Soltanly
04.09.2020 10:33
Salam dost doganlar
0
39
Soltanly
03.02.2020 11:21
Uzakda bir aýal garaşýar maña

Uzakda bir aýal garaşýar maña,
Ýatlamasa asla oñup bilenok.
Göresi gelende aglap bir pursat,
Maña bagt dileýär, „özüm” diýenok.

Ol gaty ynanjañ, güýz ýaly sada,
Utananok saçlarynyñ agyndan.
Utanýar özüni günäli duýup,
Meñ wysal bolmadyk arzuwlarymdan.

Bar zatdan habarly, göýä, men onuñ
Aýnada gören deý aýan elinde.
Iýende, geýende aýyryp paýym,
Akla ýuwundyrýar ýeri gelende.

Uzakda bir aýal garaşýar maña,
Sabra ejizligin bildirmän hijem.
Ýyllaryñ gözünde garalyp barýan -
Ol meniñ EJEM!

Enwer Nyzamow
11
577
Soltanly
01.02.2020 14:02
Arzuw
Säher çisňäp başlanynda,
Arzuwlara köz düşýändir.
Aralykda boş ýer goýmaň,
Boş ýer galsa çöp üýşýändir.

Süýjä batan eli bilen,
Kirletse-de diwaryňyz.
Gaharlanmaň çagaňyza,
Ogşaň ony, gujaklaň siz!

Ýüzüňizde gülsün Watan,
Ýüregiňizde giňesin ol.
Ýaşatmaklyk üçin ýaşaň,
Yns däl, Ynsap sylasyn, goý!

Enwer Nyzamow
5
300
Soltanly
15.01.2020 14:14
GOŞGY OKAP BEREÝIN…

Goý, kim bizi görse, görüpler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.
Gapdaldan gan gusup, göripler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýaz bolup gidersiň Güýz bolup gelseň,
Goşga goşgy berjek gyz bolup gel sen.
Her kime ýetdirýän bagt däldir bilseň,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Gözlerimde paýhas, sözde öwüt bar,
Depämde uly borç, elde döwet bar,
Aýdylmadyk sözler bagta böwet bor.
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýören däl pes pyglyň yzynda ýüwrüp,
Men bir pespäl oglan, haýykma, höwrük,
Agladan söýgimi aýdyma öwrüp,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Bagrym daglar galan günler uzakda,
Ýürek aglar alaç tapman duzakda,
Sada oglan… hem şol gedem gyz hakda,
Gel, men saňa goşgy okap bereýin.

Goşgymda ýüregim etegňe gaçar,
Günler durna dönüp, arany açar.
Kim bilýär soň ykbal duşurar haçan,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin…


Torum Ýaýlan Bataşy
6
372
Soltanly
14.01.2020 10:49
Ýüz tylla serpaý aldy, 30 günlik zyndana taşlandy.
(Oýlandyrýan, çylşyrymly sorag 2:)

Daň atyp, atmanka gijeki sakjylaryň biri hanyň ýanyna alňasap gelip:
— Han aga, düýş gördüm. Düýşümde gün guşlyga galanda galaň günbatar derwezesi tarapdan üstümize ýagy dökülýärmiş — diýdi.
Han müň başydyr ýüz başylaryny çagyryp dessine ähli goşyny günbatar derweza ýygnap urşa taýýar durmagy tabşyrdy. Gün guşlyga galanda sakjyň aýdyşy ýaly günbatar derwezeden gala ýagy çozdy, galadakylar urşa taýýarlykly durandygy üçin duşmany derbi-dagyn etdi.
Urşdan soň han ýaňky sakjyny çagyryp gala duşmanyň çozjagyny habar berendigi üçin ýüz tylla teňňe serpaý berdi hemem ……… otuz günlik zyndanbent etdi.
Sorag:
— Han nämüçin sakjyny (garawul) zyndanbent etdi?????.


¹— Zyndanbet etmek— zyndana taşlamak (tussag etmek).
3
438
Soltanly
13.01.2020 17:36
Oýlandyrýan, çylşyrymly sorag:

Gadymy teňňeleri ýygnamagy halaýan bir adam gadymy harytlar satylýan dukana bardy, dukanyň içinde harytlary synlap ýören mahaly biziň eramizdan öňki döwüre degişli teňňä gözi düşdi. Şatlanyp teňňäni eline alyp synlap duran wagty teňňedäki bir ýazgyny görüp ol teňňäň ýasamadygyny (galpdygyny) bildi.

Sorag: Teňňede nähili ýazgy ýazylandy???

Haýsy agzaň jogaby dogrydygy sagat 23-de ýazylar.
4
747
Soltanly
12.01.2020 16:35
Sorag:
Belki, men seni taparyn—
Tapmajagma göz ýetirip…
Şu goşgy böleginiň ýazary kim???
A: Seýitmyrat Geldiýew.
B: Gurbandurdy Orazow.
Ç: Aşyr Hanow.
5
722
Soltanly
11.01.2020 15:10
Sorag:
— 30 sanyndan 6 sanyny näçe gezek aýryp bolýar???
4
522
Soltanly
09.01.2020 10:10
Dag aşyp dostum geldi halym sormaga,
Öý aşyp doganym gele bilmedi.
10
294
Soltanly
08.01.2020 16:44
Sorag:
Bir maşyn sagadyna 72 km tizlikde gelýär, sürüji tormoz pedalyny basman sag tarapa öwürülýär. Sorag maşyn 72 km tizlikde gelýän wagty tormoz pedalyny basman sag tarapa öwürlse maşynyň haýsy tekeri aýlanmaýar????.
ÜNS BERIŇ
Ulagyň tizligi 72 km tizlikden azam däl, köpem däl göni 72 km.
2
625