Soltanly
03.02.2020 11:21
Uzakda bir aýal garaşýar maña

Uzakda bir aýal garaşýar maña,
Ýatlamasa asla oñup bilenok.
Göresi gelende aglap bir pursat,
Maña bagt dileýär, „özüm” diýenok.

Ol gaty ynanjañ, güýz ýaly sada,
Utananok saçlarynyñ agyndan.
Utanýar özüni günäli duýup,
Meñ wysal bolmadyk arzuwlarymdan.

Bar zatdan habarly, göýä, men onuñ
Aýnada gören deý aýan elinde.
Iýende, geýende aýyryp paýym,
Akla ýuwundyrýar ýeri gelende.

Uzakda bir aýal garaşýar maña,
Sabra ejizligin bildirmän hijem.
Ýyllaryñ gözünde garalyp barýan -
Ol meniñ EJEM!

Enwer Nyzamow
11
577
Myhman Myhman
3 Fewral 2020
bet go§gy
Myhman Myhman
3 Fewral 2020
?????
Myhman Myhman
3 Fewral 2020
gowmysyňyz?
Myhman Myhman
3 Fewral 2020
??????
Senem
3 Fewral 2020
?❤️❤️❤️?
☆NUR☆
3 Fewral 2020
Enelermiz bzn jennedimiz???
Guwanç..
3 Fewral 2020
??bize ömrüni bagş eden ejeleerr sag bolsun Allah'ım
Tatli bela
3 Fewral 2020
Ejelerimizin yasy uzyn bolsun insalla❤❤????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.