SEN GOWY
Keseki däldigmi bildim aç-açan
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy.
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne, hemmesinden diňe sen gowy.
Sen halal süýt emen, naçar maşgala,
Öwýär seni mydam goňşy-golam-da.
Sen hakda üýtgeşik bir zat ýazaryn,
Menem ile belli şahyr bolamdal.
Gitdiň sen birmahal durmuşa çykyp,
Menem galdym, dönüp süpük tirýekä,
Bolýa, ýöne nesip edenem bolsaň,
Özüm ýaly ýarymgöwün bir yekä.
Uzak ýaşap, bagta ýetmek höwesi,
Maňa şu güne çenli berdi goltgy.
Soň üçin umytly ýaşadym ýördüm.
Ýogsam ölmäge-de sebäp bolupdy.
Aý, bolýa-da, geçen geçdi diýeli,
Goýdum seni hakydamyň töründe.
Sawçylyga iberjekdim ejemi,
...Goý, olam rahat ýatsyn göründe.
Keseki däldigmi bildim aç-açan,
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy,
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne, hemmesinden diňe sen gowy.
© Çary Ýegenmyradow