Tayler
08.09.2024 21:19
SOWUKLYK
Gowluk hakda tutarygy az bolan,
Ýamasy köp “ynsan” diýen eşigmiň.
Gyryp ençe arzuwlarmyň ganatyn,
Göge bakyp ýerdeligme düşündim.
Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym,
Şeýdip başym kän degipdi daşa-da.
Ýöne ýene rowa görmän özüme,
Men ömrümi özge üçin ýaşadym.
Ýetilmedik menzillemde arman bar,
Uçup bilsem, düşlemezdim ýerde men.
Tapmak üçin asmanda bir çäresin,
Zemin içre derman gözlän derdimiň.
Gözlerimde ahmyr bolan ýaşlaram
Owasynda ýöne ýere doňmady.
Gussasy kän sowuklykdy, sowukdy
Maňa dünýäň bar eçilen sowgady.
…Nirä baksam, mähir küýsän dideler –
Arzuwlarny gussalarna düşeýän.
Halys indi ýadatdy bu sowuklyk,
Halas ediň, men şeýlebir üşeýän.
Author: Allanur Bathyz
16
65
Tayler
08.09.2024 18:14
SOŇKY GEZEK
Soňky gezek görüşeli,
Atyşaly...
ㅤㅤㅤㅤㅤ...birki nazar.
Galam deý ýiti kirpikleň
Belki-de, kalbyma ýazar
Bar soraglaň bellisini,
Ýa goýar garagmy oýup,
Gyzyl nokat belgisini.
Soňky gezek sataşaly,
Tutaşaly alaw ýaly,
Bolsa-da şunça ýaşalan
Zatlaň bary ýalan ýaly.
Açaly ähli syrlarmyz,
Sebäbi biliner ir-giç.
Synlaýyn görmedik ýaly
Men seni şu çaka deňiç.
Soňky gezek duşuşaly,
Uçaly birdemem bolsa.
Alaýyn razylygyňy
Eger göwne degen bolsam.
Şatlyklary alyp git sen,
Goý-da maňa gaýgylary.
...Görüşeli soňky gezek,
Soňky gezek aýrylaly.
Author: Mukam MUHAMOW
12
61
Tayler
07.09.2024 23:22
Gamgyn gözleň bilen bakmagyn maňa,
Ýüregiňem gyýylmasyn - hiç sapar.
Sen bagtyňa basymrajyk gowuşsaň,
Meň bagtymam senden ir däl, giç tapar.
Meňzeşiňi tapjagymam gümanly,
Arzysydyň ähli dörän gülleriň.
Alanyňy duýmandyryn gideňde,
Şatlygyny, şowhunyny günleriň.
Gözlemedim özgelerden sapany,
Wepany-da tapmadygma gynanman.
Begenipler toý tutjagmam belli däl,
Höwürdeşim, ýalňyzlykdan dynanma.
Toprak üçin mydam gowsy bolýar-a,
Ýagýan ýagyş siňňitli hem giç diňse.
Emma sen bir gözýaşyňy dökmegin,
Diňe sen däl, gyýylmasyn hiç kimse!
Author: Ylham Gurbanaly
9
31
Tayler
05.09.2024 18:15
GÖWÜN SUW BERERMIŞ ARZYLY GÖWNE...
Alty aý mundan öň tutupdym bir bagt,
Bu bagtym bagtlara sep bolar öýtdüm.
Häzir bolmasa-da, haçandyr bir wagt
Dertli geçmişime nep bolar öýtdüm.
Göwün suw berermiş arzyly göwne
(Şeýle göwne eýe bolsa her göwre...),
Etmekden saklanan işlem bir döwre
gurap, uly ile gep bolar öýtdüm.
Az dymdym, “Döz gelmez dymşyma” diýip,
Şem boldum, “Dözmezler damşyma” diýip,
Gaýypdan ses gelip, “Daň şuňa!” diýip,
Ykbaly ykbalma ýüp bolar öýtdüm.
Dünýämi tutupdyr aýazy çilläň,
Sansyz oý-küýleriň mesgeni kelläm.
Durkumy paralap, atylýan gülläň
Ähli nyşanasy çep bolar öýtdüm.
Käte öz-özümden göwünim bitdi,
Käte öňki-soňky umydym ýitdi,
Meni bir alada döşümden itdi:
Söýgim naçar köňle ýük bolar öýtdüm.
Author: Sapa Hommadow
12
27
Tayler
01.09.2024 19:41
Salyh ibn Abdylkuddus öz şygrynda şeýle diýdi*:
«Dostly bolmak isleseň,
Her kişiniň dostdygyna ynanma.
Olaryň arasynda özüňi ýitirseň,
Akyly bar adamlardan üzülme.
