Uzukjemal
04.05.2023 02:24

Ag­şam­lyk na­ha­ry

Bir og­lan ag­şam­lyk na­ha­ry­ny edin­mek üçin gar­ta­şan ka­ka­sy bi­len gar­ba­nyş­ha­na gir­ýär. Olar na­har edi­nip otyr­ka­lar, ka­ka­sy atan­lyk­da üst-ba­şy­na na­har dök­ýär. Og­ly der­rew ýe­rin­den tu­rup, des­mal bi­len gar­ry ka­ka­sy­nyň üst-ba­şy­ny aras­sa­la­ma­ga dur­ýar, soň­ra el-ýüz ýu­wul­ýan ota­ga el­tip, eşi­gi­ne de­gen na­ha­ryň teg­mil­le­ri­ni ýuw­ýar. Olar ýe­ne öň­kü­le­ri ýa­ly sto­luň ba­şy­na ge­çip, ag­şam­lyk na­ha­ry­ny edin­ýär­ler, soň­ra çaý ba­şyn­da söh­bet ed­ýär­ler. Og­la­nyň he­re­ket­le­ri­ne bu ýer­de otu­ran­la­ryň sy­ny otur­ýar.

Garbanyş­ha­na­dan çy­kan­soň­lar ka­ka­sy:

– Og­lum, içer­de hiç zat go­ýup gaýt­ma­dyň­my? – di­ýip so­ra­ýar. Og­lan bi­raz oý­lan­ýar-da:

– Aý, ýok-la, ka­ka, hiç za­dym-a gal­ma­dy – di­ýip jo­gap ber­ýär. Şon­da ka­ka­sy:

– Ýok, og­lum, sen içer­de og­lan­la­ra gö­rel­de, ka­ka­la­ry­na bol­sa sen ýa­ly asyl­ly og­ly ke­ma­la ge­tir­mek ha­kyn­da ar­zuw go­ýup gaýt­dyň – di­ýip, buý­sanç bi­len jo­gap ber­ýär.


Bagt

Bir gün Sok­rat şä­girt­le­ri­ne şeý­le so­wal bi­len ýüz­len­ýär:

– Eý­sem, dur­muş­da iň esa­sy zat nä­me?

Onuň şä­girt­le­ri bu ba­ra­da öz pi­kir­le­ri­ni aý­dyp ug­ra­ýar­lar. Ola­ryň bi­rin­ji­si şeý­le diý­ýär:

– Dur­muş­da iň mö­hüm zat jan-sag­lyk.

Ikin­ji­si köp oý­lan­man şeý­le di­ýýär:

– Me­niň pi­ki­rim­çe dur­muş­da iň esa­sy zat, oňat be­den gur­lu­şy­na, sy­rat­ly ka­ma­ta eýe bo­lup, adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ňe çek­mek.

Üçün­ji­si:

– Me­niň pi­ki­rim­çe iň esa­sy zat gurp­ly bo­lup, jem­gy­ýet­de öz or­nu­ňy tap­mak.

Şä­girt­le­ri öz pi­kir­le­ri­ni aý­dan­soň, olar Sok­rat­dan:

– Ýog­sa-da ha­ly­pa, eý­sem, si­ziň özü­ňiz bu ba­ra­da nä­hi­li pi­kir ed­ýär­si­ňiz? – di­ýip, so­ran­la­ryn­da Sok­rat şeý­le jo­gap be­rip­dir:

– Dog­ry, si­ziň pi­kir­le­ri­ňiz hem bi­çem däl. Ýö­ne men dur­muş­da iň esa­sy zat bagt ha­sap­la­ýa­ryn. Eý­sem, siz sag­dyn adam dur­muş­da hök­man bagt­ly bo­lup bi­ler di­ýip pi­kir ed­ýär­si­ňiz­mi?

Ony diň­le­ýän şä­girt­le­ri şeý­le di­ýip­dir­ler:

– Ýok, ha­ly­pa! Bol­man hem bi­ler.

– Oňat be­den gur­lu­şy­na, sy­rat­ly ka­ma­ta eýe bo­lan adam dur­muş­da bagt­ly bo­lup bi­ler öýd­ýär­si­ňiz­mi?

– Ýok, ha­ly­pa! Bol­man hem bi­ler – di­ýip, şä­girt­le­ri jo­gap be­rip­dir­ler.

– On­da siz ma­ňa aý­dyň, gurp­ly we jem­gy­ýet­de or­ny bo­lan adam he­mi­şe bagt­ly­my?

– Ýok, ha­ly­pa! Gaý­tam ter­si­ne şeý­le adam­lar köp­lenç ýal­ňyz bol­ýar­lar – di­ýip, şä­girt­le­ri jo­gap be­rip­dir­ler.

– Bu ýer­de sa­na­lan yn­san mer­te­be­si­niň haý­sy bi­ri­ni has ile­ri tut­ýar­sy­ňyz? My­sal üçin, si­ze kimdir biriniň mas­la­ha­ty ge­rek bol­dy di­ýe­liň. Şon­da siz haýsy adama ýüz tu­tar­sy­ňyz. Jem­gy­ýet­de öz or­ny bo­lan gurp­lu­sy­na­my, oňat be­den gur­luş­ly sy­rat­ly­sy­na­my ýa-da dur­muş­da iň bagt­ly adama­my? – di­ýip, Sok­rat şä­girt­le­ri­niň ýü­zü­ne so­rag­ly na­za­ry­ny aý­lap­dyr. Şä­girt­le­ri­niň üçü­si hem bagt­ly ynsany has my­na­sy­by hök­mün­de yk­rar edip, bagt­ly adamdan mas­la­hat al­jak­dyk­la­ry­ny bi­ra­gyz­dan tas­syk­lap­dyr­lar.

– Şeý­le­lik­de, bi­ziň hem­mä­miz bag­tyň iň ýo­ka­ry eş­ret­di­gi­ni, bu dur­muş­da iň mö­hüm zat hök­mün­de oňa ym­tyl­ma­ly­dy­gy­my­zy bi­ra­gyz­dan yk­rar et­dik – di­ýip, Sok­rat ýyl­gy­ryp­dyr.


Ra­hat­lyk zo­la­gy

Bir guş­ja­gaz ym­gyr çöl-be­ýe­wa­nyň için­de gu­rap ga­lan aga­jyň şa­ha­la­ryn­da ýa­şa­ýan eken. Gün­le­riň bir gü­ni güýç­li tu­pan tu­rup, aga­jy kö­ki-da­ma­ry bi­len go­pa­ryp, hon­da taş­la­ýar. Bet­bagt guş­ja­gaz pe­na­la­ma­ga ýer göz­läp uzak men­zil­le­ri kül­ter­le­me­li bol­ýar. Ol ahyr­so­ňy bul­du­rap du­ran çeş­me­li, mi­we­le­ri­niň ysy bark ur­ýan sal­kyn sa­ýa­ly ba­gyň üs­tün­den bar­ýar.

Ha­wa, eger-de gu­ry agaç abat ga­lan bol­sa­dy, on­da özü­niň öw­re­ni­şen ýe­ri­ni taş­lap gaýt­ma­ga guş­ja­ga­zy hiç bir güýç mej­bur et­mez­di.

27
242
okayjy
4 May 2023
Soñky manysy uly 👍
Uzukjemal
4 May 2023
gul_,okyjy dz,🤗
okyjy dz
4 May 2023
ählisinem haladym👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.