Ýagyşly säher
Şybyr-şybyr ýagyş ýagdy bu säher,
Ýada salyp geçen bahar aýdanňy.
Duýdum damjalaryň tolgunşyn synlap,
Ýaňja seniň keşbiň görüp gaýdanny.
Meňzeş gördüm bu damjalaň her birin –
Seniň yşkyň salnan düwünçejige.
Çalymdaş olaryň şabyrdysy-da
Meniň şat-şadyýan göwün sesime.
Synlap durun kalby nuruna ýuwup,
Kümüş dürleň gökden täsin dökülşin.
Bu ömürde bolan-boljak zatlara
Ne-hä howsalam bar,
ne-de ökünjim.
Asyl, dünýe döräp, gussa-gam, arman
Hiç bolmadyk ýaly,
bolmajak ýaly...
Göwnüňe, göwün deý açylan güller
Müň aňzak gelse-de, solmajak ýaly.
Adamlar hiç haçan ölmejek ýaly...
Bar zat, bar zat... häzir şeýle eziz-le.
Sen bar, men bar
hem tans edýän ýagyşlar...
Ýüregi suwluja bu giň Zeminde...
Kakamyrat Rejebow