Asmandan inen zerli ýagyş hem bolsa,
Nadanlaryň hiç zadyna ezilme.
Edepsiz bendäni öz ugruna goý
Olardan başyňa ýetmez ýaly gaý».
Abdylla ibn Mübärek şeýle diýdi:
«Danalar bilen söhbetdeş bolmakdan başga ähli lezzetler
irizýändir. Biz akylly adamlar azdyr öýdýärdik, emma olar
ýöne bir az hem bolman, örän az eken».
Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala perişdelere
şöhwet bermän akyl berdi. Adam ogullaryna akyl bilen şöhwet,
haýwanlara bolsa akyl bermän, diňe şöhwet berdi. Adam
oglunyň akyly öz şöhwetinden üstün gelse, ol perişdelerdenem
ýagşy görüler. Eger akyly ejiz bolup, şöhweti üstün gelse, onda
haýwanlar ondan ýagşyrak görüler» diýdi.
Günleriň birinde Jerir ibn Abdylla Bejeli Pygamberiň
ýanyna baryp, «Eý, Resulalla, Alla seni näme bilen pygamber
edip iberdi?» diýende, ol: «Akyl bilen» diýipdir. «Alla saňa
näme buýurdy?» diýende, «Akylly bolmagy» diýip, jogap
beripdir. Abdylla oňa garap: «Janym saňa gurban bolmuş,
bizde akyl nireden bolsun?» diýende, Pygamber: «Eý, Jerir,
akylyň çägi bolmaz. Ýöne, Allanyň ygtyýar eden zatlaryny
halal, gadagan eden zatlaryny haram saýýan adam hem
akyllydyr. Mundan soňra, yhlas bilen ybadat etse dindar
diýiler. Eý, Jerir, meni hak pygamber edip iberen Hudaýyň
adyndan sözleýärin, akylly adamyň namazda bir gezek eglip-
galmasy, nadanyň müň gezek eglip-galmasyndan zyýadadyr»
diýdi.
Reýhan Horezmi "Mertebeler we kemlikler"
16
67
Tayler
31.08.2024 10:58
Biz hemişe gürlemegi söýýäris,
Görmän, bilmän, göz ýetirmän öňünden:
"Ýyllar geçýär...ýyllar geçýär..." diýýäris,
Emma biz geçýäris ýyllaň deňinden.
— Nobatguly Rejebow.
Zenan diňe özüniň ýaşy baradaky syry saklap biler 😊
— Wolter.
Söýginiň matematikasy:
2-den 1-i aýyrsaň 0 galýar...💔
Ýat edýär köl-derýa,
Ördegin-guşun.
Söýýän güýz paslynyň,
Tukat görnüşin.
— Gurbannazar Ezizow.
Şeýle bir ýadadym welin, indi uky maňa dynçlyk berenok...
— Jon Steýnbek.
Hökman öýleniň!
Eger aýalyňyz gowy bolsa bagtly bolarsyňyz. Eger erbet bolsa-da filosof bolarsyňyz :)
— Sokrat.
Gitseň şahyr bolaryn,
Galsaň seňki :)
— Anonim.
Seni söýenlerini isleseň olardan gaç...
— Marilyn Monroe.
Saňa men "ilkinji söýgim" diýmerin,
Sebäbi ikinji söýgi ýok mende ❤:)
— Akmyrat Jumaýew.
Biz kämil däl, diýmek —durmuşam...
— Dalaý Lama.
Jahylyň ýygralygy, gyzyň batyrgaýlygy çyn söýgüniň başky alamatlarydyr :)
— W. Gýugo.
Hormatdan uly söýgi ýok :)
— Muhammet pygamber (s.a.w).
Internetden toplanan
13
68
Tayler
30.08.2024 17:57
"Gel ikimiz dost bolaly" diýýärsiň,
Hem çalýarsyň pagta bilen damagymy.
Gursagymda gopýan harasatlardan,
Şunça wagt dälmidiň gyz habarly?
Ýürek bilen beýniň aralygyna,
Salmak isleýärmiň ýa-da söweş-jeň.
Söýgi diýmek meniň özüm ahbetin,
Ýüz öwürip bilerinmi men özümden.
Eliňe düşüpdir ykbal galamym,
Ýazgydym gyş-güýzmi, tomusmy, ýaz ýa,
Seniň görküň hyýallarymyň bezegi,
Seniň durkuň tutuş meniň poeziýam.
Kän alladym ýöne seniň gaşyňda,
Ýalan söz çykmandy ýürekden, dilden.
Goý, men ýene aşyklygyma galaýyn,
Bagyşla, men saňa dost bolup bilmen.
— İlmyrat Babaýew.
16
98