyryp barýardy. Jennediň gül keşbi Maksadyň gije ýatsa düýşüne, gündiz wagty göz öňüne gelip başlady. Ahyry ol Jennede ýüregindäkini aýtmaly diýen netijä geldi. Birdenem ertir Jennediň doglan günüdigi onuň ýadyna düşdi. Aşyk bolan gyzynyň doglan gününi nähili gutlajagy hakynda oýlanyp howsala düşüp başlady. Ajaýyp duýgulara gaplanan aşyk ýigidiň ýüregi joşman durjakmy. Jennediň görmegeý, mähirli keşbini ýatlap Maksat ýüregindäki duýgularyny hem siňdirip goşgy setirlerine başlady. Goşgy ýazyp oturyşyna ol eli kagyzdyr galamly uklap galdy.


Ertesi gün ir säherden Maksat oýanan badyna aljyraňlyk bilen el telefonyny aldy we Jennediň belgisine aýlady. Jennet jaňy aldy:


Alo

Salam Jennet men Maksat!

Salam Maksat gowumy ýagdaýlaň? Daýzam dagam gowumy?

Hawa oňat menem. Ejem dagyňam oňat ýagdaýlary!

Hm bolýa

Neme Jennet doglan günüň gutly bolsun uzak ýaşa!

Hm sagbol Maksat.Ýadyňdan çykarmansyň. Bilýäňmi sen meniň doglan günümi ilkinji bolup gutladyň!

Heý seniň doglan günüňem ýatdan çykaryp bolarmy! Ilkinji bolup gutlan menmi? Gör nähili bagt!

Düşünmedim nämäň bagty?

Bolýa Jennet soňra düşündirerin sagbol!

Bolýa sagbol!

Aşyk gyzynyň doglan gününi ilkinji bolup gutlamagy Maksadyň şatlygyna şatlyk goşdy. Aýaklary ýerden kesilen ýaly boldy. Onuň ýüzündäki ýylgyryşyndan gözleriniň içindäki söýgi uçgunjyklarynyň ýalpyldaýşyndan onuň aşyk bolandygyny aňmazlyk mümkin däldi. Maksadyň ejesi Mähri daýza örän synçy zenandy. Oglunyň hereketlerinden onuň bir gyza aşyk bolandygyny aňdy. Soramakçy boldy emma oglunyň çekinip aýtmajagyny bildi.


Aşyk ýigit şol begenip ýörşüne nädip agşam düşenini bilmedi. Agşam naharyny edinenden soň ol Jennede ýazan goşgusyny bermek hem-de oňa bolan duýgularyny aýtmak üçin Merjen daýzalaryna gitdi. Merjen daýzasy ony örän gowy görýärdi hatda öz ogullaryna hem: “ Maksatdan görelde alyň şonuň ýaly köp kitaplary okaň, ýokary okuw jaýynyň talyby boluň” diýip ündärdi. Merjen daýza Maksady görenine begenip ony mähir bilen gujaklady.Saglyk amanlyk soraşylandan soň, Maksat öz otagynda oturan Jennediň ýanyna bardy. Ilki bilen onuň gözlerine bakyp doglan gününi gutlady. Soňra ýanyna alyp gelen goşguly kagyzyny onuň eline berdi we okamagyny haýyş etdi. Haty eline alan Jennet geň galyp Maksada seretdi-de, garaja gözlerini tegeläp haty okamaga başlady. Hatda söýgi sözleri ap-açyk beýan edilipdi. Jennet haty okandan soň ýüzüni ýerden galdyrmady, utandy aşyk ýigidiň gözlerine bakmakdan çekindi. Gyzyňam ýüreginde Maksada garşy duýgular ýok däldi, çünki Jennediň ejesi Merjen daýza Maksady örän gowy görýärdi we gyzyny oňa durmuşa çykarmak isleýärdi. Aram-aram degişýärmi ýa çyny bilen diýýärmi Jennede seni Maksada durmuşa çykarjak diýerdi. Maksat haty okap bolandan soň, aşak bakyp oturan Jennediň elinden tutdy. Gyz derrew aşyk ýigidiň gözlerine bakdy, Maksat oňa şeýle diýdi:


Jennet men seni söýýän!!!

