Tayler
24.09.2024 00:42
«Gelen çagyň bahar, giden çagyň gyş,

Ähli zat buz ýaly sowaýar, ynan!»

Sen sözlerňi gaýtalaýaň ynamly.

A men ol sözlere edemok ynam.


Geň galyp, ýüzüňe bakýan düşünmän.

Diýjek bolýan «Seniň bu sözleň ýalňyş».

Sen ne-hä diňleýäň, ne-de bir dymýaň,

«Gelen çagyň bahar, giden çagyň gyş».


Pikir edýän, «Nädip, beýle tebigat,

birje adam üçin üýtgäp bilýärkä?!

Onsoňam, men «gyş» diýip, «gar» diýip heläk.

Ol nämüçin men gidemsoň gelýär-kä?!»


Aýgül Garaýewa
12
49
Tayler
22.09.2024 18:59
BAGLYLYK 😊

Ýanyňda bolmasam, ýadyňda borun,
Men bir pikir borun ýüregňe düşýän.
Gijeler meň adym düýşüňden çykmaz,
Barlygym gündizem huşuňda düşlär.

Çemin tapman menden sypyp gitmegiň,
Özüňi günäläp, çekersiň yza.
Bir görseň, ähli zat ýalan ýaly bor,
Bir görseň, ähli dert üstüňe dyzar.

Aňymda yza bar seniň adyňdan,
Ony ýürek arasynda daşadýan.
Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan,
Menden saňa dönüp gitmek başartmaz.

Derdiň men bolaryn, dermanyňam men,
Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn.
Giň dünýäni dar eýleýip başyma,
Söýgüsin ýygşyryp-bukýan bolmaryn.

Gözýaş bolar käte derdiň egisjek,
Käte öten günler bolar teselli.
Sen bu derdi satyn aldyň meýletin,
(Asyl, söýgi seň çakyňdan ýesermi?).

Her ynjyk pikiriň göwnüňe deger,
Özüňe özüň deý tapmarsyň duşman...
...Ýanyňda bolmasam, ýadyňda borun,
Men bir pikir borun ýüregňe düşýän...

— Parahat Mämmetnurow.
15
64
Tayler
21.09.2024 12:50
1. Sen ony nâçe söýseň söýüber. Eger seniň söýgüliňe pal atýan daýza "Ol seni söýmeýân eken" diýse boldy, bar zat gutardy...

2. Öňler babamyň söýgülüsine gahary gelen wagty kepderi tutup stena urýan eken. Sebâbi o döwürde telefon ýokda...

3. Düýşümde üýşüp uruşjak bolup durkak oýandym. Olar "nirâ ýitdi birden" diýendirler...

4. - Aýnur şu gün sagat 19:00-da romantik agşam naharyna çagyrsam nâhili görýâň?
- Men razy, göni 19:00-da barýan onda!
- Ýok, sen 17:00-da gel, agşamlyk nahar öz-özüni bişirmez...

5. Ejemiň ýörite myhmanlar üçin bukup goýýan şokoladlaryny FBİ-iň awçarkasam ysyrganyp tapyp bilmez...

6. Maňa soňky gezek " Sen owadanja, saňa âhli zat gelişýâr" diýip magazinda 50 manatlyk balagy 70 manada sokjak bolan daýza diýipdi...

7. Bir adam uçarmandan soraýa:
- Şu uçar nâce tizlik bilen gitýâr?
- 700-800 km/sag tizlik bilen gitýâr!
- Bâýbâ, onda bul-a uçýandyraý hâ?!...

8. Gyzlaň sumkasy edil "Google" ýaly. Nâme gözleseň çykyp dur...
20
216
Tayler
18.09.2024 18:46
1. Angliýa gezelenje giden Ependi bir iňlisden adyny soraýar:
- Adyň nâme?
- Bill!
- Bilsen senden sorajakmaý.

2. Oglan gyza sms ýazýar:
- Şalam!
- Nâme üçin Şalam diýip ýazýaň?
-Agzymda nas bar!

3.Gyzlar öýde asgyranda:
- Hapşuuuu ....
Daşarda asgyranda:
-Ptsii...

4. iPhone 15 pro alan maşgalada:
- Kaka bu gün 2 anakom iýelimi?
- Samsykmy sen, ertir nâme aç oturjakmy!

5. İnternetde bir naharyň reseptini gördüm. Bişirjekdim welin, öýde nahara gerek diňe gazan bar eken

6. - Ezizim, meni ilkinji gezek gören günüň ýadyňdamy?
- Hawa, elbetde, güneşli howaly gündi, başyma beýle betbagtçylygyň geljegine garaşamokdym!

7. - Dost mende âhli zadym bardy. Pul, iki gatly öýüm, maşynym, owadan söýgülim. İndi bularyň bary elden gitdi.
- Nâme boldy beýle?
- Öýdâkim bildi!....

