«Gelen çagyň bahar, giden çagyň gyş,
Ähli zat buz ýaly sowaýar, ynan!»
Sen sözlerňi gaýtalaýaň ynamly.
A men ol sözlere edemok ynam.
Geň galyp, ýüzüňe bakýan düşünmän.
Diýjek bolýan «Seniň bu sözleň ýalňyş».
Sen ne-hä diňleýäň, ne-de bir dymýaň,
«Gelen çagyň bahar, giden çagyň gyş».
Pikir edýän, «Nädip, beýle tebigat,
birje adam üçin üýtgäp bilýärkä?!
Onsoňam, men «gyş» diýip, «gar» diýip heläk.
Ol nämüçin men gidemsoň gelýär-kä?!»
Aýgül Garaýewa