Soltanly
14.01.2020 10:49
Ýüz tylla serpaý aldy, 30 günlik zyndana taşlandy.
(Oýlandyrýan, çylşyrymly sorag 2:)

Daň atyp, atmanka gijeki sakjylaryň biri hanyň ýanyna alňasap gelip:
— Han aga, düýş gördüm. Düýşümde gün guşlyga galanda galaň günbatar derwezesi tarapdan üstümize ýagy dökülýärmiş — diýdi.
Han müň başydyr ýüz başylaryny çagyryp dessine ähli goşyny günbatar derweza ýygnap urşa taýýar durmagy tabşyrdy. Gün guşlyga galanda sakjyň aýdyşy ýaly günbatar derwezeden gala ýagy çozdy, galadakylar urşa taýýarlykly durandygy üçin duşmany derbi-dagyn etdi.
Urşdan soň han ýaňky sakjyny çagyryp gala duşmanyň çozjagyny habar berendigi üçin ýüz tylla teňňe serpaý berdi hemem ……… otuz günlik zyndanbent etdi.
Sorag:
— Han nämüçin sakjyny (garawul) zyndanbent etdi?????.


¹— Zyndanbet etmek— zyndana taşlamak (tussag etmek).
3
438
Soltanly
15 Yanwar 2020
Mary jogabyňyz dogry:)
liliya
14 Yanwar 2020
men pikirimem sheyle goshulyan?
MukamB
14 Yanwar 2020
Duys gormez yaly bolaymasyn....??
ufc
14 Yanwar 2020
maryn jogaby dogrymyka diyan
ALFIYA
14 Yanwar 2020
Mara gosulyan menem
Mary
14 Yanwar 2020
sebäbi ol sakçy .Sakça bolsa ýatmak bolmaýar .Ol bolsa ýatypdyr hem düýşünde gören zadyny aýdyp beripdir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.