Uzukjemal
28.04.2023 23:31

Asmanda patrak deýin ýyldyzlar şöhlesini saçyp, rahat ses- üýnsüz tomus gijeleriniň biridi. Gündiz oba ýerinde zähmetiň gaýnap, gijelerine zähmetkeş adamlaryň jana melhem gök çaýdan teşneligini gandyryp, gündizki ýadawlyklaryny sowýan wagtlarydy. Şol wagt Maksat asmana seredip, ýyldyzlary synlap göýä öz aşyk bolan gyzynyň keşbini şolarda görýän ýaly çuňňur oý-pikire batyp ýatyrdy.


Maksat ýokary okuw jaýynda okaýardy. Ol orta boýly, tegelek ýüzli, alçak, sypaýy oglandy. Onuň iň halaýan zady özbaşdak gyzykly kitaplary okamakdy. Ol oba tomusky okuw rugsadyna baranda Jennet atly bir gözel gyza aşyk boldy. Maksat Jennede aşyk bolmazyndan öň hem ony gören mahalynda ýüreginiň urgusy çaltlaşyp, mälim bolmadyk ajaýyp duýgular gurşap alýardy. Jennet Maksadyň daýzasynyň gyzydy, şonuň üçinem ol ýüreginde dörän bu ajap duýgyny gyza aýtmakdan çekindi. Biraz wagt geçse bu duýgular wagtlaýyndyr unudylyp gider diýip pikir etdi, emma ýüregindäki söýgi uçgunjyklary edil gury oduna düşen köz deýin ýakyp ýandyryp barýardy. Jennediň gül keşbi Maksadyň gije ýatsa düýşüne, gündiz wagty göz öňüne gelip başlady. Ahyry ol Jennede ýüregindäkini aýtmaly diýen netijä geldi. Birdenem ertir Jennediň doglan günüdigi onuň ýadyna düşdi. Aşyk bolan gyzynyň doglan gününi nähili gutlajagy hakynda oýlanyp howsala düşüp başlady. Ajaýyp duýgulara gaplanan aşyk ýigidiň ýüregi joşman durjakmy. Jennediň görmegeý, mähirli keşbini ýatlap Maksat ýüregindäki duýgularyny hem siňdirip goşgy setirlerine başlady. Goşgy ýazyp oturyşyna ol eli kagyzdyr galamly uklap galdy.


Ertesi gün ir säherden Maksat oýanan badyna aljyraňlyk bilen el telefonyny aldy we Jennediň belgisine aýlady. Jennet jaňy aldy:


Alo

Salam Jennet men Maksat!

Salam Maksat gowumy ýagdaýlaň? Daýzam dagam gowumy?

Hawa oňat menem. Ejem dagyňam oňat ýagdaýlary!

Hm bolýa

Neme Jennet doglan günüň gutly bolsun uzak ýaşa!

Hm sagbol Maksat.Ýadyňdan çykarmansyň. Bilýäňmi sen meniň doglan günümi ilkinji bolup gutladyň!

Heý seniň doglan günüňem ýatdan çykaryp bolarmy! Ilkinji bolup gutlan menmi? Gör nähili bagt!

Düşünmedim nämäň bagty?

Bolýa Jennet soňra düşündirerin sagbol!

Bolýa sagbol!

Aşyk gyzynyň doglan gününi ilkinji bolup gutlamagy Maksadyň şatlygyna şatlyk goşdy. Aýaklary ýerden kesilen ýaly boldy. Onuň ýüzündäki ýylgyryşyndan gözleriniň içindäki söýgi uçgunjyklarynyň ýalpyldaýşyndan onuň aşyk bolandygyny aňmazlyk mümkin däldi. Maksadyň ejesi Mähri daýza örän synçy zenandy. Oglunyň hereketlerinden onuň bir gyza aşyk bolandygyny aňdy. Soramakçy boldy emma oglunyň çekinip aýtmajagyny bildi.


Aşyk ýigit şol begenip ýörşüne nädip agşam düşenini bilmedi. Agşam naharyny edinenden soň ol Jennede ýazan goşgusyny bermek hem-de oňa bolan duýgularyny aýtmak üçin Merjen daýzalaryna gitdi. Merjen daýzasy ony örän gowy görýärdi hatda öz ogullaryna hem: “ Maksatdan görelde alyň şonuň ýaly köp kitaplary okaň, ýokary okuw jaýynyň talyby boluň” diýip ündärdi. Merjen daýza Maksady görenine begenip ony mähir bilen gujaklady.Saglyk amanlyk soraşylandan soň, Maksat öz otagynda oturan Jennediň ýanyna bardy. Ilki bilen onuň gözlerine bakyp doglan gününi gutlady. Soňra ýanyna alyp gelen goşguly kagyzyny onuň eline berdi we okamagyny haýyş etdi. Haty eline alan Jennet geň galyp Maksada seretdi-de, garaja gözlerini tegeläp haty okamaga başlady. Hatda söýgi sözleri ap-açyk beýan edilipdi. Jennet haty okandan soň ýüzüni ýerden galdyrmady, utandy aşyk ýigidiň gözlerine bakmakdan çekindi. Gyzyňam ýüreginde Maksada garşy duýgular ýok däldi, çünki Jennediň ejesi Merjen daýza Maksady örän gowy görýärdi we gyzyny oňa durmuşa çykarmak isleýärdi. Aram-aram degişýärmi ýa çyny bilen diýýärmi Jennede seni Maksada durmuşa çykarjak diýerdi. Maksat haty okap bolandan soň, aşak bakyp oturan Jennediň elinden tutdy. Gyz derrew aşyk ýigidiň gözlerine bakdy, Maksat oňa şeýle diýdi:


Jennet men seni söýýän!!!

