Tayler
24.11.2024 14:06
Seni ýatlap
Seni ýatlan çagym, göwnüm açylýar,
Göz öñümde seniñ eziz keşbiñ bar.
Sagalýan hassalañ güzerany hakda
Gürrüñlerem aýdym bolup eşdilýär.
Ýöne, indi ýatlamaga utanýan,
Göýä biri bakýan ýaly çermegme.
Sen-ä meni küýsäp ýörenem dälsiñ,
Mynasyp dälem men üns bermegñe.
Meñ yzymda elli gün öñ ýapyldy
Giñ hem ýagty keselhanañ işigi.
Yatan çöpem galdyramok bu ýerde,
Bejerýärler öýkenimiñ çişini.
Sen bir kesellerden gora özüñi,
Galan ömrüñ ýugrulmasyn perýada.
Näsag bolsañ, küreklemek kyn düşer
Gaýygyñy durmuş atly derýada.
Meniñ şu diýýänlem ýadyñda bolsun,
Gezen bolup ýörme, etmän pitiwa.
(Birnäçe kişileñ, hatly-petekli
adam ýaly seredilýän iti bar).
Ýeri, bolýar, mähribanym, gynanma,
Janymyz sag, düzüw niýet-pälimiz,
Bolmajak zat barmy ýagty jahanda
Şatlyga-da sataşarys häli biz!
@ Çary Yegenmyradow
7
45
Tayler
23.11.2024 11:01
Kör men seň göwnüňi görüp bilmedik,
Ker men başarmadyk ýüregňi diňläp.
Ynha, indem durun seniň alnyňda
Ähli eden hata-ýazygym jemläp.
«Sen kimiňki» diýsem,
«Seňki» diýerdiň,
Gör-ä, bu gün ahmyr meňki, ah meňki.
Döwülen ýerinde bekeýär ynsan,
Söýgi hem, goý, şeýle bolsun-da, belki.
Gürlemäge söz däl,
Dil tapamok men,
Düşündirip biljek sensiz ahwalym.
Bir gez beýgelmäge meýliň ýokmudyr,
Öýkäň ülkesine düşen Ykbalym?!
— Gurbansähet Gurbansähedow.
6
52
Tayler
19.11.2024 19:26
,,Çypbakaý çynym"
- Söýýäniň çynyňmy?
- Diýýäniň näme,
Ýeke gün görmesem aňkam aşýa-da,
Bilemok içýänim, iýýänim näme.
- Garaz iýip-içýän bolsaň bolýa-da,
-Iýýän.
Ýöne iýip-içýän zadymyň,
Nirä gidýäninem bilemok, Läle
Ine şeýleräjik başlanýar gürrüň,
Özem näçe sagat etse-de dowam,
Berilýän ýene-de şol öňki sowal,
Eşdilýän ýene-de şol öňki jogap:
- Söýýäniň çynyňmy?
-Çypbakaý çynym.
-Diýýäniň çynyňmy?
-Çypbakaý çynym.
Bu juda myssyjak sorag jogabyň
Ne-hä bir burçy bar, ne-de bir duzy.
Ýaňy gyz ýigide sorag berýärdi,
Indi sorag berýär ýigidiň özi:
- Wepaly bolarmyň?
- Bolaryn, a sen ?
Wepaly bolmaga ant içilýär soň.
Gürrüň gutarýanam bolsa antdan soň,
Ýene-de başlanýar biraz wagtdan soň
- Antyň çynyň gerek?
- Çypbakaý çynym.
Seniňkem çyn gerek ?
- Çypbakaý çynym.
Bu gün ant içmäge geçilýän bolsa,
Ertir antymyz hem tutmansoň derek,
Görýän weli bir-biregiň öňünde,
Borçnama baglanşyp başlasak gerek.
Belki-de, dil haty talap ediler,
Ýa bolmasa ullakan bir şertnama.
Şonda bir-birekden sowaşsalar-da,
Hiç birisi dözmez ony ýyrtmaga...
Kim bilýärmiş, bardy-geldi, birdenkä,
Dogry bolup çyksa bu edýän çenim,
Kagyz çykarýanlar täze borçnama
Almaly bolarlar,
Çypbakaý çynym
©Berdinazar Hudaýnazarow
8
91
Tayler
18.11.2024 19:47
SEN GOWY
Keseki däldigmi bildim aç-açan
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy.
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne, hemmesinden diňe sen gowy.
Sen halal süýt emen, naçar maşgala,
Öwýär seni mydam goňşy-golam-da.
Sen hakda üýtgeşik bir zat ýazaryn,
Menem ile belli şahyr bolamdal.
Gitdiň sen birmahal durmuşa çykyp,
Menem galdym, dönüp süpük tirýekä,
Bolýa, ýöne nesip edenem bolsaň,
Özüm ýaly ýarymgöwün bir yekä.
Uzak ýaşap, bagta ýetmek höwesi,
Maňa şu güne çenli berdi goltgy.
Soň üçin umytly ýaşadym ýördüm.
Ýogsam ölmäge-de sebäp bolupdy.
Aý, bolýa-da, geçen geçdi diýeli,
Goýdum seni hakydamyň töründe.
Sawçylyga iberjekdim ejemi,
...Goý, olam rahat ýatsyn göründe.
Keseki däldigmi bildim aç-açan,
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy,
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne, hemmesinden diňe sen gowy.
© Çary Ýegenmyradow
5
83
Tayler
10.11.2024 08:24
Depseň-deprenmezdim — arzuwa baýdym,
Duýguda aýralyk “batyrdy” meni.
Aýa meňzeş däldi, bitin bir Aýdy,
Şuglasyzlygy ir ýatyrdy meni.
Jahana sygmazdym, sygyp bir göwne,
Ýekeje ýylgyrşam des-deňdi ömre.
Pak şänige dönüp öňki dok göwräm,
Hazan jähenneme göterdi meni.
Ýyllar ýyla sapyp, gädäýjek ýaly
bolsa-da, bu söýgi güýjeýär häli...
Diňe bir zat belli, ýeke zat mälim:
Bagta barýan ýoda ýitirdi meni.
Küýsege ýeňilgi durkum-düýrmegim.
“Lebi meňli, göwni menli Süýtmeňiz
maňa hökman garaşýandyr...” öýtmegim
Şu şygry ýazmaga iterdi meni.
09.11.2024ý.
©Sapa HOMMADOW
8
47