8. Gyzlarda dyrnak bilen kirpik bolmadyk bolsa, gaty köp gyz işsiz galjak eken :))

9. Gyzlaryň düşünjesi:
- Familiýam Instagrama ýazarlyk derejede owadan bolmasa, otçestwamy ýazaryn.....

10. İýeniň bo:r kalbasa,
Sogan hem goşaý bolmasa,
Şular ýalydyr günümiz
Öýde aýal bolmasa.

11. Söýgülim:
- Merdan ýatyrsyňmy?
- Ýok, ýatamok!
- Gözüň nâme üçin ýumulgy onda?
- Zrenýamy tygşytlaýan!
34
491
Tayler
18.09.2024 09:07
BIR KIÇIJIK ŞÄHERDE 🙂


Men bärde hiç kimiñ ünsüni bölmän,

Ilmän ýaşap ýörün gyzlañ gözlerne.

Aslynda, gaýdypdym, saklanyp bilmän,

Gidýän diýip öz-özümiñ gözlegme.


Geldim galman orta ýolda, azaşyp,

Ýöne gowy bordy eger gelmesem.

Bu ýerde arzuwlam adatylaşyp,

Aşak düşdi adamlaryñ deñine çen.

Bir umyt bar, süýräp gezýän adamy,

Öýe dolanylýar hut şol synansoñ.

Ýowuz eken höwes eden zadyñy,

Tapan wagtyñ gözläniñe gynansañ.


— Mätgurban Mätgurbanow.
14
44
Tayler
15.09.2024 13:56
Ýagyşly säher


Şybyr-şybyr ýagyş ýagdy bu säher,

Ýada salyp geçen bahar aýdanňy.

Duýdum damjalaryň tolgunşyn synlap,

Ýaňja seniň keşbiň görüp gaýdanny.


Meňzeş gördüm bu damjalaň her birin –

Seniň yşkyň salnan düwünçejige.

Çalymdaş olaryň şabyrdysy-da

Meniň şat-şadyýan göwün sesime.


Synlap durun kalby nuruna ýuwup,

Kümüş dürleň gökden täsin dökülşin.

Bu ömürde bolan-boljak zatlara

Ne-hä howsalam bar,

   ne-de ökünjim.


Asyl, dünýe döräp, gussa-gam, arman

Hiç bolmadyk ýaly,

  bolmajak ýaly...

Göwnüňe, göwün deý açylan güller

Müň aňzak gelse-de, solmajak ýaly.


Adamlar hiç haçan ölmejek ýaly...

Bar zat, bar zat... häzir şeýle eziz-le.

Sen bar, men bar

hem tans edýän ýagyşlar...

Ýüregi suwluja bu giň Zeminde...

Kakamyrat Rejebow
14
140
Tayler
13.09.2024 18:33
1. Toýda tamada gürleýâr:
- Gadyrly toýa gelen myhmanlar! Durmuşa çykýan gyzymyzyň öňki söýgülisiniň klasdaşlarynyň islegi boýunça lezginka tans sazlary bilen toýumyzy dowam edýâris!

2. Sudýa:
- Günâkârlenýân! Siz nâme üçin satyjynyň kellesine daş bilen urup deşdiňiz?
Günâkârlenýân:
- Ol daş dâl. Ol onuň sweži diýip satýan bulkasy!

3.Çaga daýhan kakasyna ýüzlenýâr:
- Kaka nâme üçin liliputlaryň boýy kiçi bolýar?
- Azody ýetenok!

4. - Çopan geçiniň sakgaly hany?
- Sy:rdym. Ol entek çebiş ahyry!

5. - Sen öýüňde gaplaň saklaýarsyň diýýârler. Şol çynmy?
- Hawa. Ýöne, ol şuwagt atasy öýüne gitdi!

6.Ýaş ýigit gyza sowgat bermekçi bolýar:
-Ezizim sen haýsy güli halaýaň?
-Günebakary!
- O nâ?
- Oň çigidini çigitlâp bolýar!

7. Obaň içindâki bir howla uçýan tarelka gonupdyr. Onuň içinden üýtgeşik - üýtgeşik jandarlar çykypdyr. Öý eýesi ýüregi ýarylara gelip zordan olaryň ýanyna barypdyr:
- Siz kim bolarsyňyz?
- Biz başga planetadan geldik. Elimizden gelmeýân zat ýok. Nâme isleseň bitirip bilýâs. Ýöne bir şert bilen: eger sen bir zat dileseň goňşyňa ikisini berýâs. Aýdaly, sen bir jaý dileseň goňşyňa iki jaý berýâs, sen iki maşyn dileseň, goňşyň iki maşyny bolar.
- Hmm... - diýip öý eýesi birsellem böwrüni diňlâpdir. - Beýle bolsa onda siz meniň bir gözümi alaýyň!