Gyz jogap bermän saklandy. Çagalykdan bileje önüp-ösenleri üçin Jennet Maksady gowy tanaýardy onuň söýen gyzyny jany-teni bilen söýüp, elmydama bagtly etjegini bilýärdi. Maksat utanjyndan ýaňa gürläp bilmän duran Jennede bakyp ýene-de şol söýgi sözlerini gaýtalanda ol ýuwaşlyk bilen:


Menem

diýip jogap berdi. Maksat bu jogaby eşidip özüni ýitirdi, aýaklary ýerden kesilen ýaly boldy. Birdenem begenjine Jennediň ýaňagyndan ogşap goýberdi. Jennet utanjyna çym-gyzyl boldy, Maksadyňam ýüzi Jennediň ýüzi ýalydy. Utanjyndan oturyp bilmän Jennediň otagyndan çykyp göni öýlerine gaýtdy. Öýüne gelse öýündäkiler eýýäm ýatan ekeni. Ol ýuwaşlyk bilen pişik basyşyny edip öz otagyna geçdi. Uzak gije begenjinden ýaňa gözüne uky gelmedi.


Şol begenip ýatyşyna birdenem tomusky okuw rugsadynyň tamamlanmagyna bary-ýogy birje gün galandygy ýadyna düşdi. Söýgä sataşyp aşyk ýigit tas wagtyň hasabyny unudan ekeni. Ertesi gün Maksat dogan-garyndaşlary bilen hoşlaşmaga gitdi. Ählisi bilen hoşlaşyp, iň soňunda Merjen daýzalaryna bardy. Daýzasy bilen sagbollaşyp Jennediň otagyna girdi. Otaga girse Jennet gözüni güldürüp aşyk ýigidini görenine örän begendi. Maksadam oňa ýylgyryp bakyp durdy. Otagyň içini ümsümlik gurşap aldy. Şol wagt diller däl-de gözler öz aralarynda gürleşýärdiler. Maksat bu ümsümligi bozup Jennede okuw rugsadynyň tamamlanandygyny, ertir ýola düşýändigini aýtdy. Jennet ony eşidip, ýüzündäki şatlyk-şowhunyň ýerine gam-gussa aralaşdy. Ol söýgülisinden beýle çalt uzaklaşmak islemedi. Garaja gözlerinden damja-damja göz ýaşlary akyp başlady. Maksat özüniň uzak wagtlyk gitmeýändigini, ýygy-ýygydan hat ýazyp durjakdygyny aýdyp söýgülisini biraz köşeşdirdi-de hoşlaşyp gaýtdy.


Maksat uly höwes bilen täze okuw ýylyna başlady. Okuw sapaklaryna ýetişigi oňatdy.Sapaklaryndan boş wagty öýündäkilere-de, Jennede-de hat ýazyp durardy. Ine-de bir gün Maksada bir hat geldi. Ol hat onuň ejesi Mähri daýzadan gelipdi. Maksat derrew haty açyp okamaga başlady. Hatda ejesiniň ony öýerip, öýli-işikli etmek isleýändigi beýan edilipdi. Hatda ýene-de şeýle sözler bardy:


Göwün beren gyzyň barmy? Eger ýok bolsa Merjen daýzaň gyzy Jennedi saňa mynasyp görýärin!

Maksat bu setirleri okap ganat baglap uçaýjak boldy. Ol ejesine daýzasynyň gyzyna aşyk bolandygyny nädip aýdarkam? diýip pikir edip ýördi. Maksat derrew hata jogap ýazmaga başlady. Ol hatynda ejesiniň özüne mynasyp gören gyzyna öýlenmäge razydygyny ýazdy we haty derrew ugratdy. Hatyny ugradanyna uzak wagt geçmänkä yzyna hatyň jogaby geldi. Ol hatda şeýle sözler bardy:


Oglum şol seni öýermek baradaky meseläni daýzaň bilenem maslahatlaşdyk. Daýzaňam, Jennedem toýa razylyk berdiler. Nesip bolsa indiki dynç alyş rugsada geleniňde Jennet bilen seniň bagt toýuňyzy toýlarys. Bolýa oglum sagbol onda, jan saglygyňa gowuja seret, sagamanja oka!!!



Çäksiz söýgüm bilen EJEŇ!!!

23
181
Uzukjemal
27.04.2023 23:57

⭐Bilyadinizmi. Der asyl yssyz we reknsizdir. Hacanda ol himiki serisdeler yada bakteryalar bn tasirlesende sary renke eye bolyar we durli yslarl gelyar.


⭐Dunyede doredilen ilkinji lakyn renki gyzyl bolupdyr. Gadymy Egipetda bolsa dyrnaklaryny haysy gatlagyn adamylygyna gora boyapdyrlar.