Gyz jogap bermän saklandy. Çagalykdan bileje önüp-ösenleri üçin Jennet Maksady gowy tanaýardy onuň söýen gyzyny jany-teni bilen söýüp, elmydama bagtly etjegini bilýärdi. Maksat utanjyndan ýaňa gürläp bilmän duran Jennede bakyp ýene-de şol söýgi sözlerini gaýtalanda ol ýuwaşlyk bilen:


Menem

diýip jogap berdi. Maksat bu jogaby eşidip özüni ýitirdi, aýaklary ýerden kesilen ýaly boldy. Birdenem begenjine Jennediň ýaňagyndan ogşap goýberdi. Jennet utanjyna çym-gyzyl boldy, Maksadyňam ýüzi Jennediň ýüzi ýalydy. Utanjyndan oturyp bilmän Jennediň otagyndan çykyp göni öýlerine gaýtdy. Öýüne gelse öýündäkiler eýýäm ýatan ekeni. Ol ýuwaşlyk bilen pişik basyşyny edip öz otagyna geçdi. Uzak gije begenjinden ýaňa gözüne uky gelmedi.


Şol begenip ýatyşyna birdenem tomusky okuw rugsadynyň tamamlanmagyna bary-ýogy birje gün galandygy ýadyna düşdi. Söýgä sataşyp aşyk ýigit tas wagtyň hasabyny unudan ekeni. Ertesi gün Maksat dogan-garyndaşlary bilen hoşlaşmaga gitdi. Ählisi bilen hoşlaşyp, iň soňunda Merjen daýzalaryna bardy. Daýzasy bilen sagbollaşyp Jennediň otagyna girdi. Otaga girse Jennet gözüni güldürüp aşyk ýigidini görenine örän begendi. Maksadam oňa ýylgyryp bakyp durdy. Otagyň içini ümsümlik gurşap aldy. Şol wagt diller däl-de gözler öz aralarynda gürleşýärdiler. Maksat bu ümsümligi bozup Jennede okuw rugsadynyň tamamlanandygyny, ertir ýola düşýändigini aýtdy. Jennet ony eşidip, ýüzündäki şatlyk-şowhunyň ýerine gam-gussa aralaşdy. Ol söýgülisinden beýle çalt uzaklaşmak islemedi. Garaja gözlerinden damja-damja göz ýaşlary akyp başlady. Maksat özüniň uzak wagtlyk gitmeýändigini, ýygy-ýygydan hat ýazyp durjakdygyny aýdyp söýgülisini biraz köşeşdirdi-de hoşlaşyp gaýtdy.


Maksat uly höwes bilen täze okuw ýylyna başlady. Okuw sapaklaryna ýetişigi oňatdy.Sapaklaryndan boş wagty öýündäkilere-de, Jennede-de hat ýazyp durardy. Ine-de bir gün Maksada bir hat geldi. Ol hat onuň ejesi Mähri daýzadan gelipdi. Maksat derrew haty açyp okamaga başlady. Hatda ejesiniň ony öýerip, öýli-işikli etmek isleýändigi beýan edilipdi. Hatda ýene-de şeýle sözler bardy:


Göwün beren gyzyň barmy? Eger ýok bolsa Merjen daýzaň gyzy Jennedi saňa mynasyp görýärin!

Maksat bu setirleri okap ganat baglap uçaýjak boldy. Ol ejesine daýzasynyň gyzyna aşyk bolandygyny nädip aýdarkam? diýip pikir edip ýördi. Maksat derrew hata jogap ýazmaga başlady. Ol hatynda ejesiniň özüne mynasyp gören gyzyna öýlenmäge razydygyny ýazdy we haty derrew ugratdy. Hatyny ugradanyna uzak wagt geçmänkä yzyna hatyň jogaby geldi. Ol hatda şeýle sözler bardy:


Oglum şol seni öýermek baradaky meseläni daýzaň bilenem maslahatlaşdyk. Daýzaňam, Jennedem toýa razylyk berdiler. Nesip bolsa indiki dynç alyş rugsada geleniňde Jennet bilen seniň bagt toýuňyzy toýlarys. Bolýa oglum sagbol onda, jan saglygyňa gowuja seret, sagamanja oka!!!



Çäksiz söýgüm bilen EJEŇ!!!

23
181
Uzukjemal
29 Aprel 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98, cyndanam aydym aytyanmay sen
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
29 Aprel 2023
Uzukjemal, Bibitäç aýdymy däl Ananas banan gyzlar aýdymyny diňläp gördüm ýöne şol aýdymam aýtýardym
Uzukjemal
29 Aprel 2023
seljukly, Bibitac 😅 gowy aydym
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
29 Aprel 2023
seljukly, Hoja halypaň söýgi diýlende Asyr halypaň Hojaň aýagyna basany Hojada köwşüm aýdymny aýdany ýadyma düşdi
real madrid
29 Aprel 2023
Bravo
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
29 Aprel 2023
seljukly, söýgi diýilende Bir zad ýadyma düşdi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.