Tayler
08.09.2024 18:14
SOŇKY GEZEK

Soňky gezek görüşeli,
Atyşaly...
ㅤㅤㅤㅤㅤ...birki nazar.
Galam deý ýiti kirpikleň
Belki-de, kalbyma ýazar
Bar soraglaň bellisini,
Ýa goýar garagmy oýup,
Gyzyl nokat belgisini.

Soňky gezek sataşaly,
Tutaşaly alaw ýaly,
Bolsa-da şunça ýaşalan
Zatlaň bary ýalan ýaly.

Açaly ähli syrlarmyz,
Sebäbi biliner ir-giç.
Synlaýyn görmedik ýaly
Men seni şu çaka deňiç.

Soňky gezek duşuşaly,
Uçaly birdemem bolsa.
Alaýyn razylygyňy
Eger göwne degen bolsam.

Şatlyklary alyp git sen,
Goý-da maňa gaýgylary.
...Görüşeli soňky gezek,
Soňky gezek aýrylaly.

Author: Mukam MUHAMOW
12
55
Tayler
9 Sentýabr 2024
@manolya, goodnight 👋
manolya
9 Sentýabr 2024
@Tayler, aý ýok sag bol 😴ýataýyn
Tayler
9 Sentýabr 2024
@manolya, oturda biraz😃
manolya
9 Sentýabr 2024
@Tayler, wi 😅 geň görme ukym gelýä başga zatlar samrap ugramankam ýataýyn 🙇🏻
ylham_gurbanaly
9 Sentýabr 2024
Açaly ähli syrlarmyz, Sebäbi biliner ir-giç...
Tayler
9 Sentýabr 2024
*Muhammedow
Tayler
9 Sentýabr 2024
@manolya, Mahammedow dâl, Muhamow, köne tanyş)
Tayler
9 Sentýabr 2024
@manolya, düşünmediňmi?
manolya
8 Sentýabr 2024
👍🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.