,,Çypbakaý çynym"
- Söýýäniň çynyňmy?
- Diýýäniň näme,
Ýeke gün görmesem aňkam aşýa-da,
Bilemok içýänim, iýýänim näme.
- Garaz iýip-içýän bolsaň bolýa-da,
-Iýýän.
Ýöne iýip-içýän zadymyň,
Nirä gidýäninem bilemok, Läle
Ine şeýleräjik başlanýar gürrüň,
Özem näçe sagat etse-de dowam,
Berilýän ýene-de şol öňki sowal,
Eşdilýän ýene-de şol öňki jogap:
- Söýýäniň çynyňmy?
-Çypbakaý çynym.
-Diýýäniň çynyňmy?
-Çypbakaý çynym.
Bu juda myssyjak sorag jogabyň
Ne-hä bir burçy bar, ne-de bir duzy.
Ýaňy gyz ýigide sorag berýärdi,
Indi sorag berýär ýigidiň özi:
- Wepaly bolarmyň?
- Bolaryn, a sen ?
Wepaly bolmaga ant içilýär soň.
Gürrüň gutarýanam bolsa antdan soň,
Ýene-de başlanýar biraz wagtdan soň
- Antyň çynyň gerek?
- Çypbakaý çynym.
Seniňkem çyn gerek ?
- Çypbakaý çynym.
Bu gün ant içmäge geçilýän bolsa,
Ertir antymyz hem tutmansoň derek,
Görýän weli bir-biregiň öňünde,
Borçnama baglanşyp başlasak gerek.
Belki-de, dil haty talap ediler,
Ýa bolmasa ullakan bir şertnama.
Şonda bir-birekden sowaşsalar-da,
Hiç birisi dözmez ony ýyrtmaga...
Kim bilýärmiş, bardy-geldi, birdenkä,
Dogry bolup çyksa bu edýän çenim,
Kagyz çykarýanlar täze borçnama
Almaly bolarlar,
Çypbakaý çynym
©Berdinazar Hudaýnazarow