⭐Robert Uodlou-dunyade in uly ayakly ynsan. Onun ayagynyn ini 76, uzynlygy bolsa 272 santimetra dendir

22
91
Uzukjemal
26.04.2023 08:16

"Garyp oglan hemde bay gyz". Hakyky bolan wakany gysgacha gurrun bermekchi.

Adym Aman men hor mashgalada yeke oguldym men 9-njy synpdym gonshy obadan Maysa diyen gyzy soyupdim ol menden bir yash kicidi men ony gormek un obasyna barsamda dash towereginde gorunmeyardi mekdebine barsam ony gorerdim yone ol hic gurleshesi gelenokdy ol 10-njy synpdy in sonky jan dabarasyna bardym on bilen dushushdym ol men bilen soyushmege razydygyny aytdy ozi sadaja gyzdy yone men onyn mashgalasynyn baylygy hem mulki ucin barmandym Maysany chyn yurekden soyyanligim ucin barypdym biz dushushyp bilemzokdyk sebabi ony dasharyk joralarynka hem goyberenokdylar ol hem mashgalasynyn yekeje gyzydy menin kakamam ejemem ishlanokdy mashgalany ozim ekleyardim inni ejem kakam oylendirmekchi bolanlarynda menem Maysa oydekilerin gudachylyga barjakdygyny aytdym Maysa bolsa gelsinler ejem kakam razy bolsa men razy diyipdi olar razy bolmayar size gyzymyzy berip sizin mashgalanyzy gyzym eklesinmi ony name bilen bakjak onun sowjak puluny men bereyinmi ejesi bersinmi son chagalary bolar chagalarynam men ekleyinmi diyip oydekileri oyunden chykaryp kowupdyrlar Maysa jan edip bolya ejen kakan kime bar diyse shona durmusha chyk bagtyny tap diyip goydum Maysa aglap jan edya janyny almadym sms yazdy name bolsa bolsyn gishlik oban gyrasynda bag bar shol baga 7:00 da geljekdigini aytdy bolya barjak diydim men welsopetde Maysa BMW mashynynda geldi ol aglap men birinji soygim sen senden bashganyda soyup bilmerin diyip aglayar bolya bir yoly bar sen razy bolsan bile bolarys diydim men seni alyp gachayyn razymyn diydim yok hic hachan gachmaryn men il ichinde ejem kakamyn yuzuni yere garatjak dal diydi sho gep bilen oyune gaytdy menem gaytdym son bir hepdelap janlashmadyk hat hawar yok 10-njy gun diylende mana sms geldi salam ezizim dunyebarym men seni soyyan men durmusha chykyan kakam oz dostysynyn oglyna beryar men ol oglan bilen nadip yasharyn men ony nadip soyerin men ona ezizim diyip bilerinmi yok asla diyip bilmen men in sonky demime chenli seni soyyan yuregimde dine senin adyn yazyk diyipdir we men senin yuzuni in sonky gezek gormek isleyan ezizim toyuma gel men garashyan diydi men barmak islemamson barmadym gelinalyjylar gelni alyp gitdiler men onsuz yashap bilemok aradan uch ay gechdi biz bir-birimizi uch aylap asla gormedik sms geldi salam gowumyn men yene ejem kakamyn oyune dolandym name ucin diysen menin chagam galmady adamym chaga dogmayan diyip gijan yary ichip gelya meni urmasa yatmaya. Şeýdibem "Çagaň bolanda ishigimden gel, mana chaga dogurmayan gelin gerek dal" diydi soň men bolya diyip sms jogap berdim ertesi gun oydekileri gudachylyga ugratdym olar razy boldy biz uludan durmush toy tutdyk gelini getirdik ol oglan Maysajana hic el degirmandir ol henizem gyzdy, soň görüp otursam adamsy Maysa bilen yashashmak islemeyan ekeni, yanynda asla yatmayan ekeni gijede suyju ukuda uklap yatan bolsada ony ukudan oyaryp uryan ekeni ine onsan bizin ekiz gyz chagamyz boldy ol bay oglan oylenipdir yone gelini 6 yyldan bari chagasy bolanokdy .

Menin aytjak bolyan zadym ejeler kakalar gyzynyzyn oglynyzyn oz soyenine beriň hem-de olaryn bagtyny gorup yashan olar soyushmese bir birini tanamasa nadip bile bir yassykda yatasy geler, goý her bir ynsan oz soyeni bilen oz durmushyna guwanyp yashasynlar Allajan !

34
346