8.Ýaş gelin jorasyna öwüt berýâr:
- Çagaňy ýokanç kesellerden goramak isleseň, onuň eşiklerini gaýnadyp durmaly, arlyjagynam, köýnejiginem şeýtmeli.
- Şeý diýsene!
- Hawa. Düýn görsem oguljygym diş ýarypdyr.
- Ogluň diş ýaranyny nâdip bildiň?
- Agyzjagazyna barmagmy salyp barlap gördüm.
- Barmagňy agzyna salmakaň, ony suwa salyp gaýnatdyňmy onsoň?

9. - Eý, sen nâme üçin eşikleriň bilen suwa düşüp ýörsüň?
- Şeýtmek bilen men olary ýuwýan!
- Nâme, kir ýuwýan maşynyň ýokmy?
- Bar welin, oňa girsem başym aýlanýar!

10. - Merjen, siz nâme üçin durmuşa çykaňzok?
- Düşünýâňizmi, meni aljak oglan meniň pullarym ýa-da bedenim bilen gyzyklanmasyn, diňe ruhum bilen gyzyklansyn!
- Size Ezraýyl gerekmi onda?
20
328
Tayler
12.09.2024 20:48
Wysal

Ýigit çykyp ogryn bakyp daşdan men,
Söýer diýip çaklapdymam başdan men,
Diýýärdim kalbymy bir gün aşsam men,
Şu gün-dä şo gün.

Çyn seň üçin Marsa-da uçjagym,
Aşyk bolup seslerine guşlaryň,
Üç boljagy bire biri goşmagyň,
Şu gün-dä şo gün.

Sallahlygy taşlap bile gaçaryn,
Tapdym men ýüregiň syrly açaryn,
Gutarmady seniň: "hany, haçanyň",
Şu gün-dä şo gün.

Diýipdiň "Geýerin fata köýnegem,
Bukjama syganok ýygnan öýmelem,
Haçan borus men gelin, sen öýlenen?".
Şu gün-dä şo gün.

Author: Kerimberdi Hakberdiýew
12
83
Tayler
09.09.2024 18:44
Süýnen ýyldyz

Ýa­dyň­da­my, kän ady­mam tut­maz­dyň,
Ýa: «Bag­tym» di­ýer­diň, ýa: «Bagt ýyl­dy­zym».
Ýyl­dyz süýn­di, ýak­dy ýe­riň bag­ry­ny,
Asu­da as­man­da çak­dy ýyl­dy­rym.

Şon­dan soň se­ti­re bag­ry­my oý­kap,
Gi­je­ler­ne goş­gy ýaz­dym kän ge­zek.
Ýa­kyp ýü­re­gi­miň bir bö­le­gi­ni,
Aýyl­ganç ýyl­gyr­dym ag­la­ma de­rek.

Ar­zu­wy, aý­dy­my ara­myz­da­ky
Unut­dym, ýu­wut­dym le­biz-yg­ra­rym.
Sen ha­kyn­da bo­lan ýat­la­ma­la­ry
Ýa­dym­dan çy­ka­ryp, alyp­dym arym.

In­di ma­ňa deň sen öz­ge­ler bi­len,
Hu­şum­dan uçup­dyr gör­me­giň-gör­küň.
Ýol­da sa­taş­sa­ňam di­ýäý­jek za­dym:
«Sen kim?».

Author: Ilmyrat BABAÝEW
14
69
Tayler
09.09.2024 08:48
RUGSAT

Besdir indi öz-özüňi gynama,
Galaýyn men senden umydym üzüp.
Çyk-da git, bes maňa batmasaň gama,
Çyg düşen gije deý gözleriň süzüp.

Göreçleňde görüp durkam aç-açan,
Nämä gerek nadyllygyň gizlemek.
Düşün, bagtsyz üçin giç däl hiç haçan
Bu durmuşdan öz bagtyňy gözlemek.

Giç däl,
Giç däl şindi, kükregin gerip,
Çoýunjak tapylar öçmedik oda.
Çykalga tapýarkaň galma süllerip,
Däl ahyr bu ykbal çykgynsyz ada.

Görmesem-de indi zülpüň ýaýanyň,
Ýaýar zülplerini çyrpynýan üzüm.
Nämä örteneýin, nämä ýanaýyn
Seň bagtly boljagňa ýetýärkä gözüm.

Öz şatlygyn gözlän tapar, dilberim,
Dogulýan ýok hasrat üçin, gam üçin.
Ýok, men seni gamda goýup bilmerin
Öz bagtly bolmagym, şatlygym üçin.

Duşuşygam, aýralygam bizden öň
Bolupdyr,
bolupdyr söýmek-söýülmek.
Şatlygyna şatlanmak bor özgeleň,
Bor özgeleň hasratyna gyýylmak.

Author: Atajan Annaberdiýew
14
44