Soltanly
15.01.2020 14:14
GOŞGY OKAP BEREÝIN…

Goý, kim bizi görse, görüpler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.
Gapdaldan gan gusup, göripler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýaz bolup gidersiň Güýz bolup gelseň,
Goşga goşgy berjek gyz bolup gel sen.
Her kime ýetdirýän bagt däldir bilseň,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Gözlerimde paýhas, sözde öwüt bar,
Depämde uly borç, elde döwet bar,
Aýdylmadyk sözler bagta böwet bor.
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýören däl pes pyglyň yzynda ýüwrüp,
Men bir pespäl oglan, haýykma, höwrük,
Agladan söýgimi aýdyma öwrüp,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Bagrym daglar galan günler uzakda,
Ýürek aglar alaç tapman duzakda,
Sada oglan… hem şol gedem gyz hakda,
Gel, men saňa goşgy okap bereýin.

Goşgymda ýüregim etegňe gaçar,
Günler durna dönüp, arany açar.
Kim bilýär soň ykbal duşurar haçan,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin…


Torum Ýaýlan Bataşy
6
372
gulshatayewa97
15 Yanwar 2020
Biri şu goşgyny okap berse nähili gowy bolardy????
Soltanly
15 Yanwar 2020
Administrasýa haýyş: Meň profilimem akawunt edip bermegiňizi haýyş edýän!
Myhman Myhman
15 Yanwar 2020
bet
ALFIYA
15 Yanwar 2020
+1❤????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.