Uzukjemal
01.05.2023 22:31

"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy). Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,

(Munça içmekligiñ ýokdy geregi)

Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,

çenden aşa köp içende aragy.

çüýşleriñ sany bolupdyr elli,

Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,

Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,

çenden aşa köp içende aragy.

Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,

Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,

Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,

çenden aşa köp içende aragy.

Jülgedir,Awaza hem-de ak bugdaý,

Garyşdyryp içdiñ ine-de ýagdaý,

şo gün dogmaly gün,üç gün soñ dogdaý,

çenden aşa köp içende aragy.

şol araklar aksa derýa bordy giñ,

Ikinji orunda galsa gerek Nil,

özüñe gelensoñ gözlediñ pahmil,

çenden aşa köp içende aragy.

Eşikleriñ trýapka-da ýaramaz,

Arak ýörär damarda gan ýöremez,

Iki üç hepdeläp heleý garamaz,

çenden aşa köp içende aragy.

Dostlaryñam hezil edip güldüler,

şo gün seniñ kimdigiñi bildiler,

(hormat edip) kamerada Aldylar,

çenden aşa köp içende aragy.

ýakynda bolupdyñ edara başlyk,

Nebisiñ baýnady köp etdiñ hoşluk,

şeýdip iş ornuñda döredi boşluk,

çenden aşa köp içende aragy.

Bir günlük keýp üçin işiñem gitdi,

(şo gün urupdyrlar) dişiñem gitdi,

Bu goşgy sen hakda,

Al!

Oka!

Bitdi...

"ÇENDENAŞA KÖP IÇENDE ARAGY"

28
362
gayrat_
17 May 2023
Aragy azyrak icmeli ekena 😨😞🎭
gayrat_
17 May 2023
Aragy azyrak icmeli ekena 😨😞🎭
Myhman
3 May 2023
Gowy😊😊😊
balkan_gyzy
2 May 2023
👍👍.....
işan
2 May 2023
Erbet däl bolýar 👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.