Tayler
09.09.2024 18:44
Süýnen ýyldyz

Ýa­dyň­da­my, kän ady­mam tut­maz­dyň,
Ýa: «Bag­tym» di­ýer­diň, ýa: «Bagt ýyl­dy­zym».
Ýyl­dyz süýn­di, ýak­dy ýe­riň bag­ry­ny,
Asu­da as­man­da çak­dy ýyl­dy­rym.

Şon­dan soň se­ti­re bag­ry­my oý­kap,
Gi­je­ler­ne goş­gy ýaz­dym kän ge­zek.
Ýa­kyp ýü­re­gi­miň bir bö­le­gi­ni,
Aýyl­ganç ýyl­gyr­dym ag­la­ma de­rek.

Ar­zu­wy, aý­dy­my ara­myz­da­ky
Unut­dym, ýu­wut­dym le­biz-yg­ra­rym.
Sen ha­kyn­da bo­lan ýat­la­ma­la­ry
Ýa­dym­dan çy­ka­ryp, alyp­dym arym.

In­di ma­ňa deň sen öz­ge­ler bi­len,
Hu­şum­dan uçup­dyr gör­me­giň-gör­küň.
Ýol­da sa­taş­sa­ňam di­ýäý­jek za­dym:
«Sen kim?».

Author: Ilmyrat BABAÝEW
14
62
okyyjy
9 Sentýabr 2024
5ýyldyz 🌟🌟🌟🌟🌟
gulsim
9 Sentýabr 2024
E gaty gowy yazypsyn
gunesh_
9 Sentýabr 2024
Goşgyny söz düzümi däl-de ýürekden duýup hakyky şygyr görnüşinde ýazsalar höwes bilen okaýan. Kä biri diline gelen zady 4 bende öwürjek bolup samyrdap durýada (häzirkileň köpüsi şeýle). Ýöne içinde şular ýaly gowy ýazýanlaram bar.
gunesh_
9 Sentýabr 2024
@milanaaa, şeýle hondanbärsimi men? 😅
milanaaa
9 Sentýabr 2024
@gunesh_, senem gownun yetjegi bar ekenow)
gunesh_
9 Sentýabr 2024
Gaty gowy ýazýa şul oglanam 🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.